Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa göwnüçökgünleri halas edýär

Ýehowa göwnüçökgünleri halas edýär

Käwagt her birimiz özümizi göwnüçökgün duýýarys. Emma şeýle duýgular ruhy taýdan gowşandygymyzy aňlatmaýar. Hatda Mukaddes Kitapda Ýehowanyň hem gynanýandygy aýdylýar (1Ms 6:5, 6). Ýöne biz ýygy-ýygydan ýa-da uzak wagtlap göwnüçökgünlige düşýän bolsak näme etmeli?

Ýehowadan kömek soraň. Ýehowa biziň sagdyn pikirlenip, duýgularymyza erk etmegimizi isleýär. Ol biziň haçan begenip, haçan gynanýandygymyzy bilýär. Käte näme üçin göwnüçökgün bolýandygymyza özümiz düşünmesegem, Ýehowa ýagdaýymyza düşünýär (Zb 7:9b). Ol bizi ýürekden söýýär we erbet duýgularymyzy ýeňip, şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär (Zb 34:18).

Pikiriňizi goraň. Göwnüçökgünlik Ýehowa bilen dostlugymyza we edýän gullugymyza täsir edip biler. Şonuň üçin biz ruhdan düşürýän zatlaryň pikirini etmeli däl. Şeýdip ýüregimizi gorap bileris (Nak 4:23).

«GÖWNÜÇÖKGÜNLIK DOGAN-UÝALARYŇ PARAHATLYGYNY BOZUP BILMEÝÄR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Nikki uýamyz göwnüçökgünligini ýeňmek üçin nämeleri etdi?

  • Nikki näme üçin lukmana ýüz tutdy? (Mat 9:12)

  • Nikki Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?