Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Daş keşbimi halamasam näme etmeli?

Daş keşbimi halamasam näme etmeli?

7-NJI BAP

Daş keşbimi halamasam näme etmeli?

Köplenç daş keşbiň sebäpli keýpiň gaçýarmy?

□ Hawa □ Ýok

Daş keşbiňi üýtgetmek üçin plastiki operasiýa etdirmek ýa-da berhiz tutmak barada oýlanypdyňmy?

□ Hawa □ Ýok

Sende şeýle mümkinçilik bolan bolsa, daş keşbiň nämesini üýtgederdiň? (Daşyny tegele).

Boýumy

Agramymy

Syratymy

Saçymy

Ýüzümi

Sesimi

BELKI-DE, sen ilkinji iki soraga «hawa» diýip jogap berip, üçünji soragda bolsa üç ýa-da ondanam köpüsiniň daşyny tegelänsiň. Ýöne başga adamlar kemçilikleriňe özüň ýaly köp üns bermeýär. Daş keşbiňi aşa köp alada etseň, gözüňe başga hiç zat görünmän, bar pikiriň şonda bolar. Geçirilen barlaglara görä, käbir gyzlar elhenç uruşlara, rak bilen kesellemeklige, hatda ene-atasynyň ölümine garanda, semremekden has gorkýarlar.

Hakykatdan-da, daş keşbiň özüňe garaýşyňa we adamlaryň saňa bolan garaýşyna täsir edýär. 19 ýaşly Marisa şeýle gürrüň berýär: «Iki gyz doganym aý ýaly owadan, men bolsa çişikdim. Mekdepde-de köplenç üstümden gülýärdiler. Üstesine-de, daýzam maňa semizliginden ýaňa zordan ýöreýän itine aýdyşy ýaly „tokgajam“ diýýärdi». 16 ýaşly Juliýa hem daş keşbi sebäpli kyn ýagdaýa düşüpdi. Ol şeýle diýýär: «Mekdepde bir gyz meni „towşan diş“ diýip kemsidýärdi. Bu göräýmäge kiçijik zat bolsa-da, hiç ýadymdan çykanok. Häli-häzire çenli dişimden utanýaryn».

Çendenaşa alada edýärmiň ýa ýöne bir oýlanýarmyň?

Elbetde, daş keşbiň barada alada etmek nädogry däl. Mukaddes Ýazgylarda Sara, Rahel, Ýusup, Dawut we Abygaýyl ýaly ençeme erkekdir aýallaryň owadan hem-de görmegeý bolandygy aýdylýar. Abyşag atly gyza bolsa «gaty görmegeý» diýilýär (1 Patyşalar 1:4).

Emma ýaşlaryň köpüsi daş keşbi barada çendenaşa köp alada edýärler. Käbir gyzlar hor bolsaň owadan bolýaň diýip pikir edýär. Sebäbi olar žurnallardaky modelleriň suratlaryny görüp, olara meňzemek isleýärler. Ýöne suratlary kompýuterde montaž edip, modelleriň daş keşbini üýtgedýärler. Onsoňam, modeller semremezlik üçin gaty az iýip-içmeli bolýarlar. Eger sen hem özüňi şolar bilen deňeşdirseň, ruhdan düşersiň. Daş keşbiňi asla halamasaň näme etmeli? Ilki bilen, özüňi bolşuň ýaly kabul etmegi öwren.

Üýtgeşik aýna

Sen özüňi gyşyk-myşyk görkezýän aýnada synlap gördüňmi? Oňa seredeniňde ýa çişik, ýa-da gaty hor görünýänsiň. Nähili bolaýanda-da, ol seni bolşuň ýaly görkezmeýär.

Edil şonuň ýaly, ýaşlaryň köpüsi özüni gelşiksiz hasaplaýarlar. Geçirilen barlaga görä, gyzlaryň 58 göterimi özüni semiz hasaplasa-da, olaryň diňe 17 göterimi semiz. Başga bir barlaga görä, agramy bolmalysyndan az bolsa-da, aýallaryň 45 göterimi özüni semiz hasaplaýar.

Käbir gözleg geçirijiler köp gyzlaryň özüni sebäpsiz ýere semiz hasaplaýandygyny aýdýarlar. Eger sen tebigy etli-ganly bolsaň, onda bu barlaglar känbir begendirmese gerek. Seniň şeýle bolmagyňa näme sebäp bolup biler?

Bu geniňe bagly. Käbir adamlar asly hor we süňkleri iri bolýar. Seniň aslyň daýaw ýa-da etli-ganly bolsa eliňden geljek zat ýok. Agramyň boýuňa görä bolsa-da, semizräk görünýän bolmagyň ahmal. Maşk etmek we dogry iýmitlenmek belli bir derejede kömek etse-de, sen bolşuňy üýtgedip bilmersiň.

Ýetginjeklik döwründe bolýan üýtgeşmeler hem täsirini ýetirip bilýär. Meselem, şol döwürde gyzlaryň organizmindäki ýaglar 8-den 22 göterime çenli artýar. Wagtyň geçmegi bilen hemme zat kadalaşýar. Öňki 11, 12 ýaşly semizje gyzlar ulalyp owadan, syratly bolýar. Eger sen nädogry iýmitlenýändigiň we maşk etmeýändigiň üçin semreýän bolsaň näme? Semizligiň saglygyňa zyýanlydygy üçin horlanmaly bolsaň näme etmeli?

