MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa bil baglamagyň üç usuly
Dawut Ýehowa bil baglandygy üçin Jalut pälwany ýeňdi (1Şm 17:45). Şu günlerem Ýehowa wepaly dogan-uýalara kynçylyklara döz gelmäge güýç-kuwwat berýär (2Tr 16:9). Biz öz güýjümize ýa-da ukyp-başarnygymyza däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Geliň, munuň üç usuly hakda bileliň.
-
Hemişe doga-dileg ediň. Günä edenden soň ötünç soramagyň deregine, günä etmez ýaly öňünden Ýehowadan kömek soraň (Mat 6:12, 13). Karara gelenden soň Ýehowadan ak pata soramagyň deregine, karara gelmezden öň akyldarlyk diläň (Ýak 1:5).
-
Mukaddes Kitaby her gün okaň we oýlanyň. Mukaddes Kitaby her gün okamagy endik ediniň (Zb 1:2). Okan wakalaryňyz hakda oýlanyň we durmuşyňyzda ulanyň (Ýak 1:23—25). Öz ukyp-başarnygyňyza daýanman, wagyz etmäge taýýarlyk görüň. Ýygnak duşuşyklary has peýdaly bolar ýaly öňünden taýýarlanyň.
-
Ýehowanyň guramasyna tabyn boluň. Berilýän görkezmeler bilen tanyş boluň we doly eýeriň (4Ms 9:17). Ýygnak ýaşulularynyň maslahatyna we görkezmesine gulak asyň (Ýew 13:17).
«YZARLAMALARDAN GORKMAŇ!» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
• Dogan-uýalar nämeden gorkdular?
• Olara Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi?