Ene-atalar
6-NJY BÖLÜM
Ene-atalar
Ene-ataň durmuşda köp zady başyndan geçirdi. Olaryň özleri hem ýetginjek bolup görensoň, sende beden we duýgy taýdan köp özgerişlikleriň bolýandygyna düşünýärler. Şol sebäpli olar saňa bu döwürde bolýan kynçylyklary ýeňmäge kömek edip bilýär. Ýöne käte olar kynçylyklary çözmäge kömek etmän, gaýtam, özleri kynçylyk döredýän ýaly bolmagy mümkin. Mysal üçin, sen şeýle kynçylyklary başdan geçirýänsiň:
□ Ene-ataň hemişe tankytlaýar.
□ Kakaň arakhor ýa neşekeş.
□ Ene-ataň hemişe dawalaşýar.
□ Olar aýrylyşan.
Bu kynçylyklary ýeňmäge 21—25-nji baplardaky maslahatlar kömek edip biler.
[172, 173-nji sahypadaky surat]