Neşäni nädip taşlap bolar?
35-NJI BAP
Neşäni nädip taşlap bolar?
SEN neşäni taşlap bilmän kösenýärmiň? Sen onuň jan saglygyňa uly zyýan ýetirýändigini bilýänsiň. Bu endigiňi ençeme gezek taşlajak bolansyň, ýöne başa baran däldir. Emma sen ruhdan düşme. Köp adamlar neşäni goýup bildiler, muny senem başararsyň. Gel, neşekeşligi taşlan 3 adamyň mysalyna seredip, olaryň bu endigini nädip goýandygyny bileli.
ADY Marta
GEÇMIŞI Men doglanymda ejem heniz durmuşa çykmandy. Şonuň üçin gyz jigim ikimiz atasyz ulaldyk. Men 12 ýaşlarymdakam, daýzam bilen diskoteka gidip başladym. Ol tans etmegi gaty gowy görýärdi. Men göwnaçyk gyz bolamsoň, adamlar bilen derrew öwrenişýärdim. Şeýdibem, men erbet adamlar bilen gatnaşyp başladym. 13 ýaşymdakam, neşe çekmegi öwrendim, käte bolsa kokainem çekýärdim. Başda neşe çekmek meniň keýpimi göterýärdi. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, gözüme her hili zat görnüp, sähel zatdanam gorkup başladym. Her gezek neşäniň täsirinden açylanymda, özümi öldürmek barada pikirlenýärdim. Men neşäni taşlasym gelýärdi, ýöne özüme erk edip bilmeýärdim.
NEŞEKEŞLIGI TAŞLAÝAR Men Hudaý barada oýlanyp başladym we birnäçe gezek buthana-da bardym. Ýöne öňküdenem beter göwnüçökgünlige düşüp gaýdýardym. 18 ýaşymdakam, halaşýan oglanym bilen ýaşaşyp başladym we biziň oglumyz boldy. Özüm ene bolamsoň, durmuşymy üýtgetmäge islegim hasam artdy. Soňra meniň öňki joralarymyň
biri biziň golaýymyza göçüp geldi. Bir gün ol öýümize gelip, meniň hal-ýagdaýymy sorady. Men oňa ýüregimi döküp, ähli zady gürrüň berdim. Ol özüniň Ýehowanyň Şaýady bolandygyny aýdyp, Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi teklip etdi. Menem razylaşdym.Men edýän işlerimiň Hudaýa ýaramaýandygyna, neşäni we çilimi taşlamalydygyma düşündim. Ýöne neşäni goýmak maňa aňsat düşmedi. Ýaramaz endigimi taşlamaga kömek etmegini sorap, günde birnäçe gezek Ýehowa ýalbaryp doga edýärdim. Men Ýehowany begendirip ýaşasym gelýärdi (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Alty aýlap Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylary öwrenenimden soň, neşäni goýup bildim. Meniň durmuşym has manyly boldy. Men indi hemişe göwnüçökgün bolup ýörmeýärin. Wagtyň geçmegi bilen, men bir dogana durmuşa çykdym. Oglumy hem Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara görä terbiýeleýäris. Ýehowanyň dogalaryma jogap berip, meni goldandygyna diýseň begenýärin.
ADY Marsio
GEÇMIŞI Biz Braziliýanyň San-Paulu ştatynyň köp ilatly Santu-Andre şäheriniň çetinde ýaşaýardyk. Men ýaşlygymdan çilim, neşe çekýärdim we ogrulyk edýärdim. Dostlarymyň käbiri maşyn ogurlaýardy we neşe söwdasyny edýärdi. Olaryň biri ýaşaýan ýerimizdäki oglanlara mugtuna neşe berýärdi. Olar neşe çekmegi öwrenensoň, ondan nalaç satyn almaly bolýardylar.
Biziň ýaşaýan ýerimize hemişe polisiýa işgärleri gözegçilik edýärdi. Menem birnäçe gezek kiçiräk jenaýat işleri üçin tussag edildim. Bir sapar bolsa meni
neşe söwdasyny etmekde aýypladylar. Dost oglanlarymyz bilen ogurlan zatlarymyzy we ýaraglarymyzy biziň öýümizde goýýardyk.Adamlar menden gorkýardylar. Sebäbi meniň gözüme gan guýlan ýalydy, özümem hemişe gaşymy çytyp gezýärdim, ýüzümde hiç hili mähir ýokdy. Meniň «Harasat» diýen lakamym bardy. Sebäbi nirä barsamam, hökman bir hokga çykarýardym. Men köp içýärdim, ahlaksyzlyk edýärdim. Dost-ýarlarymyň köpüsi aradan çykdy, käbirleri bolsa türmä basyldy. Bir gezek menem gaty göwnüçökgünlige düşüp, özümi asjak boldum.
