Men Hudaýa nädip şatlyk bilen gulluk edip bilerin?
38-NJI BAP
Men Hudaýa nädip şatlyk bilen gulluk edip bilerin?
16 ýaşly Joşua ýatyrka, ejesi gapydan girip: «Joşua, tur. Sen bu gün ýygnaga gitmelidigimizi bilýärsiň-ä!» diýýär. Joşua Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp-ösdi. Olar her hepde mesihçileriň ýygnak duşuşyklaryna barýarlar. Ýöne soňky döwür Joşuanyň duşuşyklara gidesi gelmeýär.
Şonuň üçinem ol: «Eje, şoňa gitmek hökman-maý?!» diýip zeýrenýär.
Ejesi bolsa: «Gepiňi köpeltme-de, çaltrak geýin. Meniň ýene gijä galasym gelenok» diýýär-de, çykyp gidýär.
Şonda Joşua onuň yzyndan: «Ýöne, eje, sen bir zada düşün, bu meniň dinim däl, seniň diniň» diýip, gaharly gygyrýar. Joşua ejesiniň muny eşidendigini bilýär, sebäbi şol wagt ejesi biraz säginipdi. Ýöne ol sesini çykarman, ýene-de ýöräp gidýär.
Joşua muny aýdanyna gaty ökünýär. Ol ejesiniň göwnüne degmek islemeýärdi. Ýöne ol ejesinden ötünjem sorasy gelmeýär. Onuň bar edip biljek zady...
Ol uludan demini alyp, geýnip başlaýar. Soňra içini gepledip: «Men bu zatlary iru-giç belli-külli çözmeli bolaryn. Men ýygnakda özümi arkaýyn duýubam bilemok. Aslynda, meniň mesihçem bolasym gelenok» diýýär.
SENDE-DE şeýle duýgular bolupdymy? Ruhy işler beýlekilere şatlyk getirse-de, seniň üçin agyr ýük ýaly bolup görünýän bolmagy mümkin. Mysal üçin:
● Sen Mukaddes Ýazgylary öwrenmeklige mekdepde berilýän öý iş ýaly garaýarmyň?
● Öýden-öýe wagyz etmäge islegiň ýokmy?
● Ýygnak duşuşyklaryny ýürekgysgynç hasaplaýarmyň?
Eger sen bu soraglara «hawa» diýip jogap beren bolsaň, onda ruhdan düşme. Sen Hudaýa şatlyk bilen gulluk edip bilersiň. Gel, muny nädip edip bolýandygyna seredeli.
1-NJI KYNÇYLYK Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek
Muny etmek näme üçin aňsat däl? Belki, sen okamagy we öwrenmegi onçakly halaýan dälsiň. Ýa-da saňa ünsüňi jemlemek kyn bolýandyr. Onsoňam, mekdepde berilýän ýumuşlaram başyňdan agdykdyr.
Bu näme üçin wajyp? Mukaddes Ýazgylar «Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp, öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek we Hudaýyň dogry kadalary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16). Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, okan zatlaryň barada oýlansaň, öň bilmeýän zatlaryňy bilip, gözýetimiň hasam giňär. Onsoňam, bir gowy zada ýetmek üçin hökman tagalla etmeli bolýar. Meselem, sen sportuň bir görnüşinde ökdeleşmek isleseň, onuň düzgünlerini öwrenip, türgenleşmeli bolarsyň. Eger sen sagdyn bolmak isleseň, onda maşk etmeli bolarsyň. Şonuň ýaly, Ýaradyjymyzy hem gowy tanamak üçin, onuň Sözüni öwrenmeli.
