Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme etmeli?
26-NJY BAP
Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme etmeli?
«Oglan-gyzlar biri-birine azgyn höwes bilen bakyp, lak atmagy oýunjak zat hasaplaýarlar. Olar hatda näçe adam bilen jynsy gatnaşyk edýändigini sanabam görýärler». Peni
«Oglanlar bu zatlar barada gürrüň etmäge çekinmeýärler. Gaýtam, olar bir gyz bilen halaşýan bolsa, başga-da birgiden gyz bilen ýatyp-turýandygyny aýdyp öwünýärler». Edward
ŞU GÜNLER ýaşlaryň köpüsi biri bilen tanşyp-tanyşmanka jynsy gatnaşyk edendigine gaty buýsanýarlar. Olaryň käbiri biri-birine «söýýän-köýýän» diýip, näz-kereşme edip oturman, göni jynsy gatnaşykda bolanyny kem görmeýärler.
Käte sende-de şeýle höwes döremegi mümkin (Ýermeýa 17:9). Ýokarda agzalan Edward: «Köp gyzlar maňa olar bilen ýatyp-turmagy teklip etdiler. Hudaýa gulluk edýändigim üçin şeýle işlerden gaça durmalydygyma düşünsemem, olara „ýok“ diýmek maňa gaty kyn bolýar» diýýär. Eger saňa-da jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsiplere eýerip bilersiň?
Bu näme üçin nädogry?
Ahlaksyzlyk agyr günä bolup, bu iş bilen meşgullanýanlar «Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (1 Korinfliler 6:9, 10). Oglan bilen gyz halaşsyn-halaşmasyn jynsy gatnaşyk etse, ahlaksyzlyk etdigi bolýar. Şeýle ýagdaýlarda synaga garşy durup biler ýaly, ahlaksyzlyga Ýehowa ýaly garamagy öwrenmeli.
«Men Ýehowanyň ýolunyň durmuşda iň gowy ýoldugyna berk ynanýaryn» (Kerin, Kanadada ýaşaýar).
«Sen biriniň ogly ýa-da gyzydygyňy, köpleriň dostudygyňy hem-de Hudaýyň halkyna degişlidigiňi unutma. Eger synagda ýykylsaň, olary gaty gynandyrarsyň» (Piter, Beýik Britaniýada ýaşaýar).
Ahlaksyzlyga Ýehowanyň garaýşy ýaly garasaň, şeýle işler nähili özüne çekiji bolsa-da, «ýamanlygy ýigrenmegi» başararsyň (Zebur 97:10).
Goşmaça aýatlar: Gelip çykyş 39:7—9-njy aýatlary okap, Ýusuba ahlaksyzlyk etdirjek bolanlarynda, onuň çürt-kesik garşy çykandygyna we synagda berk durmaga oňa nämäniň kömek edendigine üns berjek bol.
Ynanýan zatlaryňy gymmat saý
Ýaşlyk döwri adam köplenç öz garaýşyny dogry hasaplap, ony açyk düşündirmäge çekinmeýär. Senem özüňi alyp barşyň bilen, Hudaýyň kada-kanunlarynyň dogrudygyny görkezip bilýärsiň. Eýsem, bu uly hormat dälmi näme?! Şonuň üçin nikadan öň jynsy gatnaşyk etmegi makullamaýandygyňy açyk aýtmaga çekinme.
«Ahlak kadalara görä ýaşaýandygyňy eýýäm başdan hemmelere görkezjek bol» (Alen, Germaniýada ýaşaýar).
«Ýokary klasda okaýarkam, oglanlar meniň Ýehowanyň Şaýadydygymy bilýärdiler. Şonuň üçinem olar meni yryp bilmejekdiklerine düşünýärdiler» (Wika, ABŞ-da ýaşaýar).
Ynanýan zatlaryňa berk eýerseň, ruhy taýdan ýetişen mesihçidigiňi görkezersiň (1 Korinfliler 14:20).
Goşmaça aýatlar: Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okap, dogry işleri etseň, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýandygyň barada oýlan.
Dogumly bol
«Ýok» diýmek örän wajyp. Ýöne käbirleri muňa nädogry düşünip, näziňi çekdirjek bolýansyň öýtmegi mümkin.
