Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hakyky söýgi näme?

Hakyky söýgi näme?

29-NJY BAP

Hakyky söýgi näme?

Aşakdaky soraglara jogap berjek bol:

1. Seniň pikiriňçe, söýgi näme? ․․․․․

2. Seniň pikiriňçe, aşyklyk näme? ․․․․․

3. Bularyň näme tapawudy bar? ․․․․․

BELKI, bu soraglara jogap bermek saňa beýle bir kyn bolan däldir. Umuman aýdanyňda, saňa söýgi bilen aşyklygyň arasyndaky tapawudy görmek aňsat ýalydyr.

Emma sen hyýalyňda arzuwlap ýören adamyňa duşanyňda, ýagdaý düýbünden üýtgär. Şonda ýüregiňde söýgi ody tutaşyp, erkiňi elden aldyrarsyň we hiç zat bilen seriň bolmaz. Sen munuň hakyky söýgümi ýa-da ýöne bir aşyklykdygyny nädip anyklap bilersiň? Munuň üçin, ilki bilen, soňky ýyllarda gyzlara (ýa-da oglanlara) bolan garaýşyň näderejede üýtgändigine seredeli. Oýlanyp gör:

● Sen 5 ýaşyňdakaň gyzlara (ýa-da oglanlara) nähili garaýardyň?

Häzir nähili garaýarsyň?

Bu soraglara beren jogabyňdan ýaşyň ulaldygyça garaýşyň üýtgändigine göz ýetirensiň. 12 ýaşly Braýan: «Men gyzlara öňküden has köp üns berip başladym» diýýär. 16 ýaşly Elina bolsa şeýle ýatlaýar: «Joralarymyň hemmesi oglanlar barada gürrüň edýärdiler. Şonuň üçin her gören oglanym göwnüme ýaraýan ýaly bolup durdy».

Sende-de şeýle duýgular döreýän bolsa näme edip bilersiň? Bu duýgularyňy üns bermezlige salsaňam, olaryň has güýjemegi mümkin. Şonuň üçin şu üç wajyp zada, ýagny 1) birini halamagyň, 2) aşyk bolmagyň we 3) ýürekden söýmegiň nämedigine gowy düşünjek bol. Sebäbi bu seni biderek kellagyrylardan gorap, hakyky söýgini tapmaga kömek eder.

HALAMAKBu seniň görýän zadyň

«Biz dost oglanlarymyz bilen hemişe gyzlar barada gürrüň edýäris. Gürrüňi başga zada sowjak bolsagam, ýanymyzdan bir owadan gyz geçip gidäýse, näme barada gepleşip oturanymyzam ýadymyzdan çykarýarys» (Aleks).

«Ýüzüňe seredip, mähirli ýylgyrýan we äden ädimini dogumly basýan oglanda gözüň eglenenini duýman galýarsyň» (Lori).

Elbetde, owadan we boý-syratly adamy halamak adaty zat. Ýöne görýän zadyň hemişe seniň pikir edişiň ýaly bolmaýar. Sebäbi adamyň daş keşbi aldawa salyp bilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:22). Bu sözler oglanlara-da degişli.

AŞYK BOLMAKBu seniň duýýan zadyň

«Men 12 ýaşymdakam, bir oglany gowy görýärdim. Ýöne biraz akylym goýalyşyp başlanda, ony näme üçin gowy görendigime düşündim. Joralarymyň hemmesi oglanlar bilen gyzyklanýardylar. Olam oglandy-da!» (Elina).

«Men birnäçe gezek aşyk boldum.Ýöne köplenç gyzlaryň owadanlygyna üns berýärdim. Gyzy ýakyndan tanap başlanymda bolsa biri-birimize mynasyp däldigimize düşünýärdim» (Mark).

