Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Jan saglygymy näme üçin aýamaly?

Jan saglygymy näme üçin aýamaly?

10-NJY BAP

Jan saglygymy näme üçin aýamaly?

Aşakda agzalýan zatlaryň haýsysy saňa kyn düşýän bolsa ✔ belligi goý.

□ Özüňi rahat duýmak

□ Özüňe erk etmek

□ Özüňi ynamly duýmak

□ Ünsüňi jemlemek

□ Güýç toplamak

□ Düwürtiklerden dynmak

□ Horlanmak

DURMUŞDA käbir zatlary üýtgedip bolmaýar. Meselem, sen ene-ataňy ýa-da jigi-doganlaryňy çalşyp bilmeseň gerek. Emma jan saglygyň seniň öz eliňde. Käbir zatlar çagalara ene-atasyndan nesilme-nesil geçýänem bolsa, sen paýhasly hereket edip, jan saglygyňy berkidip bilersiň a.

Belki-de, sen: «Men saglyk barada pikir ederden heniz gaty ýaş» diýýänsiň. Eger şeýle pikir edýän bolsaň, 71-nji sahypada agzalan zatlara ýene bir göz aýlap gör. Sen olaryň näçesini bellediň? Şol zatlar saňa jan saglygyňy berkitmäge-de kömek edip biler.

Megerem, sen 17 ýaşly Ember atly gyzyň aýdan sözleri bilen ylalaşýansyň. Ol: «Men ýagly we süýji zatlary iýmän gezip bilmäýmesem» diýýär. Eger saňa-da berhiz saklamak kyn düşýän bolsa, ruhdan düşme. Sebäbi saglygyňy berkitmek özüňi süýji zatlardan kesip, her hepde köp ylgamalydygyňy aňlatmaýar. Ýöne özüňi gowy duýup, günüň dowamynda çalt ýadaman, köp işleriňe ýetişer ýaly käbir zatlary özgertmeli bolarsyň. Gel, köp ýaşlaryň muny nädip edendigine seredeli.

Dogry iýmitlen

Mukaddes Ýazgylarda her zadyň çenini bilmelidigi aýdylýar. Süleýmanyň tymsallary 23:20-de: «Iýegenleriň arasynda bolma» diýilýär. Ýöne bu maslahata eýermek hemişe aňsat bolmaýar.

«Men köp ýaşlar ýaly, näçe iýsemem, doýup bilemok» (Andre, 15 ýaşynda).

«Men käbir iýýän zatlarymyň zyýanlydygyna düşünmeýärin, sebäbi munuň erbet netijesi birbada görünmeýär» (Daniýella, 19 ýaşynda).

Sen berhiz saklanyňda özüňe erk edip bilýärmiň? Gel, käbir ýaşlara nämäniň kömek edendigine seredeli.

Doýanyňdan soň iýme. 19 ýaşly Juliýa: «Men öň iýýän zadymyň möçberine seredýärdim, häzir bolsa doýup başlan badyma iýmegimi bes edýärin» diýýär.

Saglyga zyýan ýetirýän iýmitden gaça dur. 21 ýaşly Piter şeýle diýýär: «Men gazly suw içmegimi goýanymdan soň, bir aýyň içinde 5 kilogram horlandym».

Çeniňi bilip iý. 19 ýaşly Iren atly gyz: «Men guýnan naharymdan artyk iýmeýärin» diýýär.

Üstünligiň açary: Aç gezme-de, wagtynda naharlanjak bol. Ýogsam, açlygyňdan ýaňa bir oturanyňda has köp iýmegiň mümkin.

Beden maşklaryny et

Mukaddes Ýazgylarda: «Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr» diýilýär (1 Timoteos 4:8, «Mukaddes Kitap terjime instituty»). Ýöne şu günler ýaşlaryň köpüsi maşk etmegi halamaýar.

«Mekdepde okan döwrüm bedenterbiýe sapagy gaty aňsat bolsa-da, köp okuwçylar ondan pes baha alýardy» (Riçard, 21 ýaşynda).

«Käbirleri: „Günüň aşagynda gara-der bolup ylgap, ýadanyňdan, öýde oturyp, kompýuterde oýun oýnanyň gowy ahyryn“ diýýärler» (Rut, 22 ýaşynda).

Senem beden maşklaryny etmäge ýaltanýarmyň? Eger şeýle bolsa, gel, munuň 3 sany peýdaly tarapyna seredeli.

1-nji peýdasy. Beden maşklary immunitetiňi berkidýär. 19 ýaşly Reýçel şeýle diýýär: «Kakam maňa hemişe: „Eger maşk etmäge wagt sarp etmeseň, kesellemek üçin wagt tapmaly bolarsyň“ diýýär».

2-nji peýdasy. Beýniň ýadawlygyny aýyrýar. 16 ýaşly Emili şeýle diýýär: «Birtopar pikirlerden ýaňa kelläm çişip gidende, men biraz ylgaýaryn. Bu maňa rahatlanmaga we özümi ýeňil duýmaga kömek edýär».

3-nji peýdasy. Beden maşklary göwnüňi göterýär. 22 ýaşly Rut: «Men tebigata gezelenç edip, daga çykmagy, suwda ýüzmegi we tigir sürmegi gowy görýärin» diýýär.

