MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowanyň halky üçin zähmet çekýän çopanlar
Köpler wezipeli adamlary halamaýarlar. Sebäbi wezipeli adamlar ygtyýaryny köplenç öz bähbidi üçin ulanýarlar (Mik 7:3). Ýehowanyň guramasynda hem jogapkär doganlar bar. Ýöne olar ygtyýaryny ýygnagy berkitmek üçin ulanýarlar. Biz muňa örän begenýäris! (Est 10:3; Mat 20:25, 26).
Ýaşulularyň şu dünýädäki wezipeli adamlardan ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Olar öz peýdasy üçin däl-de, Ýehowany we halkyny söýýändikleri üçin jogapkärçilik alýarlar (Ýah 21:16; 1Pe 5:1—3). Patyşamyz Isanyň ýolbaşçylygynda, olar her bir dogan-uýa Hudaýyň halkynyň arasynda özüni edil maşgalasynda ýaly duýmaga kömek edýärler. Ýaşulular Ýehowanyň guzujyklaryny ruhy taýdan goldap, imanyny berkidýärler. Olar lukmançylyk kömegi gerek bolanda ýa-da tebigy betbagtçylyk bolanda ýanymyzda bolmaga taýyn. Şonuň üçin çekinmän olara ýüz tutup bilersiňiz (Ýak 5:14).
«ÝAŞULULAR ÝEHOWANYŇ SÜRÜSINE ÇOPANÇYLYK EDÝÄR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Ýaşulular Mariýanna uýa nädip kömek etdiler?
-
Ýaşulular Ali dogana nädip kömek etdiler?
-
Şu wideo size ýaşululara has-da minnetdar bolmaga nädip kömek etdi?