Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?

Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?

14-NJI BAP

Dünýäden doýup, ýaşasyň gelmeýän bolsa näme etmeli?

«ÝAŞANYMDAN ölenim gowudyr». Bu sözleri kimiň aýdandygyny bilýärmiň? Hudaýa iman etmeýän ýa-da ondan ýüz öwren adammy? Belki-de, Hudaýyň özi ony terk edendir? Ýok, bu sözleri Hudaýa wepaly gulluk eden Ýunus pygamber aýtdy. Sebäbi ol gaty göwnüçökgünlige düşüpdi (Ýunus 4:3).

Mukaddes Ýazgylarda Ýunus pygamberiň öz janyna kast etjek bolandygy barada aýdylmaýar. Emma onuň zaryn ýalbaryşyndan bir wajyp zada göz ýetirýäris: hatda Hudaýyň wepaly gullukçylary-da käte ejizläp, sustupes bolýarlar (Zebur 34:19).

Ýaşlaryň köpüsi gaty göwnüçökgünlige düşüp, asla ýaşasy gelmeýär. 16 ýaşly Laura hem şeýle diýýär: «Men birnäçe ýyldan bäri göwnüçökgünlikden ejir çekýärin. Köplenç öz janyma kast etmek barada pikirlenýärin». Eger senem biriniň öz janyna kast etmek barada oýlanýandygyny bilseň ýa-da özüňde şeýle pikir döreýän bolsa näme etmeli? Gel, ilki bilen, bu ýaramaz duýgularyň näme sebäpden döreýändigini bileli.

Lapykeçligiň düýp sebäbi

Adamda näme üçin öz janyna kast etmek pikiri döreýärkä? Munuň birnäçe sebäbi bolup biler. Birinjiden, «kyn döwürde» ýaşaýandygymyz üçin, ýaşlaryň köpüsi durmuşyň gaýgy-aladasyndan basylýar (2 Timoteos 3:1). Şeýle-de bikämillik sebäpli, adam özi we daş-töweregindäki zatlar hakda köplenç nädogry garaýyşda bolýar (Rimliler 7:22—24). Käte bolsa adamlaryň öz janyna kast etmegine zorluk-süteme sezewar bolandygy ýa-da saglyk ýagdaýy sebäp bolýar. Geçirilen barlaglara görä, bir ýurtda öz janyna kast edenleriň 90 göteriminde akyl taýdan näsazlygyň bolandygy anyklandy a.

Elbetde, her bir adam betbagtçylyga uçrap bilýär. Mukaddes Ýazgylarda-da «bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli iňňildäp, görgi görýändigi» aýdylýar (Rimliler 8:22). Muňa ýaşlaram degişli. Aşakda agzalýan zatlar olara has-da erbet täsir edýär:

Dogan-garyndaşynyň ýa-da dostunyň aradan çykmagy

Maşgaladaky agzalalyk

Sapaklaryna ýetişmezligi

Halaşýany bilen arasynyň bozulmagy

Zorluk-süteme sezewar bolmagy (bedenine şikes ýetirilmegi ýa-da zorlanmagy)

Gynansak-da, ýaşlaryň hemmesi diýen ýaly şeýle kynçylyklaryň haýsy-da bolsa birine duş gelýär. Olaryň käbirine bu ýagdaýlara döz gelmek başartsa, käbirine aňsat bolmaýar. Psihologlaryň aýtmagyna görä, kynçylygyň hötdesinden gelmek islemeýän ýaşlar öz ýanyndan: «Bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmerin, maňa hiç kim kömegem edip bilmez» diýip pikir edýärler. Başgaça aýdanyňda, olar hemme zatdan umydyny üzýärler. Aslynda, olar ölmek däl-de, dünýäniň azabyndan dynmak isleýärler.

Hiç hili çykalga ýokmy?

Eger sen kimdir biriniň dünýäden doýup, öz janyna kast etjek bolýandygyny bilseň näme edip bilersiň?

Eger dostuň lapykeç bolup, janyna kast edesi gelýän bolsa, oňa kömek gerekdigini düşündir. Soňra onuň özi islemese-de, ynamdar adama ýüz tutup, bu ýagdaýy habar ber. Dostuň bilen araň bozular öýdüp gorkma. Sebäbi şeýdip, sen onuň janyny halas edip bilersiň.

Ýöne seniň özüň janyňa kast etmek barada oýlanýan bolsaň näme? Muny öz içiňde saklap ýörmän, eneň-ataňa, dostuňa ýa-da seni ünsli diňläp, aladaňy etjek adama gürrüň ber. Kynçylygyň barada açyk gürleşseň, saňa peýda bermese, zyýan etmez b.

Elbetde, gürrüňdeş bolanyň bilen, kynçylyklaryň dessine aýrylmaz. Emma ynamdar adama içiňi dökseň, bu saňa ýagdaýa dogry göz bilen garamaga kömek eder. Sen hatda kynçylyklaryň çözgüdini hem tapyp bilersiň.

Ýagdaýlar üýtgäp durýar

Sen gaty göwnüçökgün bolsaňam, bir wajyp zady unutma: hiç hili çykalga ýok ýaly bolup görünse-de, wagtyň geçmegi bilen, ýagdaý üýtgeýär. Köp betbagtçylyklary başdan geçiren mezmurçy Dawut hem Hudaýa doga edip: «Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň» diýdi (Zebur 30:11).