NEŞEKEŞLIGI TAŞLAÝAR Men Hudaýdan kömek sorap dileg etdim. Soňra Ýehowanyň Şaýatlaryna duşup, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladym. Men Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny we onuň dogry ýoldan ýöremäge jan edýän adamlaryň aladasyny edip, goldaýandygyny bildim (Zebur 83:18; 1 Petrus 5:6, 7). Men öz durmuşymda köp zady üýtgetmelidim. Maňa iň kyn düşen zat bolsa ýylgyrmagy öwrenmekdi.
Men Ýehowadan kömek sorap, gaýta-gaýta doga edýärdim we Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara eýermäge çalyşýardym. Öňki dost-ýarlarym bilen gatnaşygymy kesip, kafe-barlara gitmegimi goýdum we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adamlar bilen dostlaşdym. Elbetde, meniň içimde uly göreş gidýärdi, ýöne men öňki erbet işlerimi taşlamagy başardym. Neşäni taşlanyma eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt boldy.
ADY Greg
GEÇMIŞI Men Günorta Awstraliýada ýerleşýän bir fermada önüp-ösdüm. Kakam içegendi, 8 ýaşymdakam
kakam bilen ejem aýrylyşdy. Soňra ejem täzeden maşgala gurdy. Men 17 ýaşyma çenli ejemiň ýanynda boldum. Şol ýyl men goýun gyrkmagy öwrenip, gyrkymçylar bilen işlemäge gidip başladym. Men neşäniň dürli görnüşlerini ulanyp gördüm we gaty köp içýärdim. Saçymam ösdürýärdim we örüp, monjuk dakyp goýýardym. Men hemişe başgalara göriplik edýärdim, gaty gaharjaň we ganygyzmadym. Birnäçe gezek türmede-de oturyp çykdym.Soňra men Günbatar Awstraliýanyň kiçijik şäherine göçüp, halaşýan gyzym bilen ýaşaşyp başladym. Ol şol ýerdäki myhmanhanada ofisiant bolup işleýärdi. Biziň ikimizem içýärdik, çekýärdik we öýümizde marihuana a ösdürip ýetişdirýärdik.
NEŞEKEŞLIGI TAŞLAÝAR Bir gezek biz marihuanany ýygyp otyrkak, köneje öýümiziň gapysyny Ýehowanyň Şaýatlary kakdy. Men olaryň aýdýanlary bilen birbada ylalaşmadym. Ýöne, wagtyň
geçmegi bilen, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetirdim. Soňra ýaramaz endiklerimi kem-kemden taşlap başladym.Biraz wagtdan men marihuanany taşlamalydygyma düşündim. Indi näme etmeli? Men marihuanany ösdürip ýetişdirmek üçin azap baryny çekipdim. Şonuň üçinem ony başgalara beräýsemmikäm diýip pikir etdim. Ýöne beýle etmegiň nädogrudygyna düşünip, olary ýok etmeli diýen netijä geldim. Maňa neşekeşligi we arakhorlygy taşlamaga, esasanam, Hudaýa doga etmek kömek etdi. Men Hudaýdan ýaramaz endiklerime garşy göreşmäge güýç soradym. Şeýle-de men erbet dostlarym bilen aramy kesdim. Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ondaky maslahatlara eýerenimde, özüme bolan ynamym artyp, erbet häsiýetlerimi düzedip başladym. Halaşýan gyzymam Mukaddes Ýazgylary öwrenip, durmuşyny üýtgetdi. Soňra biz toý tutduk. Biz eýýäm 21 ýyldan bäri arassa durmuş alyp barýarys, jan saglygymyz gowy, iki sanam oglumyz bar. Ýehowa maňa ýaramaz endiklerimi taşlamaga kömek etmedik bolsa, häzir durmuşymyň nähili boljakdygy hakynda oýlanmaga-da gorkýaryn.
[Çykgyt]
a Neşe serişdeleriniň bir görnüşi.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Reb ýeke-täk güýjümdir... Halasgärimdir». Işaýa 12:2
MASLAHAT
Mümkin bolsa, neşe çekmek bilen bagly ýerlerden, adamlardan we zatlardan gaça durjak bol. Geçirilen barlaglar şol zatlaryň adamda ýene-de neşe çekmäge höwes döredip bilýändigini görkezdi.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Neşekeşlik adamyň beýnisiniň kadaly işlemegine zyýan ýetirip bilýär.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Özüme erk edip bilmän, ýene-de neşe çeksem, men ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Adam neşekeşligi taşlar ýaly näme üçin durmuşyny düýpgöter özgertmeli?
● Hudaý barada hakykaty öwrenmek muňa nädip kömek edip biler?
[253-nji sahypadaky sitata]
«Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar boýunça ýaşap, durmuşym has manyly boldy. Häzir men özümi gaty bagtly saýýaryn» Marta
[256-njy sahypadaky surat]
Neşekeşligi taşlamak ýanyp duran öýden çykýan ýalydyr. Öýde zatlaryňy galdyrsaňam, öz janyňy halas edýärsiň