Enem-atam bilen nädip gürleşsemkäm?
1-NJI BAP
Enem-atam bilen nädip gürleşsemkäm?
«Men enem-atam bilen gürleşip, içimi dökjek bolanymda, olar meni soňuna çenli diňlemän, sözümi böldüler. Men olar bilen gürleşmek üçin şonça jan etsemem, bary biderek boldy». Roza
ÇAGA wagtyň saňa kömek gerek bolanda, derrew eneň-ataň ýanyna ylgansyň. Sen olara ähli zady jikme-jik gürrüň berensiň. Eneň-ataňa pikirleriňi we duýgularyňy açyk aýdyp, olaryň berýän maslahatyna gulak asansyň.
Indi bolsa saňa olar bilen düşünişmek kyn bolýandyr. Ediýa atly bir gyz şeýle gürrüň berýär: «Bir gün agşam nahar iýip otyrkak, men aglap, ejem bilen kakama ýüregimi döküp başladym.
Olar meni diňleselerem, ýagdaýyma düşünmediler. Şonda men otagyma gidip, öňküdenem beter agladym».Belki-de, sen käbir ýagdaýlarda eneň-ataňa ýüregiňi açasyň gelýän däldir. Kristofer atly oglan şeýle diýýär: «Men enem-atam bilen köp zat barada gürrüň etsemem, käwagt olaryň ýüregimdäki ähli zady bilmegini islemeýärin».
Eýsem, syr saklamak nädogrumy? Eger ýüregiňde mekirlik bolmasa, syr saklamagyň hiç hili erbetligi ýok (Süleýmanyň tymsallary 3:32). Emma eneň-ataň bilen düşünişmek kyn bolsa-da ýa-da olara içiňi dökmek islemeseň-de, olar bilen gürleşip, pikiriňi we duýgularyňy açyk aýtsaň gowy bolar.
Gürleşmek üçin eliňde baryny et
Eneň-ataň bilen gürrüňdeş bolmagy ulag sürmek bilen deňeşdirse bolar. Ulagly barýarkaň ýol ýapylyp, päsgelçilik dörese, sen munuň üçin kän bir biynjalyklanman, başga ýol gözleýärsiň. Gel, bu babatda iki mysala seredeli.
PÄSGELÇILIK 1 Sen eneň-ataň bilen gepleşjek bolýarsyň, ýöne olar seni diňlemeýän ýaly görünýär. Liýa atly bir gyz şeýle diýýär: «Kakam bilen gepleşmek maňa gaty kyn düşýär. Sebäbi men oňa bir zat gürrüň berip otyrkam, käte ol: „Sen ýaňy maňa bir zat diýdiňmi?“ diýip soraýar».
SORAG: Liýa kynçylygy barada kakasy bilen hökman gürleşmeli bolsa näme etmeli? Munuň azyndan üç usuly bar.
Usul 1
Kakasyna gygyrýar. Liýa sesini gataldyp: «Men-ä saňa janygyp düşündirip otyryn, sen bolsa diňläňogam!» diýýär.
Usul 2
Kakasy bilen gepleşmeýär. Şondan soň Liýa öz kynçylygy barada kakasynyň ýanynda dil ýarmaýar.
Usul 3
Kynçylygy barada gürleşmek üçin amatly pursada garaşýar. Liýa amatly pursat bolanda kakasy bilen gürleşýär ýa-da kynçylygyny hat arkaly düşündirýär.
Seniň pikiriňçe, Liýa haýsy usuly saýlasa gowy bolar?
Gel, şol usullaryň her birine aýratynlykda seredip, olaryň nähili netije berip biljekdigi barada oýlanaly.
Liýanyň kakasy öz pikirlerine gümra bolup, gyzynyň ondan gaty görendigini bilmeýär. Eger Liýa 1-nji usuly saýlap, sesini gataldyp geplese, kakasy onuň näme üçin gygyrýandygyna-da düşünmez. Şonuň üçin kakasy onuň aýdýan zatlaryny ünsli diňlemez. Şeýle-de Liýanyň öz kakasyna hormat goýmadygy bolar (Efesliler 6:2). Diýmek, 1-nji usul gowy netije bermez.
