WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Okuw geçýänleriňize Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň
Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýüp gulluk etsek, ol begener (Mat 22:37, 38). Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam Hudaýy bütin ýüregi bilen söýse, durmuşyny üýtgeder we synaglarda berk durar (1Ýh 5:3). Şeýle-de özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdüriler.
Okuw geçýäniňize Ýehowanyň söýýändigini düşündiriň. Meselem, sapak geçeniňizde şeýle soraglary beriň: «Ýehowanyň haýsy häsiýetini bildiň? Hudaýyň seni söýýändigine göz ýetirdiňmi?» Ýehowanyň okuw geçýäniňize kömek edýändigini aýdyň (2Tr 16:9). Doga edeniňizden soň Ýehowanyň size nädip kömek edendigini gürrüň beriň. Ýehowanyň okuw geçýän adamyň hem doga-dileglerini diňleýändigini we jogap berýändigini aýdyň. Okuw geçýäniňiziň Hudaýy ýürekden söýýändigini we onuň bilen dostlaşmak üçin aýgytly ädimleri ädýändigini göreniňizde, begenjiňizden ýaňa guş bolup uçaýjak bolarsyňyz.
«MUKADDES KITAPDAN OKUW GEÇÝÄNLERIŇIZE KÖMEK EDIŇ. ÝEHOWA BILEN DOSTLAŞMAK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Jasmin nähili kyn ýagdaýa düşýär?
-
Nita Jasmine nädip kömek edýär?
-
Jasmin kynçylyga nädip döz gelýär?