Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Masturbasiýa etmek endigimi nädip goýmaly?

Masturbasiýa etmek endigimi nädip goýmaly?

25-NJI BAP

Masturbasiýa etmek endigimi nädip goýmaly?

«Men 8 ýaşymdakam, masturbasiýa edip başladym. Soňra Hudaýyň muňa nähili garaýandygyny bildim. Her gezek özüme erk edip bilmedik wagtym öz-özümi ýigrenip: „Hudaý meniň ýaly adamy nädip gowy görsün?!“ diýýärdim». Luiz

ADAM ýetişip, kemala gelip başlanda, jynsy höwesleri hasam güýjäp bilýär. Şol sebäpli ol masturbasiýa edip başlamagy mümkin a. Köp adamlar munuň hiç hili erbetligi ýokdur öýdýärler. Olar: «Bu hiç bir adama zyýan ýetirmeýär» diýýärler. Emma şeýle endikden gaça durmaga degerli sebäpler bar. Pawlus resul: «Beden agzalaryňyzdaky... erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň» diýip ýazdy (Koloslylar 3:5). Masturbasiýa etmek jynsy höwesleri öldürmän, gaýtam, güýçlendirýär. Gel, şu zatlar barada oýlanyp göreli:

● Masturbasiýa etmek adamy diňe özüni bilmäge iterýär. Sebäbi ol diňe öz islegini kanagatlandyrmak barada pikirlenýär.

● Masturbasiýa edýän adam başga jynsdaky adama ten höweslerini kanagatlandyrmak üçin ulanylýan zat ýaly garaýar.

● Masturbasiýa edip, diňe özi barada pikir edýän adam maşgala gatnaşyklaryndan doly lezzet alyp ýa-da är-aýallyk borjuny dogry ýerine ýetirip bilmeýär.

Şol sebäpli senem jynsy höwesiň güýçlenende, islegiňi kanagatlandyrmak üçin masturbasiýa etmän, özüňe erk etjek bol (1 Selanikliler 4:4, 5). Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda maslahat berlişi ýaly, jynsy höwesiňi oýaryp biljek ýagdaýlardan gaça dur (Süleýmanyň tymsallary 5:8, 9). Emma sen masturbasiýa etmegi endik edinen bolsaň näme? Belki, bu endigiňi ençeme gezek goýjak bolansyň, ýöne başa baran däldir. Şeýle ýagdaýda özüňden göwnüň geçip, Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşamagy başarmaýaryn diýip pikir edýänsiň. Pedro atly oglan hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ol: «Erbet höweslerime erk edip bilmän, masturbasiýa edenimde, özümi gaty dereksiz duýýardym. Meniň bu eden işim hiç wagt bagyşlanmaz diýip pikir edýärdim. Şonda Hudaýa doga etmäge-de dilim barmaýardy» diýýär.

Eger senem şeýle ýagdaýa düşýän bolsaň, lapykeç bolma. Sebäbi seniň ýagdaýyň çykalgasyz däl. Ýaşlaryň we uly adamlaryň köpüsi masturbasiýa etmek endigini goýup bildiler. Muny senem başararsyň!

Özüňi günäkärlemek

Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, masturbasiýa etmegi endik eden adamlar köplenç özüni günäkärleýärler. Elbetde, «Hudaýyň islegine laýyk gynanmak» ýaramaz endigiňe garşy göreşmäge höweslendirýär (2 Korinfliler 7:11). Emma özüňi çendenaşa günäkärlemek erbet netijeleri berip biler. Sen gaty göwnüçökgünlige düşüp, bu endigiňe garşy göreşmegiňi bes etmegiň hem mümkin (Süleýmanyň tymsallary 24:10).

Şonuň üçin düşen ýagdaýyňa dogry garaýşy saklajak bol. Masturbasiýa hapa işlere degişli bolup, «dürli höwesleriň we keýpi-sapanyň guly» bolmaga iterýär hem-de ýaramaz pikirleri döredýär (Titus 3:3). Ýöne masturbasiýa ýigrenji ahlaksyzlyk ýaly agyr günä hasaplanmaýar (Ýahuda 7). Eger seniňem masturbasiýa etmek endigiň bar bolsa, Hudaýyň öňünde bagyşlanmaýan günä edýärin diýip pikir etme. Esasy zat — erbet höwesleriňe garşy durmaly we göreşmegiňi bes etmeli däl.

Emma özüňe erk edip bilmedik wagtyň göwnüçökgünlige düşmegiň mümkin. Şeýle ýagdaýda Süleýmanyň tymsallary 24:16-daky: «Dogry adam ýedi gezek ýykylsa-da, galýandyr; erbetler bolsa belanyň içine taýýandyr» diýen sözleri unutma (Süleýmanyň tymsallary 24:16). Käte synagda ýykylsaňam, bu seniň asla düzelmejekdigiňi aňlatmaýar. Şonuň üçin hiç haçan ýan berme. Gaýtam, «ýykylmagyňa» nämäniň sebäp bolandygyny anyklap, ony indiki gezek gaýtalamajak bol.

