Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ

Gözleg geçirmäge niýetlenen esbaplar

Gözleg geçirmäge niýetlenen esbaplar

Mukaddes Kitapdan ökdelik bilen öwreder ýaly, Ýehowa guramasy arkaly wideolary, kitapçalary, žurnallary, broşýuralary we kitaplary berdi (2Tm 3:16). Biz «Garawul diňi kitaphanasyndan», JW Library® programmasyndan, «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNDAN» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlar boýunça gollanmasyndan» hem gözleg geçirip, aýatlary düşündirip bilýäris.

Ýehowanyň berýän esbaplaryndan peýdalanyp ruhy dürdäneleri agtarsaňyz, köp şatlyk taparsyňyz. Okuw geçýäniňize-de gözleg geçirmegi öwrediň. Şonda ol hem soraglaryna Mukaddes Kitapdan jogap tapyp begener.

«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE ÝEHOWANYŇ KÖMEGINI KABUL EDIŇ. GÖZLEG GEÇIRMÄGE NIÝETLENEN ESBAPLAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Jasmin ýaradylyş barada nähili pikir edýärdi?

  • Nita gerekli maglumaty nireden tapýar?

  • Tapan dürdänelerimizi paýlaşyp şatlanarys

    Nita edebiýatlardan Jasmine gerekli maglumaty nädip saýlady?

  • Esbaplar arkaly gözleg geçirmegi Nita nähili peýda berdi?