MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz edeniňizde «Ebedi ýaşaň!» broşýurany ulanyň
Mukaddes Kitap okuwyny geçmek üçin täze broşýuranyň we kitabyň çykandygyna örän begenýäris! Köp şägirt taýýarlamaga kömek eder ýaly, biz Ýehowa doga edýäris (Mat 28:18—20; 1Kr 3:6—9). Täze okuw esbaplaryny nädip ulanmaly?
«Ebedi ýaşaň!» okuw esbaby arkaly Mukaddes Kitapdan söhbetdeşlik etmek üçin aşakdaky maslahatlara eýeriň *:
-
Sapagy okap, soraglaryny beriň
-
«Okaň» diýip getirilen aýatlary okap, gyzyklanýan adama aýada nädip eýermelidigini düşündiriň
-
Wideolary görüp, soraglar arkaly söhbetdeşlik ediň
-
Her gezek bir sapagy doly geçjek boluň
Wagyzda gyzyklanan adama broşýurany teklip ediň (« Ilkinji gürrüňdeşlikde „Ebedi ýaşaň!“ broşýurany nädip teklip etmeli?» diýen çarçuwa serediň). Broşýurany gutaranyňyzdan soň, gyzyklanan adam islese, kitabyň 4-nji sapagyndan dowam edip bilersiňiz. Eger biri bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» ýa-da «Hudaýyň söýgüsi» kitabyndan okuw geçýän bolsaňyz, «Ebedi ýaşaň!» kitapdan dowam ediň. Okuwy täze kitabyň haýsy sapagyndan dowam etmelidigini özüňiz saýlaň.
«SIZ MUKADDES KITAP OKUWYNA BAŞLADYŇYZ!» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Okuw geçýän täze kitapdan nämeleri öwrener?
-
Okuw geçip başlan adama wideony görkezmegiň nähili peýdasy bar?
-
Täze kitapdan okuw geçeniňizde adamy nähili maksatlary goýmaga höweslendirmeli? (« Her bölümiň maksady» diýen çarçuwa serediň).
^ par. 4 BELLIK: «Köpräk biliň» diýen ýerini okuw geçýän bilen goşmaça öwrenip bilersiňiz, ýöne öňünden taýýarlanyň. Şonda okuw geçýäne haýsy makalanyň ýa-da wideonyň has peýdaly boljakdygyny bilersiňiz. Elektron görnüşinde salgylar kitabyň özünde açylýar.
HER BÖLÜMIŇ MAKSADY |
|||
---|---|---|---|
SAPAKLAR |
TEMA |
OKUWÇYNY HÖWESLENDIRIŇ |
|
1—12 |
Mukaddes Kitabyň durmuşda kömek edýändigini we ony kimiň ýazdyrandygyny öwreniň |
Mukaddes Kitaby okamaga, sapaga öňünden taýynlanmaga we ýygnak duşuşyklaryna barmaga |
|
13—33 |
Hudaýyň adamlar üçin näme edendigini we oňa nädip sežde etmelidigini biliň |
Bilen zatlaryny adamlara gürrüň bermäge we wagyzçy bolmaga |
|
34—47 |
Allanyň kada-kanunlaryny öwreniň |
Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmäge |
|
48—60 |
Hudaýa söýgiňizi ösdüriň |
Bilimini artdyryp, ruhy taýdan ösmäge |