Deň-duşlaryň näme diýýär? «Men ýokary klaslara geçenimde, durmuşda belli bir karara gelmeli boldum. Okuwçylar her hili erbet işleri edýärdiler. Şol sebäpli men öz ýanymdan: „Menem şolar ýaly bolasym gelýärmi? Aslynda, enem-atam maňa hakykaty öwredýärmikä?“ diýip
oýlanyp başladym. Hawa, men bu zatlara doly göz ýetirmelidim» (Şeza).«Men öwredilýän zatlaryň hakykatdygyna hemişe-de ynanýardym. Ýöne bu zatlara özümem gowy düşünmelidim. Men Hudaýa ýöne bir enem-atamyň göwnüni ýykmazlyk üçin däl-de, öz islegim bilen gulluk edesim gelýärdi» (Nelisa).
Sen näme edip bilersiň? Gyzyklanýan zadyňa we zerurlygyňa görä belli bir temany saýlap, şahsy okuw geçir. Nädip gowy gözleg geçirip bolar? Sen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» a ýaly kitaplar arkaly Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, ynanýan zatlaryňa imanyňy hasam berkidip bilersiň.
Hereket et. Aşakda getirilen temalaryň haýsysy barada köpräk bilesiň gelýän bolsa, 2-3 sanysyny saýlap, gapdalynda ✔ belligi goýup bilersiň. Ýa-da seni gyzyklandyrýan başga temany hem ýazyp bilersiň.
□ Hudaý, hakykatdanam, barmy?
□ Mukaddes Ýazgylaryň Hudaý tarapyn ýazylandygyna näme üçin ynanýaryn?
□ Men näme üçin ewolýusiýa taglymatyna däl-de, ýaradylyşa ynanmaly?
□ Hudaýyň Patyşalygy näme we men onuň bardygyna näme üçin ynanýaryn? Muny başgalara nädip subut edip bilerin?
□ Ölen adamlara näme bolýandygyny nädip düşündirip bilerin?
□ Men direlişiň boljakdygyna näme üçin ynanýaryn?
□ Haýsy diniň hakykydygyny nädip anyklap bilerin?
․․․․․
2-NJI KYNÇYLYK Wagyz etmek
Muny etmek näme üçin aňsat däl? Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryňy başgalara wagyz etmek aňsat bolýan däldir. Ýa-da sen wagyz edip ýörkäň, klasdaşlaryň birine duşaryn öýdüp gorkýan bolmagyň mümkin.
Bu näme üçin wajyp? Isa şägirtlerine: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň... Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň» diýip tabşyryk berdi (Matta 28:19, 20). Emma biziň wagyz etmegimiziň başga-da degerli sebäbi bar. Geçirilen barlaglara görä, käbir ýurtlarda ýetginjekleriň köpüsi Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara ynanýar. Emma olar gelejege bolan umyt barada hiç zat bilmeýärler. Sen Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýändigiň üçin, olara tüýs gerekli habary ýetirip bilersiň. Ynanýan zatlaryňy başgalar bilen paýlaşsaň, özüňem begenersiň, esasanam, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11).
Deň-duşlaryň näme diýýär? «Joram ikimiz ökdelik bilen wagyz etmek üçin birnäçe teklipleri taýýarladyk. Şeýle-de garşylyklary ýeňmegi we ikilenç ideg etmegi öwrendik. Men yhlasly wagyz edip başlanymda, munuň has köp şatlyk getirýändigine göz ýetirdim» (Nelisa).
«Bir uýa maňa gaty gowy kömek etdi. Ol meniň özümden alty ýaş uly. Ol köplenç meni wagza alyp çykýardy. Käwagt bile ertirlik edinýärdik. Ol maňa birnäçe ruhlandyryjy aýatlary görkezip, wagza bolan garaýşymy üýtgetmäge kömek etdi. Indi men adamlara höwes bilen wagyz edýärin. Şol uýa maňa gaty gowy görelde görkezdi. Men onuň bu goldawyny hiç wagt unutmaryn!» (Şanti).
Sen näme edip bilersiň? Ýygnakda özüňden uly dogan-uýalaryň biri bilen dostlaşyp, wagza çykjak bol. Sen bu babatda eneň-ataň bilenem maslahatlaşyp bilersiň (Resullaryň işleri 16:1—3). Mukaddes Ýazgylarda: «Demir demri ýiteldýändir; adam hem öz dostunyň ýitelmegini gazanýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 27:17). Senem özüňden uly, tejribeli dogan-uýalar bilen gatnaşsaň, köp peýda taparsyň. 19 ýaşly Aleks: «Uly ýaşly adamlaryň ýanynda özüňi arkaýyn duýýarsyň» diýýär.