Üstünligiň açary: Howpsuz sport görnüşleriniň haýsysyny halaýan bolsaň, oňa hepdede üç gün azyndan 20 minut sarp et.

Gowy ukyňy al

Mukaddes Ýazgylarda: «Bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr» diýilýär (Wagyz kitaby 4:6). Ýatyp, gowy ukyňy almasaň, günüň dowamynda çalt ýadap, köp işleriňe ýetişip bilmersiň.

«Eger men ýatyp, ukymy almasam, hiç zada ýaramaýaryn we ünsümi jemläp bilmeýärin» (Reýçel, 19 ýaşynda).

«Men gündiz sagat 2-ä golaý ysgyndan gaçyp ugraýaryn. Hatda biri bilen gürrüň edip oturan bolsamam, irkilip başlaýaryn» (Kristina, 19 ýaşynda).

Senem ukyňy alyp bilmän kösenýärmiň? Gel, käbir ýaşlara nämäniň kömek edendigine seredeli.

Giç ýatma. 18 ýaşly Ketrin: «Men irräk ýatmaga çalyşýaryn» diýýär.

Dost-ýarlaryň bilen gijäň ýaryna çenli gürleşme. 21 ýaşly Riçard şeýle diýýär: «Dostlarym käte ýarygije jaň edýärler ýa-da hat ýazýarlar. Ýöne soňky döwür men gürrüňi çaltrak tamamlap, geçip ýatýaryn».

Wagtyňy üýtgetme. 20 ýaşly Jenifer: «Men ýatyp-turýan wagtymy üýtgetmeýärin» diýýär.

Üstünligiň açary: Her gün azyndan 8 sagat ýatjak bol.

Sen berlen maslahatlara eýerseň, diňe haýyr taparsyň. Bu saňa jan saglygyňy berkidip, özüňi gowy duýmaga we çalt ýadaman, köp işleriňe ýetişmäge kömek eder. Durmuşyňda käbir zatlary üýtgedip bilmeseňem, jan saglygyňy berkitmek üçin köp zatlary özgerdip bilersiň. Ýokarda agzalýan Iren şeýle diýýär: «Seniň saglygyň öz eliňde».

INDIKI BAPDA

Seniň geýnişiň ene-ataňa ýaramaýan bolsa, olar bilen düşünişip biler ýaly näme etmeli?

[Çykgyt]

a Köp adamlar keselinden doly sagalyp bilmese-de, şu bapda berilýän maslahatlar olara-da peýdaly bolar.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr». 1 Timoteos 4:8, «Mukaddes Kitap terjime instituty»

MASLAHAT

Beden maşklaryny dostuň bilen bile etjek bol. Sebäbi ýanyňda biri bolsa, ýaltanman, gaýtam, höwesiň artar.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Adam beden maşklaryny edende, beýnide endorfin emele gelýär. Bu bolsa adamyň agyrysyny gowşadyp, özüni gowy duýmaga kömek edýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Berhizi dogry tutmak üçin, men ․․․․․

Beden maşklaryny ýola goýmak üçin şu zatlary etmekçi: ․․․․․

Men indiki aýdan başlap, her gün ortaça ․․․․․ sagat ýatmakçy ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Jan saglygyňy berkitseň, özüňi ynamly duýmaga nädip kömek eder?

● Haýsy zat beden maşkyndanam has wajyp? (1 Timoteos 4:8).

[74-nji sahypadaky sitata]

«Beden maşklaryny edenimde, özümi gaty gowy duýýaryn. Munuň daş keşbime-de gowy täsir edýändigini görenimde, özüme bolan ynamym artýar» Emili

[73-nji sahypadaky çarçuwa]

«Men... durmuşymda käbir zatlary üýtgetdim»

«Men ýaş bolsamam, gaty semizdim. Men daş keşbimden utanyp, özümi gaty erbet duýýardym. Berhiz saklamagyň her dürli görnüşlerini barlap görüp, biraz horlansamam, wagtyň geçmegi bilen, ýene-de öňki durkuma gelýärdim. Ýöne 15 ýaşymda men özüme: „Indi, besdir!“ diýdim. Men horlanyp, şol durkuma galyp biler ýaly, dogry usul tapmagy ýüregime düwdüm. Men bir kitap satyn aldym. Onda dogry iýmitlenmek we beden maşklary barada gowy maslahatlar berilýärdi. Kitapda aýdylýan zatlary durmuşymda ulanyp başladym. Men özüme: „Hiç hili netije ýok ýaly bolup görünse-de, asla ýan bermerin“ diýip söz berdim. Ahyrsoňy, bilýäňizmi näme boldy? Şol maslahatlar maňa, dogrudanam, kömek etdi! Men 1 ýylyň içinde 27 kilogram horlandym. Eýýäm 2 ýyl bäri gowy durkumy saklap gelýärin. Men başda bu zatlary başararynam öýtmeýärdim. Meniň pikirimçe, maňa kömek eden esasy zat berhiz saklamak däl-de, durmuşymda käbir zatlary üýtgedendigim boldy» (Katerina, 18 ýaşynda).

[74-nji sahypadaky surat]

Jan saglygy maşyna meňzetse bolar. Oňa wagtynda seretmeseň döwler