«Seniň ahlaksyzlyk etmek islemeýändigiň ähli zadyňdan, ýagny geýnişiňden, gepleýşiňden, gatnaşýan adamlaryňdan we özüňi alyp barşyňdan görünmeli» (Joý, Nigeriýada ýaşaýar).
«„Ýok“ diýeniňden soň, sözüňden asla dänmejekdigiňi görkez. Göwnüňi awlajak bolýan oglanlardan hiç hili sowgat alma. Sebäbi olar öwezine bir zat etmegiňi talap ederler» (Lara, Beýik Britaniýada ýaşaýar).
Eger dogumly bolsaň, Ýehowa saňa hökman kömek eder. Mezmurçy Dawut hem Hudaýyň hemişe goldaýandygyna göz ýetirip: «Sen wepaly adama wepalylygyňy görkezersiň» diýdi (Zebur 18:25, «Täze dünýä terjimesi»).
2 Ýyl ýazgylary 16:9-y okap, dogry ýoldan ýöremek isleýän adamlara Ýehowanyň höwes bilen kömek edýändigine üns ber.
Goşmaça aýatlar:Etjek işiň netijesi barada oýlan
Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Sen bu sözlere nädip eýerip bilersiň? Etjek işiň netijesi barada oýlan!
«Ahlaksyz zatlar barada gürrüň edýänlerden daşrakda dur» (Naomi, Ýaponiýada ýaşaýar).
«Öý salgyňy, telefon belgiňi we özüňe degişli başga-da maglumatlary aýtma» (Diýana, Beýik Britaniýada ýaşaýar).
Özüňi alyp barşyňa, gepleýşiňe, gatnaşýan adamlaryňa we köplenç gidýän ýerleriňe üns ber. «Men bilgeşleýin etmesem-de,
özümi alyp barşym bilen, başgalaryň ünsüni çekip, meniň bilen jynsy gatnaşyk etmäge höwes döredýärmikäm?» diýip oýlanyp gör.Goşmaça aýatlar: Gelip çykyş 34:1, 2-nji aýatlary okap, Dinanyň erbet ýerlere barandygy sebäpli, betbagtçylyga uçrandygy barada oýlan.
Köp adamlar nikadan öň jynsy gatnaşyk etmäge ýöne bir bolaýmaly zat ýaly seredýärler. Emma Ýehowa Hudaý muny agyr günä hasaplaýar. Şonuň üçin senem ahlaksyzlyga şeýle garaýyşda bolmaly. Dogrulyk etmäge jan etseň, Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edersiň we öz mertebäňi hem saklarsyň. Kerol atly gyz: «Biriniň islegini kanagatlandyrjak bolup, özüňi oýnatma. Ýehowanyň göwnünden turmak üçin eden tagallalaryň baryny biderek etme!» diýýär.
Oglanlar nähili gyzlary gowy görýär? Sen muny bilseň, gaty haýran galarsyň!
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Hudaýyň öňünde päk, ýazyksyz hasaplanar ýaly, onuň bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin eliňizde baryny ediň». 2 Petrus 3:14
MASLAHAT
Içki dünýäň owadan bolmagy üçin gowy häsiýetleri ösdürmäge jan et (1 Petrus 3:3, 4). Hudaýa ýaramly häsiýetleriň bolsa, ahlak taýdan bozuk adamlar saňa azar berip durmaz.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Ýehowanyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk adamda biynjalyklanma, ynamsyzlyk we ökünmek ýaly duýgulary döretmän, lezzet bermeli. Şol sebäpli diňe maşgala guran är-aýala şeýle gatnaşykda bolmaga rugsat berilýär.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Ýusubyň göreldesine eýerip, ahlak taýdan arassa galmak üçin, men ․․․․․
Dinanyň goýberen ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly, men ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Nikadan öň jynsy gatnaşyk etmek giňden ýaýran bolsa-da, ondan gaça durmak näme üçin wajyp?
● Kimdir biri seni jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolsa näme edersiň?
[185-nji sahypadaky sitata]
«„Ýok!“ diýmäge gorkma. Bir oglan maňa bile ýatmagy teklip edende, men oňa: „Gümüňi çek, degme maňa!“ diýip ýüzüni aldym. Şondan soň ol gaýdyp men tarapa seretmez ýaly boldy» Elen
[187-nji sahypadaky surat]
Nikadan öň jynsy gatnaşyk etseň, öz gadyryňy gaçyrarsyň