2-nji usul aňsat bolsa-da, oňa paýhasly diýip bolmaz. Sebäbi «maksada maslahatsyz ýetip» bolmaýar (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Liýa kynçylyklaryny çözmek üçin kakasy bilen gepleşmeli. Kakasy Liýanyň nähili kynçylygynyň bardygyny bilmese, oňa hiç hili kömek edip bilmez. Hawa, dymmak bilen kynçylygy çözüp bolmaýar.
3-nji usulda Liýa päsgelçiligiň oňa uly böwet bolmagyna ýol bermän, kynçylygy barada kakasy bilen başga wagt gürleşmäge çalyşýar. Eger Liýa kakasyna hat ýazyp, ýagdaýyny düşündirse, biraz rahatlanar. Şeýle-de ol hat üsti bilen ýüregindäkini açyk beýan edip biler. Kakasy Liýanyň hatyny okap, gyzynyň oňa näme diýjek bolandygyna göz ýetirer we onuň ýagdaýyna gowy düşünip biler. Diýmek, 3-nji usul Liýanyň özüne-de, kakasyna-da peýdaly bolar.
Liýa ýene-de näme edip biler? Sen aşakda öz pikiriňi ýazyp, onuň nähili netije berjekdigini belläp bilersiň.
․․․․․
PÄSGELÇILIK 2 Eneň-ataň seniň bilen gepleşjek bolýar, ýöne sen islemeýärsiň. Sara atly bir gyz şeýle diýýär: «Mekdepden ýadaw gelenimde sorag baryny ýagdyrsalar, gaty gaharym gelýär. Mekdepden ýaňy bir dyndym diýip gelýän welin, ejem bilen kakam: „Sag-aman geldiňmi? Näme keýpiň ýok? Okuwlaryň gowumy?“ diýip sorap başlaýar». Elbetde, Saranyň ene-atasy onuň aladasyny edýändigi üçin şeýle soraglary berýär. Muňa garamazdan, Sara: «Mekdepden ýadaw, keýpsiz gelen mahalym
ýene-de mekdep barada gürrüň edesim gelmeýär» diýip zeýrenýär.SORAG: Şeýle ýagdaýda Sara näme edip biler? Munuň hem azyndan üç usuly bar.
Usul 1
Gepleşmek islemeýär. Sara: «Meni öz günüme goýuň. Şu wagt hiç kim bilen gepleşesim gelenok!» diýýär.
Usul 2
Göwünli-göwünsiz gepleşýär. Saranyň keýpi bolmasa-da, ene-atasynyň soraglaryna göwünli-göwünsiz jogap berýär.
Usul 3
Mekdepli gürrüňi soňa goýup, başga zat barada gürrüň edýär. Sara ene-atasyna mekdep barada biraz soňrak gürrüň berjekdigini aýdyp: «Siziň ýagdaýlaryňyz nähili? Işiňiz gowy geçdimi?» diýip soraýar.
Seniň pikiriňçe, Sara haýsy usuly saýlasa gowy bolar? ․․․․․
Gel, şol usullaryň her birine aýratynlykda seredip, olaryň nähili netije berip biljekdigi barada oýlanaly.
Sara keýpiniň ýokdugy üçin 1-nji usuly saýlap, ene-atasy bilen gürleşmese, onuň keýpi göterilmän, gaýtam, ene-atasyna gödek jogap berendigine gynanar (Süleýmanyň tymsallary 29:11).