Elbetde, Dawut şatlygyň uzaga çekmejekdigine düşünýärdi. Ol durmuşda gaýgyly günleriň hem bolýandygyny bilýärdi. Seniňem durmuşyňda kyn ýagdaýlar bolýarmy? Belki-de, häzir olar saňa çekip çydardan agyr görünýändir. Ýöne sabyrly bol. Sebäbi, wagtyň geçmegi bilen, ýagdaýlaryň üýtgemegi köplenç gowulyga eltýär. Käwagt kynçylygyň aýrylandygyny özüňem duýman galarsyň. Käbir ýagdaýlarda bolsa onuň gaty aňsat çözülendigine haýran galmagyň mümkin. Hawa, kynçylyk nähili agyr bolsa-da, hemişelik däldir (2 Korinfliler 4:17).

Doga etmegiň peýdasy

Doga edip, Hudaý bilen gürrüňdeş bolmak örän wajypdyr. Senem Dawut pygamber ýaly: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; Gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal» diýip, doga edip bilersiň (Zebur 139:23, 24).

Doga etmek ýöne bir kynçylygyňy çözmegiň usuly däl. Sen doga edeniňde, gökdäki Ataň bilen gepleşýärsiň. Ol seniň «ýüregiňi Oňa dökmegiňi» isleýär (Zebur 62:8). Gel, Hudaý babatda wajyp hakykata seredeli:

Ol seniň näme sebäpden göwnüçökgünlige düşýändigiňi gowy bilýär (Zebur 103:14).

Ol seni özüňden hem gowy tanaýar (1 Ýahýa 3:20).

«Ol seniň aladaňy edýär» (1 Petrus 5:7).

Gelejekde boljak Jennetde Hudaý seniň «gözleriňden ähli ýaşlaryňy süpürer» (Ylham 21:4).

Göwnüçökgünlik saglygyň bilen bagly bolsa...

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, janyňa kast etmeklik köplenç adamyň saglyk ýagdaýy bilen bagly bolýar. Eger sende-de şeýle kynçylyk bar bolsa, başgalardan kömek soramaga çekinme. Isa pygamber hem syrkawlara lukmanyň gerekdigini aýtdy (Matta 9:12). Hawa, köp keselleri bejerip bolýar. Senem bejergi alsaň, ýagdaýyň gowulaşar c.

Mukaddes Ýazgylarda örän teselli beriji sözler bar. Onda gelejekde boljak Jennetde hiç bir adamyň «Men syrkaw» diýmejekdigi wada berilýär (Işaýa 33:24). Hudaý şol döwürde «öňki zatlaryň ýatlanmajakdygyny, ýada düşmejekdigini» aýdýar (Işaýa 65:17). Şol sebäpli sen häzirlikçe durmuşyň kynçylyklaryna döz gelmek üçin eliňde baryny edip, Hudaýyň bellän wagtynda göwnüçökgünligiň doly aýryljakdygyna ynamly bolup bilersiň (Ylham 21:1—4).

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 9-NJY BABYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Eneň-ataňa ähli zady aýtmak islemeseň-de, olar seniň durmuşyňda bolýan zatlaryň hemmesini bilesi gelýän bolsa näme etmeli?

[Çykgytlar]

a Emma akyl taýdan näsazlygy bolan ýaşlaryň köpüsi öz janyna kast etmeýär.

b Göwnüçökgünlige düşen mesihçiler ýygnak ýaşulularyndan hem kömek sorap biler (Ýakup 5:14, 15).

c Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 13-nji babyna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Her ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap, minnetdarlyk bilen doga ediň we ýalbaryň. Şonda... Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar». Filipililer 4:6, 7

MASLAHAT

Gam-gussa batsaň, biraz gezelenç et. Arassa howada gezmeleseň ýa-da maşk etseň, az-kem göwnüň açylar, saglygyňa-da peýdaly bolar.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Öz janyna kast edýän adam ýakynlarynyň hem ýüregine bitmejek ýara salýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eger özümi dereksiz ýa-da hiç kime gerekmejek ýaly duýsam, şu adama içimi dökmekçi (adyny ýaz): ․․․․․

Men durmuşymdaky şu gowy zatlar barada oýlanmakçy: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Kynçylyk nähili agyr bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, çözülýär. Muňa düşünmegiň nähili peýdasy bar?

● Janyna kast edýän adam haýsy manyda öz kynçylyklaryny başga birine geçirýär?

[104-nji sahypadaky sitata]

«Käwagt gaty göwnüçökgünlige düşüp, özümi öldürip dynasym gelýärdi. Ýöne Hudaýa dyngysyz doga edip, bejergi alanymdan soň, ýaşaýşa bolan höwesim artdy» Heýdi

[100-nji sahypadaky çarçuwa]

Göwnüçökgünlige düşen bolsaň

Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýa wepaly erkekdir aýallar hem durmuşyň gaýgy-aladasyndan ýaňa käte göwnüçökgünlige düşýärdi. Gel, käbir mysallara seredeli.

Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» (Gelip çykyş 25:22).

Musa: «Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn» (Sanlar 11:15).

Ylýas: «Ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» (1 Patyşalar 19:4).

Eýýup: «Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň... Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!» (Eýýup 14:13).

Bu adamlar kynçylyklary aýrylar diýip asla pikirem etmändiler. Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, olaryň ýagdaýy gowulandy. Senem öz ýagdaýyň gowulaşjakdygyna ynamly bolup bilersiň!

[102-nji sahypadaky surat]

Göwnüçökgünlik gara bulut kimin geçip gider