Aşyklyk duýgusy söýgä meňzeş ýaly bolup görünse-de, olar biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar. Aslynda, bularyň ikisem yşka düşmek bilen bagly zat. Emma aşyk bolan adam diňe daş keşbe üns berýär, şonuň üçinem onuň duýgusy beýle bir çynlakaý bolmaýar. Şeýle-de aşyklyk duýgusy adamyň gowşak taraplaryna göz ýumup, gowy taraplaryny hasam ulaldyp görkezýär. Şol sebäpli-de, aşyklyk duýgusy deňziň kenarynda çägeden ýasalan öý ýaly bolýar. Fiona atly gyz: «Ol gaty çalt geçip gidýär. Sen bir gün birine aşyk bolsaň, indiki aý başga birine şeýle duýgy döräp bilýär» diýýär.

ÝÜREKDEN SÖÝMEKBu seniň bilýän zadyň

«Birini ýürekden söýseň, ony näme üçin gowy görýändigiňe düşünýärsiň. Hakyky söýgi diňe öz peýdasyny gözlemeýär» (Deýwid).

«Meniň pikirimçe, söýgi gitdigiçe güýjemelimikä diýýärin. Ilki siziň araňyzda ýöne bir dostlukly gatnaşyklar bolsa, soňra birek-biregi gowy tanap, hasam ysnyşýarsyň we ýüregiňde üýtgeşik duýgular döräp başlaýar» (Judi).

Ýürekden söýseň, adamyň güýçli taraplarynam, gowşak taraplarynam aýdyň görýärsiň. Mukaddes Ýazgylarda söýginiň ýöne bir duýgy däldigi aýdylýar. Onda: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir... Ähli zada çydaýandyr, ähli zada iman edýändir, ähli zada umyt baglaýandyr, ähli zada döz gelýändir. Söýgi ebedi dowam eder» diýilýär (1 Korinfliler 13:4, 7, 8). Hawa, ýürekden söýýän adam söýgüsini iş ýüzünde görkezýär. Ol ýöne bir ynanjaňlyk ýa-da köre-körlük bilen söýmeýär. Onuň söýgüsiniň degerli sebäpleri bolýar.

Hakyky söýginiň nusgasy

Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Ýakup bilen Raheliň mysalyndan hakyky söýginiň nämedigine düşünse bolýar. Rahel kakasynyň goýunlaryny guýynyň ýanyna suwa ýakmaga getirende, Ýakup ony ilkinji gezek görýär. Ol Raheli gören badyna halaýar. Sebäbi ol «syratlydy we owadandy» (Gelip çykyş 29:17).

Emma ýadyňda bolsa, hakyky söýgi daş keşbe seretmeýär. Ýakubam Raheliň diňe daşky gözelligine maýyl bolmandy. Mukaddes Ýazgylarda Ýakubyň ony ýöne bir halandygy aýdylmaýar. Onda: «Ýakup Raheli söýdi» diýilýär (Gelip çykyş 29:18).

Ýakubyň söýgüsi, wagtyň geçmegi bilen, sowaşdymyka? Ýok, soňky bolan wakalar Ýakubyň Raheli ýürekden söýendigini görkezýär. Bu olaryň söýgüsiniň ýaňy bir başlangyjydy. Raheliň kakasy sebäpli, Ýakup 7 ýyl garaşmaly boldy. Şeýdip, onuň söýgüsi synaldy. Eger Ýakup Rahele ýöne bir aşyk bolan bolsa, oňa şonça ýyllap garaşmazdy. Diňe hakyky söýgi wagt synagyndan geçip bilýär. Eýsem, Ýakup muny başardymyka? Mukaddes Ýazgylarda: «Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi» diýilýär (Gelip çykyş 29:20).

Ýakup bilen Raheliň mysalyndan näme öwrenýäris? Hakyky söýgi wagt synagyna döz gelip bilýär. Ol diňe daş keşbe seretmeýär. Senem birini başda kän bir sulhuň almasa-da, soňabaka ony gowy görüp başlamagyň mümkin. Barbara uýa hem bir dogana başda kän bir üns bermändigini aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Stiweni gowy tanap başlanymda, ähli zat düýbünden üýtgedi. Onuň adamlara üns berip, ýürekden aladasyny edýändigini we hemişe başgalaryň islegini özüniňkiden ýokary tutýandygyny görenimde, onuň gowy ýanýoldaş boljakdygyna göz ýetirdim. Şonuň üçinem oňa has ysnyşyp, ýürekden söýüp başladym». Netijede, olar bagtly maşgala gurdular.