Hereket et. Ýygnakdaky dogan-uýalaryň haýsysynyň saňa ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edip biljekdigini ýaz.
․․․․․
3-NJI KYNÇYLYK Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak
Muny etmek näme üçin aňsat däl? Uzak gün mekdepde oturyp geleniňden soň ýadaw halyňa ýygnaga baryp, bir sagatdan gowrak oturmak hem-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutugy diňlemek kyn bolýandyr.
Bu näme üçin wajyp? Mukaddes Ýazgylarda mesihçilere şeýle maslahat berilýär: «Geliň, bir-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge Ýewreýler 10:24, 25).
höweslendireliň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnaklara sowuk-sala garamalyň, gaýtam, bir-birimizi ruhlandyralyň. Sebäbi biz ol günüň barha golaýlaşýandygyny görýändiris» (Deň-duşlaryň näme diýýär? «Ýygnaga hökman taýýarlanyp barmaly. Ýöne käwagt muny özüňe zor salyp etmeli bolýar. Öňünden gowy taýýarlanyp gitseň, ýygnak has gyzykly geçýär, sebäbi sen näme barada gürrüň edilýändigine gowy düşünip, jogabam berip bilýärsiň» (Elda).
«Men ýygnakda jogap bersem, onuň has gyzykly bolýandygyna göz ýetirdim» (Jesika).
Sen näme edip bilersiň? Ýygnaga öňünden taýýarlanyp git we mümkinçiligiň bolsa, jogap berjek bol. Bu saňa ýygnakda özüňi has ynamly duýmaga kömek eder.
Mysal üçin, sport oýunlaryny ýöne bir telewizorda görseň gowumy ýa-da şol oýna özüň gatnaşsaň? Elbetde, tomaşaçy bolanyňdan, oňa gatnaşanyň has gyzykly bolar. Onda ýygnak duşuşyklarynda-da ýöne oturman, jogap berseň gowy bolmazmy?
Hereket et. Hepdäniň haýsy güni ýygnaga taýýarlanmaga 30 minut wagt sarp edip biljekdigiňi ýaz.
․․․․․
Ýaşlaryň köpüsi Zebur 34:8-däki «Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!» diýen sözlere eýerip, Hudaýa gulluk etmegiň, hakykatdanam, bagtly edýändigine göz ýetirdiler. Dogrudan-da, käwagt bişip duran naharyň ysy janyňy alyp gelýär, ýöne ony diňe dadyp göreniňde tagamyny duýýarsyň. Hudaýa gulluk etmek barada hem şeýle diýse bolar. Senem ruhy işlere yhlasly gatnaşsaň, munuň bol bereket getirýändigine göz ýetirersiň. Mukaddes Ýazgylarda sözi ýöne bir diňlemän, eýsem, ony ýerine ýetirýän adamyň «öz edýän işlerinden hoşal boljakdygy» aýdylýar (Ýakup 1:25).
Durmuşda belli bir maksatlary goýmaga we olara ýetmäge näme kömek eder?
[Çykgyt]
a Ýehowanyň Şaýatlary çap edýär.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Özüňizi alyp barşyňyzy we pikiriňizi özgerdiň. Şonda Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiňiz». Rimliler 12:2
MASLAHAT
Ýygnak duşuşygynda otyrkaň, bir depdere esasy pikirleri bellik et. Şonda wagt çalt geçer, öwrenmegem aňsat bolar.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Ynanýan zatlaryňy barlamagyň erbetligi ýok. Aslynda, özüňde döreýän soraglaryň üstünde oýlanyp, gowy gözleg geçirseň, Hudaý barada bilen zatlaryň hakykatdygyna düşünmäge kömek edýär (Resullaryň işleri 17:11).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Men her gün Mukaddes Ýazgylary okamaga ․․․․․ minut we her hepde ýygnaga taýýarlanmaga ․․․․․ sarp etmekçi.
