Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sözbaşy

Sözbaşy

SÖZBAŞY

Peýdaly maslahatlar

«Enem-atam bilen nädip gürleşsemkäm? Men nädip gowy dost tapyp bilerin? Jynsy gatnaşyk etmegi teklip etseler näme etmeli? Göwnüçökgünligi nädip ýeňmeli?»

Sende-de şeýle soraglar döräpdimi? Onda sen ýeke däl. Sen köp ýerden görkezme gözläp, biri-birine gapma-garşy gelýän jogaplary alan bolmagyňam mümkin. Onda ygtybarly görkezmeleri nireden tapsa bolar? Sen «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» diýen şu kitaby okap, öz soraglaryňa ynandyryjy jogap alarsyň. Bu kitap ýaşlaryň köpüsine peýda berýär. Onuň her babyny taýýarlamak üçin çuňňur gözleg geçirildi. Ýaşlaryň pikirine we duýgusyna düşünmek üçin, dürli ýurtdan bolan ýetginjekleriň ýüzlerçesi bilen sorag-jogap alşyldy. Iň esasy zat bolsa, bu kitapda berilýän maslahatlar Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara esaslanýar.

«Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» atly kitabyň şu tomy saňa jogapkärli adam bolup ýetişmäge kömek eder. Bu kitapdaky maslahatlara eýerseň, senem millionlarça Hudaýa wepaly adamlar ýaly, öz «aň-düşünjäňi ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirersiň» diýip umyt edýäris (Ýewreýler 5:14).

Neşir edenler