Sara gödek jogap berip, ene-atasy bilen gepleşmän ýörse, olaryň göwnüne deger. Şeýle-de ejesi bilen kakasy Sara olardan
nämedir bir zady gizleýändir öýdüp, onuň ýüregindäkini bilmek üçin ýene-de sorag berip başlarlar. Şonda Saranyň öňküdenem beter gahary geler. Görşümiz ýaly, 1-nji usul hiç hili gowy netije bermez.2-nji usul 1-nji usula garanyňda gowurak diýse bolar. Sebäbi Sara ene-atasy bilen gürleşýär. Emma Saranyň ýürekden gepleşmeýändigi üçin, bu gürrüňdeşlik onuň özüniňem, ene-atasynyňam göwnüne jaý bolmaz.
Sara 3-nji usuly ulansa, mekdepde bolan zatlary unudyp, biraz rahatlanar. Şeýle-de ene-atasy onuň gürrüňdeş bolmaga çalyşýandygyny görüp begener. 3-nji usul has gowy netije berer, sebäbi Sara hem-de onuň ene-atasy Filipililer 2:4-däki: «Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» diýen prinsipe eýerýär.
Pikiriňi açyk düşündir
Eneň-ataň seniň aýdýan sözleriňe ters düşünmegi mümkin. Aýdaly, olar seniň näme üçin keýpiň ýokdugyny soraýarlar.
Şonda sen: «Men bu barada gepleşesim gelenok» diýseň, eneň-ataň muňa: «Men kynçylygymy size aýdanymdan, dostlaryma aýdanymy gowy görýärin» diýip düşünmegi ahmal. Indi bolsa başga ýagdaýy göz öňüne getir, sen kyn ýagdaýa düşeniňde, ejeň bilen kakaň saňa kömek etjek bolýar. Şonda seniň aýtjak sözleriňe olaryň nähili düşünip biljekdigini aşakda görkezilen ýerde ýazyp bilersiň.Sen şeýle diýýärsiň: «Alada etmäň. Men kynçylygymy özüm çözerin».
Eneň-ataň muňa şeýle düşünmegi mümkin: ․․․․․
Näme diýeniňde has gowy boljakdygyny ýaz: ․․․․․
Görşümiz ýaly, bir zat diýmezden öň gowy oýlanmaly we mylakatly bolmaly (Koloslylar 4:6). Senem eneň-ataňa duşman hökmünde däl-de, dost hökmünde garajak bol. Sebäbi dostlaryň näçe köp bolsa, kynçylyklaryňy çözmek şonça-da aňsat bolar.
Belki, saňa eneň-ataň bilen gürleşmek kyn düşýän däldir, ýöne her gezek olar bilen dawalaşýan bolsaň näme etmeli?
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Sözlerim päk ýürekden çykýar, her diýjek sözüm hakykatdyr». Eýýup 33:3
MASLAHAT
Eger kynçylygyň barada eneň-ataň bilen öýde gürleşmek kyn bolsa, onda bir ýere gideniňizde, ýolda barýarkaňyz ýa-da bazarda aýlanyp ýörkäňiz gepleşip bilersiň.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Käbir meseleler barada eneň-ataň bilen gürleşmegiň saňa kyn bolşy ýaly, olara-da seniň bilen şol zatlar hakda gepleşmek aňsat düşýän däldir.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Enem-atam bilen gürleşesim gelmese, men ․․․․․
Enem-atam meniň gepleşesim gelmeýän zadym barada gürrüň gozgasa, şeýle diýerin: ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Gürrüňdeş bolmak üçin amatly pursat gözlemek näme üçin wajyp? (Süleýmanyň tymsallary 25:11).
● Eneň-ataň bilen gepleşer ýaly näme üçin eliňde baryny etmeli? (Eýýup 12:12).
[10-njy sahypadaky sitata]
«Eneň-ataň bilen gürleşmek hemişe aňsat bolmasa-da, olara ýüregiňi dökseň, egniňden agyr ýük aýrylan ýaly bolýar» Dewani
[8-nji sahypadaky surat]
Ýolda päsgelçilik dörände başga çykalga tapylyşy ýaly, senem eneň-ataň bilen gürleşmegiň ugruny tapyp bilersiň