Ýygnak duşuşyklarynda ünsli diňlemek üçin, men․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym:․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Ýetginjeklere näme üçin ruhy işler ýürekgysgynç ýaly bolup görünmegi mümkin?
● Sen Hudaýa gulluk edeniňde, şu bapda agzalan haýsy üç zadyň üstünde işläp bilersiň?
[278-nji sahypadaky sitata]
«Indi men bu dine ejem bilen kakamyň uýýandygy üçin däl-de, öz islegim bilen uýýaryn. Men Ýehowany öz Hudaýym hasaplaýaryn we ony gynandyrmak islemeýärin» Samanta
[280, 281-nji sahypadaky çarçuwa]
Olar anyk maksatlary goýdular
Mukaddes Ýazgylarda: «Siz ertir näme boljagyny bilmeýärsiňiz» diýilýär (Ýakup 4:14). Käte ölüm duýdansyz gelýär. Ol ýaşy-garryny saýlamaýar. Şonuň üçin senem gaty ýaşka aradan çykan Katrina bilen Kaýl barada okap gör. Olaryň gysga ömrüniň dowamynda Ýehowa Hudaýyň öňünde ýagşy at edinmek üçin nähili ruhy maksatlary goýandyklaryna we oňa ýetmek üçin nämeleri edendiklerine üns berjek bol (Wagyz kitaby 7:1).
Katrina 18 ýaşynda aradan çykýar. Ýöne ol heniz 13 ýaşyndaka, durmuşda nähili maksatlara ýetjekdigini ýazyp, bellik edipdi. Ol doly wagtly gulluk etmegi, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmegi we kakasy bilen Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işlerine gatnaşmagy maksat goýupdy. Onuň ýazan hatynda: «Men ömrümi Ýehowa Hudaýa bagyş etdim!» diýen sözler bar. Katrinanyň esasy maksady «Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşap, onuň ýüregini şatlandyrmakdy». Katrinany jaýlanlarynda, dost-ýarlary onuň «bütin ömrüne Ýehowa ýaramly ýaşamagy ýüregine düwendigini» buýsanç bilen ýatladylar.
Kaýl hem ýaşlygyndan ruhy maksatlary goýmagy öwrenipdi. Ol 20 ýaşyndaka, ulag heläkçiliginde aradan çykdy. Ýöne ol heniz 4 ýaşyndaka, ejesi bilen maksatlaryny ýazypdy. Onuň ölüminden birnäçe wagt geçensoň, dogan-garyndaşlary şol depderi tapdylar. Kaýl suwa çümdürilmegi, Patyşalyk zalynda nutuk bilen çykyş etmegi we Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasynda gulluk etmegi maksat edinipdi. Sebäbi ol Hudaý baradaky hakykaty öwrenmäge kömek edýän edebiýatlary taýýarlamaga gatnaşmak isleýärdi. Ejesi onuň depderine seredip: «Ol bu maksatlarynyň hemmesine ýetdi» diýdi.
Sen öňüňde nähili maksatlary goýduň? Sen özüňe ertir näme boljagyny bilmeýärsiň. Şonuň üçin her günüňi manyly geçirjek bol. Katrina bilen Kaýl ýaly, wagtyňy peýdaly zatlara sarp etjek bol. Şeýle-de ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly gulluk eden Pawlus resuldan görelde al. Ol: «Men gaýduwsyz göreş alyp bardym, ýaryşyň soňuna çenli ylgadym, imanymy goradym» diýdi (2 Timoteos 4:7). Indiki bapda berilýän maslahatlaram saňa öňüňde ruhy maksatlary goýmaga kömek eder.
[275-nji sahypadaky surat]
Beden taýdan sagdyn bolmak üçin maşk etmeli. Ruhy taýdan sagdyn bolmak üçin bolsa Hudaýyň Sözüni öwrenmeli