Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Nähili geýinsem gowy bolar?

Nähili geýinsem gowy bolar?

11-NJI BAP

Nähili geýinsem gowy bolar?

Helen öýden çykjak bolup durka, ejesi bilen kakasy onuň geýen eşigini görüp, ör-gökden gelýär.

Kakasy gaharlanyp: «Geýen zadyň näme?!» diýýär.

Helen bolsa: «Näme bolupmyşyn?! Men joralarym bilen ýöne bir aýlanmaga gitjek bolýaryn» diýip, hiç zat bolmadyk ýaly jogap berýär.

Şonda ejesi: «Şu durşuňa hiç ýere-de gitmersiň!» diýýär.

«Eje, häzir hemmeler şeýle geýinýär. Onsoňam, bu maňa gelşip dur-a» diýip, Helen igençli gepleýär.

Kakasy: «Şu wagt senden munuň gelişýäni-gelişmeýäni soralanok! Häziriň özünde git-de, eşigiňi çalyş. Ýogsam, gapydan aýagyňam sekmersiň!» diýip gygyrýar.

ENE-ATA bilen çagalaryň arasynda egin-eşigiň üstünde dawanyň turmagy hiç kimi geň galdyrmaýan bolsa gerek. Seniňem ejeň bilen kakaň ýaşka, öz ene-atasy bilen arasynda şeýle düşünişmezlikler bolandyr. Şonda olaram özüni edil seniň ýaly duýandyr. Indi bolsa olaryň garaýşy üýtgäp, seniň geýnişiňi halaýan däldir. Şol sebäpli siziň araňyzda dawa turýandyr.

Sen: «Bu maňa laýyk bolýar» diýýärsiň.

Olar bolsa: «Sallam-sajak bolup dur» diýýärler.

Sen: «Bu gaty owadan» diýýärsiň.

Olar bolsa: «Gaty özüne çekiji görünýär» diýýärler.

Sen: «Men muny ýarty bahasyna aldym» diýýärsiň.

Olar bolsa: «Bolmanam ýarty bahasyna alarsyň. Bu köýnegiň ýarysy ýog-a!» diýýärler.

Eýsem, şeýle dawa-jenjeliň öňüni alyp bolarmy? Elbetde! 23 ýaşly Megan atly gyz hem muny edip bolýandygyna göz ýetirdi. Ol: «Eneň-ataň bilen dawalaşmaly däl-de, ylalaşmaly» diýýär. Ylalaşmaly? Onda sen olar bilen ylalaşjak bolup, 40 ýaşly adam ýaly geýinmelimi? Ýok, özara ylalaşmak üçin, sen eneň-ataň bilen açyk gürleşmeli. Siziň garaýşyňyz tapawutlanýan bolsa-da, birek-biregiň göwnüni ýykmaz ýaly tagalla etmeli. Bu saňa nähili peýda berip biler?

1. Seniň geýnişiň hatda deň-duşlaryňa-da ýarar.

2. Eneň-ataň saňa häli-şindi igenip durmaz.

3. Egin-eşigi paýhasly saýlaýandygyňy görüp, eneň-ataň saňa başga ýagdaýlarda-da erkinlik berer.

Şonuň üçin sen Internetde ýa-da bazarda egin-eşik göreniňde, ony satyn almazdan öň gowy oýlan. Ilki bilen...

Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri göz öňünde tut

Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik barada köp zat aýdylmaýar. Şol aýatlary bary-ýogy iki minutda okap bolýar! Emma şeýle gysga wagtyň içinde sen wajyp hem-de peýdaly maslahatlary alyp bilersiň. Gel, olaryň käbirine seredeli.

● Mukaddes Ýazgylarda gelin-gyzlaryň özlerini «salykatly egin-eşik we sagdyn düşünje bilen bezemelidigi» aýdylýar a (1 Timoteos 2:9, 10).

Aýatdaky «salykatly egin-eşik» diýen jümle seni howsala düşürmegi mümkin. Belki-de, sen: «Men onda gaty sada geýinmelimi?» diýip oýlanýansyň. Ýöne bu edil beýle däl. Aslynda, salykatly egin-eşik diýlende näme göz öňünde tutulýar? Salykatly geýinýän adam özüne-de hormat goýýar, başgalaryňam duýgusyny göz öňünde tutýar (2 Korinfliler 6:3). Salykatly geýnibem, owadan görnüp bolýar. 23 ýaşly Daniýela: «Gelşikli bolmak üçin soňky çykan zatlary geýmek hökman däl» diýýär.