Şeýle-de Hudaýyň söýgüsi we rehimdarlygy barada oýlan. Ejizläp, günä eden mezmurçy Dawut hem: «Atanyň ogullaryna nähili haýpy gelýän bolsa, şonça-da Rebbiň Ondan gorkýanlara haýpy gelýändir. Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» diýdi (Zebur 103:13, 14). Hawa, Ýehowa biziň günälidigimize düşünip, «geçirimlilik» edýär (Zebur 86:5). Emma ol biziňem öz üstümizde işlemek üçin tagalla etmegimizi isleýär. Senem masturbasiýa etmek endigiňi goýup biler ýaly nämeleri edip bilersiň?

Dynç alşyňy ünsli saýla. Sen jynsy höwesleri oýarýan kinolary, telegepleşikleri görýärmiň ýa-da Internet saýtlaryna girýärmiň? Mezmurçy Hudaýa doga edip: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýdi b (Zebur 119:37).

Ünsüňi başga zatlara sowjak bol. Wilýam atly bir dogan şeýle maslahat berýär: «Ýatmazyňdan öň Mukaddes Ýazgylary ýa-da oňa esaslanan edebiýatlary oka. Sebäbi günüň ahyrynda ruhy zatlar barada oýlanmak örän wajyp» (Filipililer 4:8).

Ýakyn adamyňa ýagdaýyňy düşündir. Sen kynçylygyňy ýakyn adamyňa gürrüň bermäge utanmagyň mümkin. Emma şeýle etseň, erbet endigiňe garşy göreşmäge kömek eder. Deýwid atly bir dogan hem muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men kakam bilen ikiçäk oturyp, oňa ýagdaýymy düşündirdim. Şonda onuň aýdan sözleri hiç wagt ýadymdan çykmaz. Ol maňa mähir bilen ýylgyryp seretdi-de: „Men saňa buýsanýaryn, oglum!“ diýdi. Sebäbi ol bu gürrüňe başlamagyň maňa aňsat bolmandygyna düşünýärdi. Onuň aýdan sözleri meniň göwnümi göterip, erbet endigime garşy göreşmäge güýç berdi.

Soňra kakam meniň hiç wagt düzelmejek adam däldigimi düşündirmek üçin Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýatlary okap berdi. Şeýle-de ol meniň bu endigimiň erbet işdigine doly göz ýetirmegim üçin başga-da aýatlary görkezdi. Kakam maňa geçeni geçdi bilip, diňe öňe ymtylmalydygymy we bu barada soň ýene-de gürrüň etjekdigimizi aýtdy. Şeýle-de özüme erk edip bilmedik wagtym göwnüçökgünlige düşmän, indiki gezek bu ýalňyşymy gaýtalamaz ýaly has köpräk tagalla etmäge höweslendirdi». Bu Deýwide nähili täsir etdi? Ol: «Kynçylygymy kakama gürrüň berip, onuň kömegini kabul edenimde, bu maňa köp peýda berdi» diýýär c.

INDIKI BAPDA

Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme üçin gaty seresap bolmaly?

[Çykgytlar]

a Jynsy höwesiň öz-özünden döremegine masturbasiýa diýip bolmaz. Mysal üçin, ýaş oglanlaryň gije tohumy akmagy ýa-da jynsy höwes bilen oýanmagy mümkin. Gyzlaryň hem aýbaşy döwrüniň öňünden ýa-da soňundan jynsy höwesi güýçlenip bilýär. Emma masturbasiýa jynsy höwesleri bilgeşleýin oýarmak üçin jyns organlaryny sypalamagy ýa-da owkalamagy aňladýar.

b Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 33-nji babyna seredip bilersiň.

c Bu barada köpräk bilmek üçin, II tomuň 239—241-nji sahypalaryna seredip bilersiň.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Ýaşlyk höweslerinden gaça dur, Hudaýy päk ýürekden çagyrýan adamlar bilen birlikde dogrulyga, imana, söýgä we parahatlyga ymtyl». 2 Timoteos 2:22

MASLAHAT

Erbet höwesleriň heniz güýjemänkä, Ýehowa doga edip, synaga garşy durup biler ýaly güýç sora (2 Korinfliler 4:7).

BILÝÄRSIŇMI... ?

Gowşaklyk edýän adam erbet höweslerini basman, gaýtam, olara eýerýär. Düşünjeli adam bolsa ýeke galanda-da, özüne erk etmegi başarýar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Pikirimi arassa saklamak üçin, men ․․․․․

Erbet höweslerime eýermän, gaýtam ․․․․․

Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?

● Ýehowanyň «geçirimli» Hudaýdygyny ýatda saklamak näme üçin wajyp? (Zebur 86:5).

● Ýehowa adamy jynsy islegler bilen ýaratdy. Ýöne ol biziň käbir ýagdaýlarda özümize erk etmegimizi isleýär. Diýmek, Hudaý bizden nämä garaşýar?

[182-nji sahypadaky sitata]

«Men bu endigimi goýanymdan soň, Ýehowa arassa ynsap bilen gulluk edip başladym. Men muny hiç zada çalyşmaryn!» Sara

[180-nji sahypadaky surat]

Ylgap barýarkaň ýykylsaň, öňki geçen ýoluň biderekdigini aňlatmaýar. Erbet endigiňe garşy göreşeniňde-de käte özüňe erk edip bilmeseň, öňki eden tagallalaryň barynyň puja çykdygy bolmaýar