Mekdepdäki kynçylyklara nädip döz gelmeli?
18-NJI BAP
Mekdepdäki kynçylyklara nädip döz gelmeli?
«Käte mekdepdäki kynçylyklardan ýaňa möňňürip aglaberesim gelýär». Şeron
«Ýokary klaslara geçeniň bilen, kynçylyklar aýrylmaýar, olaryň ýöne bir görnüşi üýtgeýär». Jeýms
SEN mekdepde nähili kynçylyklara duş gelýändigime enem-atam hiç düşünmeýär diýip zeýrenýärmiň? Belki-de, olar seniň maşgalany ekläp-saklamak we işde başlygyň göwnüni tapmak ýaly gaýgy-aladaň ýokdugyny aýdýandyr. Emma sen öz ýanyňdan: «Meniňem mekdepde duş gelýän kynçylyklarym olaryňkydan köp bolmasa, az däl» diýýänsiň.
Mekdebe gidip-gelmegiň özem saňa kynçylyk döredýän bolmagy mümkin. ABŞ-da ýaşaýan Tara atly gyz şeýle diýýär: «Okuwçylar köplenç awtobusda urşup başlaýarlar. Şonda sürüji ulagy saklap, biziň hemmämizi düşürýär. Şeýdibem, biz okuwa ýarym sagat ýa ondanam köpräk wagt gijä galyp barmaly bolýarys».
Mekdebe baranyňdan soňam kynçylyklar gutarýan däldir. Belki, sen aşakda agzalýan zatlara döz gelmeli bolýansyň.
● Mugallymlaryň täsiri
«Mugallymlarym meniň gowy bahalar bilen okap, hemmelerden öňe saýlanmagymy isleýärler. Şonuň üçin menem olaryň tamasyny ödemeli bolýaryn» (Sandra).
«Mugallymlar, esasanam, zehinli okuwçylardan köp zady talap edýärler» (Eýpril).
«Durmuşda gowy maksatlaryň bolsa-da, ýokary okuwa girmäge ymtylmasaň, mugallymlaryň käbiri saňa özüni oňarmaýan adam ýaly seredýär» a (Naomi).
Mugallymlaryň aýdýan sözleri saňa nähili täsir edýär?
․․․․․
● Deň-duşlaryň täsiri
«Ýokary klasda okaýan okuwçylara köpräk erkinlik berlensoň, olar edesi gelen zadyny edýärler. Senem özüňi şolar ýaly alyp barmasaň, olaryň seniň bilen gatnaşasam gelmeýär» (Kewin).
«Men spirtli içgileri içmek we ahlaksyzlyk etmek ýaly
synaglara günde garşy durmaly bolýaryn. Käte şeýle islegleri ýeňmek gaty kyn bolýar» (Eron).«Häzir men 12 ýaşymda. Men hiç kim bilen duşuşmaýandygym üçin, mekdepde maňa: „Senem özüňe birini tapynsaň bolmaýarmy?!“ diýip, köp azar berýärler» (Aleksandra).
«Meni bir oglan bilen tanyşdyrjak boldular. Men muny islemeýändigimi aýdanymda, klasdaşlarym maňa „lesbiýanka“ b diýdiler. Şonda men bary-ýogy 10 ýaşymdadym» (Krista).
Deň-duşlaryň aýdýan sözleri saňa nähili täsir edýär?
․․․․․
● Başga kynçylyklar. Aşakdaky zatlaryň haýsysy saňa kynçylyk döredýän bolsa, gapdalynda ✔ belligi goý ýa-da başga duş gelýän kynçylyklaryňy ýaz.
□ Ekzamen
□ Öý iş
□ Eneň-ataň gowy okamagyňy talap edýär
□ Özüňden köp zada garaşýarsyň
□ Haýbat atyp gorkuzýarlar
□ Saňa ahlaksyzlyk etdirjek bolýarlar ýa-da gelşiksiz sözleri aýdýarlar
□ Başga zatlar ․․․․․
Kynçylyga döz gelmegiň dört usuly
Dogrudan-da, mekdep döwri kynçylyksyz geçmeýär. Käte sen olardan halys ýadaýan bolmagyň mümkin. Akyldar Süleýman patyşanyň aýtmagyna görä, paýhasly adam hem kynçylyklardan ýaňa halys bolup, akylsyz hereket edip bilýär (Wagyz kitaby 7:7). Ýöne sen munuň beýle bolmagyna ýol berme. Gaýtam, kynçylyklara nädip döz gelip bolýandygyny öwrenjek bol.
Kynçylyga döz gelmegi agyr daşlary götermek bilen deňeşdirse bolar. Agyr daşlary göterýän türgen öňünden gowy taýýarlanýar. Ol güýji ýetmejek daşlary götermeýär we deňagramlylygyny saklamaga jan edýär. Şonda ol hiç ýerine şikes ýetirmän, güýç toplaýar. Emma ol bu zatlary etmese, bir ýerini agyrtmagy, hatda döwmegi-de mümkin.
Şonuň ýaly senem özüňe kän agram salman, duş gelýän kynçylyklaryňdan baş alyp çykmagy öwrenip bilersiň. Munuň üçin aşakdaky usullary ulanjak bol.