● Mukaddes Ýazgylarda, esasan, daş keşbiňe däl-de, «ýüregiňdäki solmaýan owadanlyga» üns bermelidigi aýdylýar (1 Petrus 3:4).

Elbetde, göze ilginç egin-eşik adamlaryň ünsüni derrew özüne çekip bilýär. Emma sen içki dünýäň owadanlygy bilen uly adamlaryňam, deň-duşlaryňam hormatyny gazanyp bilersiň we hiç wagt abraýdan düşmersiň. Şonda deň-duşlaryňam has özüne çekiji zatlary geýmegiň akylsyzlykdygyna düşüner. 16 ýaşly Britani: «Gaty açyk zatlary geýip, erkek adamlaryň ünsüni özüne çekjek bolýan gelin-gyzlary göreniňde, aňryň bäriňe gelýär» diýýär. Keti hem munuň bilen ylalaşýar. Ol öňki jorasy barada şeýle diýýär: «Onuň bar geýýän zady „Ine, maňa serediň“ diýýän ýalydy. Ol oglanlary özüne seretdirjek bolup, nirede bir göze ilginç zatlary geýýärdi».

Eneň-ataň bilen maslahatlaş

Käbir egin-eşikleri mekdebe alyp gidip, eneň-ataňdan gizlin geýseň, paýhasly hereket etdigiň bolmaz. Bu zatlary eneň-ataňdan ýaşyryp bilseňem, ähli zatda dogruçyl bolsaň, ynamdan gaçmarsyň. Şonuň üçin egin-eşik babatda-da olar bilen maslahatlaşsaň gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Siz 82, 83-nji sahypalardaky «Egin-eşik meselesi» diýen çarçuwany hem ulanyp bilersiňiz.

Aslynda, eneň-ataň bilen maslahatlaşmak gerekmi? Belki-de, olar saňa soňky çykan zatlary geýdirmez öýdýänsiň. Ýöne bu seniň pikir edişiň ýaly däl. Elbetde, bu meselede eneň-ataň garaýşy seniňkiden tapawutlanyp biler. Ýöne olaryň aýdýan zatlary saňa peýda berer. 17 ýaşly Natali şeýle diýýär: «Men ejem bilen kakamyň berýän maslahatlaryny gowy görýärin. Sebäbi köçä çykanymda özümi oňaýsyz duýmak ýa-da adamlaryň daş keşbime seredip, men barada erbet gürrüňleri etmegini islemeýärin».

Onsoňam, sen eneň-ataň tabynlygynda ýaşaýarkaň, olara gulak asmalydygyňy unutma (Koloslylar 3:20). Eger birek-biregiň garaýşyna düşünmäge jan etseňiz, özara ylalaşyp bolýandygyna göz ýetirersiňiz. Şonda siziň araňyzda hiç hili dawa-jenjel bolmaz.

Maslahat: Egin-eşik saýlanyňda, ony geýip görüp, diňe bir aýna seretmek bilen çäklenme. Sebäbi käbir salykatly görünýän eşikler oturanyňda ýa-da egleniňde, seni gelşiksiz ýagdaýa salmagy mümkin. Şonuň üçin eneň-ataň ýa-da ruhy taýdan ýetişen dostuň bilen maslahatlaşsaň gowy bolar.

INDIKI BAPDA

Eger özüňden göwnüň geçen bolsa näme etmeli?

[Çykgyt]

a Bu maslahat gelin-gyzlara berilse-de, erkek adamlara-da degişli.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Goý, siziň daş keşbiňizi... gymmatbaha eşikler däl-de, eýsem, ýüregiňizdäki solmaýan owadanlyk... bezesin». 1 Petrus 3:3, 4

MASLAHAT

Has göze ilginç egin-eşikleri geýme, ýogsam, diňe özüni bilýän we başgalaryň ünsüni özüne çekjek bolýan adam ýaly görnersiň.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Adamlar saňa egin-eşigiňe seredip baha berýärler.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Eşik satyn aljak bolanymda, maşgala agzalarym ýa-da ruhy taýdan ýetişen dostum bilen maslahatlaşmakçy (adyny ýaz): ․․․․․

Indiki gezek egin-eşik satyn alanymda, şu zatlara üns bermekçi: ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Ene-atalar bilen çagalar egin-eşigiň üstünde näme üçin köp dawalaşýar?

● Egin-eşik babatda eneň-ataň bilen açyk gürrüňdeş bolsaň, sen nähili ukyplary ösdürip bilersiň?