Senem biri bilen duşuşyp başlamakçy bolsaň, ony ýürekden söýýändigiňi nädip anyklap bilersiň? Ýürek bu meselede bize gowy maslahatçy bolup bilmeýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen aň-düşünjäň bilen hereket etjek bol. Adamyň diňe daş keşbine üns berme. Goý, siziň gatnaşyklaryňyz kem-kemden berkesin. Aşyklyk duýgusynyň az wagtdan geçip gidýändigini unutma. Emma hakyky söýgi gün saýyn berkäp, «adamlary doly agzybir edýändir» (Koloslylar 3:14).

Eger sen birini halamaklygyň (bu seniň görýän zadyň) we aşyk bolmagyň (bu seniň duýýan zadyň) nämedigine gowy düşünseň, hakyky söýgini tapyp bilersiň. Indiki 3 sahypadaky zatlar hem bu babatda saňa gowy kömek eder.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 1, 3-NJI BAPLARYNY OKAP BILERSIŇ

INDIKI BAPDA

Eger hakyky söýgini tapan bolsaň, durmuş gurmaga taýyndygyňa nädip göz ýetirmeli?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler». Nagmalar nagmasy 8:7

MASLAHAT

Göwnüňe ýaraýan adamy gowy tanaýandygyňa göz ýetirmek üçin, II tomuň 39-njy (gyzlar üçin) we 40-njy (oglanlar üçin) sahypasyndaky soraglara jogap berip bilersiň.

BILÝÄRSIŇMI... ?

Duşuşmak meselesine çynlakaý garaman, arasyny çalt kesýän ýaşlar, belli bir manyda aýdanyňda, maşgala guranyndan soň aýrylyşmaga «taýýarlanýarlar».

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ýüregimdäki duýgynyň hakyky söýgümi ýa-da ýöne bir aşyklykdygyny anyklamak üçin, men ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Hudaý näme üçin erkek bilen aýaly biri-birini ýürekden söýer ýaly edip ýaratdy?

● Ýetginjeklik döwri döreýän «söýgi» näme üçin çalt geçip gidýär?

[207-nji sahypadaky sitata]

«Söýgi päsgelçilikleri ýeňip geçýär. Aşyklyk duýgusy bolsa ýagdaý üýtgese ýa-da kynçylyk ýüze çyksa, derrew ýok bolup gidýär. Hakyky söýgini ösdürmek üçin köp wagt gerek bolýar» Daniýela

[209-njy sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

SEN NÄME EDERDIŇ?

Maýkl bilen Judi 3 aý bäri duşuşýar. Judi durmuşyny Maýklsyz göz öňüne-de getirip bilmeýär. Sebäbi Maýkl ony söýgi-mähir bilen gurşap alyp, hatda oňa näme geýmelidigini, kim bilen gatnaşmalydygyny hem aýdýar. Ol Judä edil şagyzy ýaly garaýar. Ýöne geçen hepde Maýkl Judiniň bir oglan bilen gepleşip durandygyny görende, gahary gelip, ony urdy.

Maýkl şeýle diýýär: «Judi meniň ony ýitirmekden gorkýandygymy bilýärdi ahyry. Men başga bir oglanyň halaşyp ýören gyzymy elimden almagyna ýol bererinmi?! Judini uranyma özümem gynanýaryn. Ýöne ol başga bir oglan bilen durdy-da! Onsoňam, men ondan ötünç soradym-a!»

Judi şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam Maýkl gaty özdiýenli oglan diýýär. Ýöne onuň bolşy şeýle-dä! Ol hiç wagt meni erbetlik etmäge iterenok. Onuň meni urandygyny ejem bilen kakama aýtmadym. Aslynda, muňa meniň özümem günäkär, men başga bir oglan bilen gepleşip durdum-da! Maýkl bolsa meni gaty gabanýar, bu maňa ýaramanam duranok. Onsoňam, ol menden ötünç sora-da, özem indi muny hiç wagt gaýtalamajakdygyny aýtdy».