1. Kynçylygyň sebäbini anykla. Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Ýöne sen kynçylygyň näme sebäpli döreýändigini anyklamasaň, ondan gaça durup bilmersiň. Ýokarda bellik eden zatlaryňa göz aýla. Olaryň haýsysy seni has biynjalyk edýär?
2. Gözleg geçir. Eger mekdepde berilýän öý işleriňe ýetişip bilmeýän bolsaň, şu kitabyň II tomunyň 13-nji babyndaky peýdaly maslahatlary okap bilersiň. Klasdaşlaryň saňa ahlaksyzlyk etdirjek bolýan bolsa, şol kitabyň 2, 5 we 15-nji baplarynda gerekli maslahatlary tapyp bilersiň.
3. El gowşuryp oturma. Kynçylyklara üns bermeseň, olar öz-özünden aýrylar öýtme. Olar beterleşip, saňa hasam agram salmagy mümkin. Belli bir kynçylygy nädip çözmelidigiňe düşünen bolsaň, muny etmegi soňa goýma. Meselem, sen
Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Mukaddes Ýazgylardaky ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaga jan edýändigiňi näçe çalt aýtsaň, şonça-da gowy bolar. Sebäbi bu käbir kynçylyklaryň öňüni alyp biler. 20 ýaşly Mariýeta şeýle diýýär: «Men her ýyl mekdep döwri başlanda Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça ýaşaýandygymy başgalara gürrüň bermäge çalyşýaryn. Ýehowanyň Şaýadydygymy aýtmagy näçe uzaklaşdyrsam, şonça-da köp kynçylyk döreýär. Ýöne ynanýan zatlarymy düşündirip, Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşanymda, maňa gaty gowy kömek edýär».4. Başgalardan kömek sora. Agyr daşlary göterýän türgen nähili güýçli bolsa-da, onuň mümkinçilikleri çäkli bolýar. Şonuň üçin senem bar ýüküňi özüň göterjek bolma (Galatýalylar 6:2). Kynçylyklaryňy çözmek üçin eneň-ataň ýa-da ruhy taýdan ýetişen mesihçileriň biri bilen gürleşseň gowy bolmazmy? Olara şu bapda bellik eden we ýazan zatlaryňy görkezip, maslahat sorap bilersiň.
Kynçylyklaryň gowy tarapy
Kynçylyklara duş gelmegiň gowy tarapy hem bar. Sen: «Bu nähili beýle bolýar?» diýip, geň galmagyň mümkin. Ýöne oýlanyp gör, sen kynçylyklaryňa garşy göreşmek üçin köp tagalla etmeli bolýarsyň. Bu bolsa seniň kynçylyklara sowuk-sala garamaýandygyňy we el gowşuryp oturmaýandygyňy görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda kynçylyklara garşy göreşmeýän adam barada şeýle diýilýär: «Eý ýalta, sen haçana çenli ýatjak? Ukyňdan haçan turjak? Biraz uky, biraz irkilme, dynç almak üçin biraz gol gowşurma. Sebäbi, garyplyk galtaman ýaly, mätäçlik ýaragly adam ýaly üstüňe geler» (Süleýmanyň tymsallary 6:9—11).
16 ýaşly Heýdi kynçylyklara döz gelmegiň peýdasy barada şeýle diýýär: «Kynçylyklar sebäpli mekdep erbet ýer ýaly görünse-de, uly adam bolup, işe gireniňde-de şeýle kynçylyklara döz gelmeli bolarsyň». Elbetde, mekdepdäki kynçylyklara döz gelmek aňsat däl. Emma olara garşy göreşmek üçin paýhasly hereket etseň, bu saňa çydamly adam bolup ýetişmäge kömek eder.
Mekdebi taşlanyň bilen kynçylyklaryň çözüler öýdýärmiň?
[Çykgytlar]
a Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 20-nji babyna seredip bilersiň.
b Gyzlar bilen halaşýan ýa-da jynsy gatnaşyk edýän gyz.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Ähli ýüküňizi onuň (Hudaýyň) üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir». 1 Petrus 5:7
MASLAHAT
Seni biynjalyk edýän kynçylyklary iki topara bölüp, çözüp bilýänleriňi we çözüp bilmeýänleriňi ýaz. Ilki, çözüp bilýän kynçylyklaryňa garşy göreşjek bol. Şonda galan kynçylyklaryňy nädip çözüp biljekdigiň barada oýlanmak aňsat bolar.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Gije azyndan 8 sagat ýatyp, gowy ukyňy alsaň, ýadawlygyňy aýyrýar we ýatkeşligiňi gowulandyrýar.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Ýadawlygym aýrylyp, kynçylygymy çözmek aňsat bolar ýaly, men agşam sagat ․․․․․ýatmakçy
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Özüňden köp zada garaşsaň, kynçylygyň nädip köpelmegi mümkin?
● Kynçylyklardan asla baş alyp çykyp bilmeseň, kim bilen maslahatlaşyp bilersiň?
[132-nji sahypadaky sitata]
«Kakam meni her gün mekdebe alyp gidende, hoşlaşmazdan öň, meniň bilen doga edýärdi. Bu maňa özümi ynamly duýmaga kömek edýärdi» Liz
[131-nji sahypadaky surat]
Agyr daşlary götereniňde deňagramlylygy saklasaň, güýç toplaýşyň ýaly, kynçylyklara garşy göreşeniňde-de paýhasly hereket etseň, çydamly adam bolup ýetişersiň