Men hökman suwa çümdürilmelimi?
37-NJI BAP
Men hökman suwa çümdürilmelimi?
Dogry ýa-da nädogrudygyny belle.
Hudaýyň gullukçylaryndan suwa çümdürilmek talap edilýär.
□ Dogry
□ Nädogry
Suwa çümdürilmek günä etmekden goraýar.
□ Dogry
□ Nädogry
Halas bolmak üçin suwa çümdürilmeli.
□ Dogry
□ Nädogry
Eger suwa çümdürilmeseň, edýän işleriň üçin Hudaýa jogap bermeýärsiň.
□ Dogry
□ Nädogry
Dostlaryň suwa çümdürilýän bolsa, bu seniňem suwa çümdürilmäge taýýardygyňy görkezýär.
□ Dogry
□ Nädogry
EGER sen Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asyp, onuň bilen dostlugyňy berkidýän hem-de ol barada adamlara gürrüň berýän bolsaň, onda suwa çümdürilmek barada pikirlenýänsiň. Seniň örän gowy maksadyň bar. Ýöne bu ädimi ätmäge taýýardygyňy nädip barlap bilersiň? Muny bilmek üçin, gel, ýokarda aýdylanlaryň dogrumy ýa-da nädogrudygyna seredeli.
● Hudaýyň gullukçylaryndan suwa çümdürilmek talap edilýär.
Dogry. Isa pygamber şägirdi bolmak isleýän adamlaryň suwa çümdürilmelidigini aýtdy (Matta 28:19, 20). Onuň özi hem suwa çümdürilipdi. Isanyň yzyna eýermek üçin, senem hökman suwa çümdürilmeli. Ýöne şeýle karara gelmek üçin, ilki, ruhy taýdan ösmeli we güýçli islegiň bolmaly.
● Suwa çümdürilmek günä etmekden goraýar.
Nädogry. Suwa çümdürilmek bilen adam özüni Ýehowa bagyş edendigini görkezýär. Ýöne suwa çümdürilmeklige Hudaý bilen araňdaky erbet işleri etmegi gadagan edýän «şertnama» hökmünde garama. Sen Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak isleýändigiň üçin oňa bütin ömrüňi bagyş edýärsiň.
● Halas bolmak üçin suwa çümdürilmeli.
Dogry. Mukaddes Ýazgylarda halas bolmak üçin suwa çümdürilmegiň wajyp ädimdigi aýdylýar (1 Petrus 3:21). Ýöne suwa çümdürilmek seniň halas boljakdygyňa kepil geçmeýär. Sen halas bolmak isleýändigiň üçin däl-de, Ýehowany söýýändigiň we oňa bütin ýüregiň bilen ebedi gulluk etmek isleýändigiň üçin suwa çümdürilmeli (Markus 12:29, 30).
● Eger suwa çümdürilmeseň, edýän işleriň üçin Hudaýa jogap bermeýärsiň.
Nädogry. Ýakup 4:17-ä görä, suwa çümdürilen bolsun ýa-da bolmasyn, tapawudy ýok, «ýagşylyk etmelidigini bilip-de, ony etmeýän adam günä edýändir». Eger sen nämäniň dogrudygyny bilseň we ömrüňi Hudaýa bagyş etmegiň wajypdygyna düşünseň, belki-de, suwa çümdürilmek islärsiň. Bu barada ene-ataňa ýa-da ruhy taýdan ösen birine aýdyp bilersiň. Olar saňa bu ädimi ätmäge nädip taýýarlyk görmelidigini öwreder.
● Dostlaryň suwa çümdürilýän bolsa, bu seniňem suwa çümdürilmäge taýýardygyňy görkezýär.
Nädogry. Sen suwa çümdürilmek kararyna öz islegiň bilen gelmeli (Zebur 110:3). Sen Ýehowanyň Şaýady bolmagyň näme aňladýandygyna we şeýle jogapkärçiligi almaga taýýardygyňa doly göz ýetireniňden soň, suwa çümdürilip bilersiň (Wagyz kitaby 5:4, 5).
Durmuşyňy özgerdýän karar
Suwa çümdürileniňden soň, durmuşyň bütinleý özgerýär. Sen bu ädimi ädip, köp bereketlere eýe bolarsyň. Şol bir wagtyň özünde, bu uly jogapkärçilik. Sebäbi sen özüňi Ýehowa bagyş etdiň we şoňa görä-de ýaşamaly.
Sen bütin ömrüňi Ýehowa bagyş etmäge taýýarmy? Eger taýýar bolsaň, saňa bagtly adam diýse bolar. Sebäbi saňa uly hormat ynanyldy. Sen Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk edip, oňa doly wepalydygyňy görkezýärsiň (Matta 22:36, 37).
Durmuşda iň gowy ýoly saýlamak üçin nähili maksatlary goýmalydygyny bil.
ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaramly gurban hökmünde hödürläň. Şonda siz pikirlenmek ukybyňyzy ulanyp, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz». Rimliler 12:1
MASLAHAT
Saňa ruhy taýdan ösmäge we suwa çümdürilmäge kömek edip biljek dogany ýa-da uýany tapmak üçin, ene-ataň bilen maslahatlaş (Resullaryň işleri 16:1—3).
BILÝÄŇIZMI?