Öz pikiriň: Maýkl bilen Judiniň gatnaşygynda göwnüňe ýaramadyk zat barmy? Sen nämeleri halamadyň?

Judi näme etse gowy bolar? ․․․․․

Sen näme ederdiň? ․․․․․

[210-njy sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Sen näme ederdiň?

Entoni bilen Alisa iki aý bäri duşuşýar. Ol Alisanyň gaty dillijedigini, esasanam, ene-atasyna öz sözüni ýöredýändigini bilýär. Alisa köplenç ene-atasy bilen dawalaşýar, ony hiç wagt sözde ýeňip bolmaýar. Ol tä özüniňkini gögerdýänçä, ene-atasy bilen gidişýär. Alisa Entoniniň ýanynda ene-atasyny «barmagynda pyrlaýandygyny» aýdyp öwünýär.

Entoni şeýle diýýär: «Alisa näme pikir edýän bolsa, şonam aýdýar. Ol hiç kime, hatda öz ene-atasyna-da ýaranjak bolup durmaýar. Onuň kakasam bir ýüregedüşgünç adam-da! Şonuň üçinem Alisa özüni saklap bilýän däldir. Ýöne ol hemişe gygyryp ýörenog-a. Ol isleýän zadyny alýança, öýkelän bolýar, gözüni süzüp, aglap görýär, garaz, ejesi bilen kakasynyň içine-daşyna geçip, olara diýenin-ä etdirip bilýär».

Alisa şeýle diýýär: «Men hiç kimden çekinip duramok, näme diýjek bolsam, adamyň göni ýüzüne aýdýaryn. Men başgalara gülüm-ýalym edip ýöresim gelenok. Entoni hem muny gowy bilýär. Ol meniň enem-atam bilenem özümi nähili alyp barýanymy görendir».

Öz pikiriň: Entoni bilen Alisanyň gatnaşygynda göwnüňe ýaramadyk zat barmy? Sen nämeleri halamadyň?

Entoni näme etse gowy bolar? ․․․․․

Sen näme ederdiň? ․․․․․

[211-nji sahypadaky çarçuwa]

Bellik depderçäm

Söýgümi ýa aşyklyk?

Aşakdaky sözlemleriň boş ýerine söýgi/söýeniňde ýa-da aşyklyk/aşyk bolanyňda diýen sözleriň haýsysyny goýmalydygyny biljek bol.

1. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ adamyň kemçiliklerine göz ýumýar we hakykata dogry göz bilen seredesi gelmeýär» (Kelwin).

2. «Eger men halaýan gyzyma özümi gowy görkezjek bolýan bolsam, onda bu ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․» (Tomas).

3. «Belki, sen adamyň käbir hereketlerini halaýanam dälsiň. Ýöne bu ․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ bolsa, sen şol adamyň ýanynda galmak we oňa geçirimlilik etmek isleýärsiň» (Raýan).

4. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ diňe araňyzdaky meňzeşlige üns berýärsiň» (Klawdiýa).

5. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ nähili adamdygyňy gizlejek bolup durmaýarsyň» (Ewa).

6. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ bu diňe özüňi bilmeklik bolýar. Başgalaryň ýanynda halaşýan oglanyň bardygyny aýdyp, öwnesiň gelýär» (Elison).

7. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ adamyň kemçiliklerini we gowşak taraplaryny bilseňem, onuň ýanynda bolasyň gelýär» (Eýpril).

8. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ adamy näme üçin gowy görýändigiňi oňly düşündiribem bilmeýärsiň» (Deýwid).

9. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ seniň göwnüňe, şol adam hiç wagt ýalňyşmaýan ýaly görünýär» (Çelsiýa).

10. «․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․․ başga gyzlara seretmeýärsiň, sebäbi halaşýan gyzyňa wepaly bolasyň gelýär» (Daniýel).

Jogaplary: Aşyklyk/aşyk bolanyňda: 1, 2, 4, 6, 8, 9 Söýgi/söýeniňde: 3, 5, 7, 10.

[206-njy sahypadaky surat]

Aşyklyk duýgusy deňziň kenarynda çägeden ýasalan öý ýalydyr. Ol tolkun gelip uran badyna ýumrular