Deňagramlylyk

Mukaddes Ýazgylarda: «Özüňe erk etmelidigi» aýdylýar (1 Timoteos 3:11). Şol sebäpli wagtly-wagtynda iýip-iç we aşa berhiz tutmakdan seresap bol! Horlanmak üçin dogry iýmitlenmeli we sportuň peýdaly görnüşleri bilen meşgullanmaly.

Berhiz tutmagyň her bir täze çykan görnüşini edip görmek hökman däl. Mysal üçin, horlandyrýan dermanlary içmek. Olar wagtlaýynça işdäňi kesse-de, organizm muňa tiz öwrenişýär. Netijede, ýa işdäň öňküsi ýaly bolar, ýa-da organizm iýmiti kadaly siňdirmän, ýene-de semräp başlarsyň. Şeýdip, başyň aýlanmagy, gan basyşyň ýokarlanmagy, was-wasy, hatda hemişe derman içmeli hem bolmagyň mümkin. Iýmit siňdirýän we buşukdyryjy dermanlar hem şeýle ýagdaýa düşürip biler.

Wagtly-wagtynda dogry iýmitlenseň we peýdaly maşklary etseň, özüňi gowy duýarsyň hem-de owadan görnersiň. Hepdede birnäçe gezek peýdaly beden maşklaryny etmeklik (fitnes, aerobika) sagdyn bolmaga kömek edýär. Käwagt çalt ýöremek ýa-da ýokaryk-aşak münüp-düşmek hem ýeterlik bolýar.

Çendenaşa semremekden gorkmak

Käbir ýaşlar horlanjak bolup ölüm howply anoreksiýa (semremekden gorky) keseline duçar bolýar. Olar hiç zat iýip-içmän özlerini horlaýarlar. Anoreksiýa keselinden açylmak üçin 4 aý bejergi alan Masami atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Haçanda „gowuja görünýäň“ diýenlerinde, mende göni semräp başlandyryn diýen pikir döreýär. Şonuň ýaly ýagdaýlarda damagym dolup, içimden „4 aý mundan ozalkym ýaly horajyk bolsadym“ diýýärin».

Anoreksiýa ýuwaş-ýuwaşdan döreýär. Ýetginjek gyz biraz horlanmak üçin zyýansyz ýaly bolup görünýän berhiz tutup başlaýar. Ol ilkibaşdaky maksadyna ýetse-de, özüni semiz görýär. Ol aýna seredende daş keşbini halaman «men şonda-da semiz» diýýär. Mundan soň ol ýene-de biraz horlanmak isleýär. Soň ýene-de, ýene-de azajyk... Şeýlelikde, anoreksiýa keseli bilen keselläp, onuň netijesini görýär.

Eger sende anoreksiýa ýa-da şoňa meňzeş başga bir keseliň alamatlary bar bolsa, haýal etmän ejeňden, kakaňdan ýa-da dostuňdan kömek sora. Mukaddes Ýazgylarda: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

Hakyky owadanlyk näme?

Mukaddes Ýazgylarda daş keşp we boý-syrat barada köp agzalmaýar. Hudaý üçin hakyky owadanlyk—daş keşp däl-de, adamyň içki dünýäsi (Süleýmanyň tymsallary 11:20, 22).

Gel, Dawut patyşanyň ogly Abşalomy ýada salaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy» diýilýär (2 Şamuwel 14:25). Emma ol diýseň ulumsy, dönük we şöhratparazdy! Şol sebäpli Abşalom hakda okanyňda, owadan oglan däl-de, barypýatan dönük we ganhor adam göz öňüňe gelýär.

Ýehowa gyzlaryň inçe biline ýa-da oglanlaryň muskullaryna däl-de, «ýüreklerine» seredip baha berýär (Süleýmanyň tymsallary 21:2). Owadan görünmek erbet bolmasa-da, iň wajyp zat gowy häsiýetli adam bolmak. Adamlary seniň muskullaryň ýa-da inçe biliň däl-de, Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň özüne çekýär.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 10-NJY BABYNA SERET

INDIKI BAPDA

Ýaşlaryň köpüsi dowamly kesel bilen göreşmeli bolýar. Eger sen hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, näme edip bilersiň?

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär». 1 Şamuwel 16:7

MASLAHAT

Horlanjak bolsaň. . .

● her gün ertirlik edin. Bolmasa, gaty ajygyp öňküdenem köp iýersiň.

● nahar iýmezden öň bir bulgur suw iç. Bu işdäňi kesip, köp iýmezlige kömek eder.

BILÝÄŇIZMI?

Käbir hünärmenleriň aýtmagyna görä, horlanmak üçin aç gezmek adamyň saglygy üçin örän «howply». Aç gezseň, iýmit siňdiriş kadalary bozulyp, gaty çalt semrärsiň!

SEN NÄME ETMEKÇI?

Sagdyn bolmak üçin, men ․․․․․

Etjek maşklarym: ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Daş keşbiňi halaýarsyňmy?

Daş keşbiňe gowy seretmek üçin nämeler etmeli?

Dostuňda anoreksiýa ýa-da başga keseliň alamatlaryny görseň, nähili maslahat berersiň?

Jigiňe daş keşbine dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edip bilersiň?

[69-njy sahypadaky sitata]

«Gözümiň uludygy üçin hemişe kemsidýärdiler. Ýöne hemme zady oýna salmagy, özüme ynamly bolmagy hem-de gowy taraplaryma üns bermegi öwrendim. Nähili bolsam, özümi şonuň ýaly-da kabul edýärin» Ember

[68-nji sahypadaky surat]

Özüňe bolan garaýşyň daş keşbiňi üýtgedip görkezýän aýnadaky ýaly bolup biler