Halas boljaklara aýratyn «bellik» goýulýar. Suwa çümdürilmek hem şol «belligi» almagyň bir usuly (Ezekiýel 9:4—6).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Suwa çümdürilmezden öň, men Mukaddes Ýazgylaryň şu öwretmelerine gowy düşünmeli: ․․․․․
Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?
● Suwa çümdürilmek näme üçin çynlakaý ädim?
● Ýaşlar näme sebäpden tizräk suwa çümdürilmek islemegi mümkin?
● Haýsy sebäbe görä, käbir ýaşlar özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek kararyna gelip bilmeýär?
[306-njy sahypadaky surat]
«Suwa çümdürilendigim maňa dogry karara gelmäge we erbet zatlary etmezlige kömek edýär» Holly
[307-nji sahypadaky çarçuwa]
Köplenç suwa çümdürilmek bilen bagly berilýän soraglar
Suwa çümdürilmek nämäni aňladýar? Suwa çümdürilende adam göçme manyda ölýär. Ýagny ol özi üçin ýaşamagyny bes edýär. Suwdan çykanda bolsa, ol Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin göçme manyda direlýär.
Özüňi Ýehowa bagyş etmek nämäni aňladýar? Bu özüň üçin ýaşamagy bes edip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegi birinji orunda goýmagy aňladýar (Matta 16:24). Suwa çümdürilmezden birnäçe wagt öň, dogada özüňi Ýehowa bagyş etmeli.
Suwa çümdürilmezden öň nähili özgerişlik etmeli? Sen Hudaýyň Sözüne eýerip ýaşamaly we adamlara ynanýan zatlaryň barada gürrüň bermeli. Şeýle-de sen doga edip we Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaý bilen dostlugyňy berkitmeli. Başgalaryň aýdyp irizýändigi üçin däl-de, özüň isleýändigiň üçin Ýehowa gulluk etmeli.
Suwa çümdürilmek üçin belli bir ýaşda bolmak gerekmi? Esasy zat, ýaşyň däl. Ýöne sen özüňi Hudaýa bagyş etmegiň manysyna düşünmek üçin ýeterlik derejede uly we ruhy taýdan ösen bolmaly.
Sen suwa çümdürilmek isleýärsiň. Ýöne ene-ataň: «Saňa entek ir» diýýän bolsa näme? Mümkin, olar seniň Hudaýyň kada-kanunlaryny özleşdirmegiňi isleýändir. Olaryň maslahatyna gulak asyp, suwa çümdürilýänçäň, Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmäge jan et (1 Şamuwel 2:26).
[308, 309-njy sahypadaky çarçuwa]
Bellik depderçäm
Suwa çümdürilmek barada pikirlenýärsiňmi?
Aşakdaky soraglar suwa çümdürilmäge taýýardygyňy ýa-da däldigiňi bilmäge kömek eder. Jogaplaryňy ýazmazdan öň, getirilen aýatlary oka.
Ýehowa bil baglaýandygyň nämeden görünýär? (Zebur 71:5) ․․․․․
Ýagşy-ýamany saýgaryp bilýändigiň nämeden görünýär? (Ýewreýler 5:14) ․․․․․
Näçeräk doga edýärsiň? ․․․․․
Anyk bir zat barada doga edýärsiňmi? Edýän dogalaryňdan Ýehowany söýýändigiň görünýärmi? (Zebur 17:6) ․․․․․
Doga babatda goýmak isleýän maksatlaryňy ýaz. ․․․․․
Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenýärsiňmi? (Ýeşuwa 1:8) ․․․․․
Şahsy okuwda nämeleri öwrenýärsiň? ․․․․․
Şahsy okuw babatda goýmak isleýän maksatlaryňy ýaz. ․․․․․
Netijeli wagyz edýärsiňmi? (Meselem: Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny düşündirip bilýärsiňmi? Gyzyklanan adamy gaýtadan ideg edýärsiňmi? Kimdir biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga tagalla edýärsiňmi?)
□ Hawa □ Ýok
Ene-ataň wagyz etmeýän bolsa-da, sen wagyz edýärsiňmi? (Resullaryň işleri 5:42)
□ Hawa □ Ýok
Wagyz etmek babatda goýmak isleýän maksatlaryňy ýaz (2 Timoteos 2:15) ․․․․․
Ýygnak duşuşyklaryna yzygider barýarsyňmy ýa-da käwagt? (Ýewreýler 10:25) ․․․․․
Ýygnaklara höwes bilen barýandygyň nämeden görünýär? ․․․․․
Ene-ataň ýygnaga gitmäge rugsat berýär, özleri bolsa baryp bilmeýär. Sen şeýle ýagdaýda ýygnaga gidýärsiňmi?
□ Hawa □ Ýok
Hakykatdanam, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekden şatlyk tapýarsyňmy? (Zebur 40:8)
□ Hawa □ Ýok
Deň-duşlaryň täsirine garşy durup bilendigiň barada bolan bir ýagdaýy ýazyp bilersiňmi? (Rimliler 12:2) ․․․․․
Ýehowa bolan söýgiňi berkitmek üçin sen näme etmekçi? (Ýahuda 20, 21) ․․․․․
Ene-ataň we dostlaryň Ýehowa gulluk etmegini bes etse-de, sen dowam edersiňmi? (Matta 10:36, 37)
□ Hawa □ Ýok
[310-njy sahypadaky surat]
Suwa çümdürilmek durmuş gurmak ýaly adamyň durmuşyny özgerdýär. Şonuň üçin muňa sowuk-sala garamaly däl