[81-nji sahypadaky sitata]

«Gaty özüne çekiji eşikleri geýýän gyzlary görenimde, olara bolan sylag-hormatym gaçýar. Ýöne salykatly we gelşikli geýnen adamlary görenimde, öz ýanymdan: „Menem şeýle bolaýsadym“ diýýärin» Natali

[82, 83-nji sahypalardaky çarçuwa]

Çarçuwa

Egin-eşik meselesi

Görkezme: Şu iki sahypany çap edip, sag tarapdakyny doldurmak üçin eneň-ataňa ber. Çep tarapdakyny bolsa özüň doldur. Soňra kagyzyňy eneň-ataňky bilen çalşyp, eden bellikleriňizi ara alyp maslahatlaş. Siziň eden bellikleriňiziň tapawutlanýan ýerleri barmy? Biri-biriňiziň garaýşy babatda nämä göz ýetirdiňiz?

Seniň üçin Satyn almakçy ýa-da geýmekçi bolýan eşigiň barada oýlan.

Ony näme üçin geýesiň gelýär? Aşakda munuň sebäbini tertip sanlar bilen görkezip bilersiň.

․․․․․ Ady belli firmanyň önümi

․․․․․ Gyzlara (ýa-da oglanlara) görünmek

․․․․․ Deň-duşlaryma ýaranmak

․․․․․ Gowy gelişýär

․․․․․ Bahasy sebäpli

․․․․․ Başga zatlar ․․․․․

Enem-atam bu eşigi görüp näme diýer?

□ «Ýok et!»

□ «Aý, boljak»

□ «Gaty gowy»

Olar muny halamaýandygyny aýdyp näme diýer?

□ «Gaty özüne çekiji»

□ «Sallam-sajak bolup dur»

□ «Adamlar geň görer»

□ «Bizi abraýdan düşürersiň»

□ «Gaty gymmat»

□ Başga zatlar ․․․․․

Biz bu meselede nädip ylalaşyp bileris?

Enem-atamyň aýdan haýsy zatlaryny göz öňünde tutsam gowy bolar?

․․․․․

Bu eşik göze ilginç bolmaz ýaly näme etse bolar?

․․․․․

Eneň-ataň üçin Ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň satyn alasy ýa geýesi gelýän eşigi barada oýlanyp görüň.

Ol bu eşigi näme üçin geýesi gelýärkä? Aşakda munuň sebäbini tertip sanlar bilen görkezip bilersiňiz.

․․․․․ Ady belli firmanyň önümi

․․․․․ Gyzlara (ýa-da oglanlara) görünmek

․․․․․ Deň-duşlaryna ýaranmak

․․․․․ Gowy gelişýär

․․․․․ Bahasy sebäpli

․․․․․ Başga zatlar ․․․․․

Siz bu eşigi görüp näme diýersiňiz?

□ «Ýok et!»

□ «Aý, boljak»

□ «Gaty gowy»

Siz bu eşigi halamaýandygyňyzy aýdyp näme diýersiňiz?

□ «Gaty özüne çekiji»

□ «Sallam-sajak bolup dur»

□ «Adamlar geň görer»

□ «Bizi abraýdan düşürersiň»

□ «Gaty gymmat»

□ Başga zatlar ․․․․․

Biz bu meselede nädip ylalaşyp bileris?

Biz egin-eşik meselesinde herimiziň öz halaýan zadymyzyň bolany üçin dawalaşýarysmy?

□ Hawa □ Mümkin □ Ýok

Bu eşik göze ilginç bolmaz ýaly näme etse bolar?

․․․․․

Gelen kararyň․․․․․

[84-nji sahypadaky çarçuwa]

Oglanlar barada näme diýse bolar?

Şu bapda seredilen Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlar oglanlara-da degişli. Senem salykatly geýnip, adamlara ýüregiň, ýagny içki dünýäň owadanlygyny görkezmäge jan et. Egin-eşik saýlanyňda, özüňe şeýle soraglary ber: «Muny geýsem, başgalar men barada näme pikir eder? Aslynda, men şeýle adammy?» Egin-eşigiň seniň nähili adamdygyňy görkezýändigini unutma. Goý, seniň geýnişiň ynanýan zatlaryňa gabat gelsin!

[80-nji sahypadaky surat]

Geýýän egin-eşigiň seniň nähili adamdygyňy görkezýän ýazgy ýalydyr

Egin-eşigim meni nähili adam edip görkezýär?