Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Giriş

Giriş

«Men demirgazyk welaýatda kiçeňräk obada ulaldym» diýip, Sýerra-Leonede ýaşaýan Dauda gürrüň berýär. Ol şeýle dowam edýär: «Bir gezek, men çagakam bir maşgala bilen aramyzda mellek üstünde dawa turdy. Bu mellegi iki maşgala-da özüniňki hasap edýärdi. Aslynda kime degişlidigini bilmek üçin palçyny çagyrdylar. Palçy bir keseki adamy çagyryp, eline aýna berdi-de ak mata bilen üstüni ýapdy. Tizden matanyň aşagyndaky adamyň bütin göwresi titräp, derläp başlady. Aýna seredip: “Men ak eşikli ýakynlaşýan bir gojany görýän! Ol uzyn boýly we örän garry. Onuň saçy çuw-ak, biraz bükülip gelýär“ diýip gygyrdy.

Ol babamy suratlandyrýardy! Soňra ol adam çirkin ses bilen: “Maňa ynanmaýan bolsaňyz, özüňiz geliň-de göräýiň!“ diýip gygyrdy. Elbetde, hiç kim baryp görmäge ýürek etmedi. Palçy çüýşesindäki ýaprakly hem suwly melhemi onuň üstüne sepeleşdirip, köşeşdirdi.

Aýna sereden adam arkaly «babam» mellegiň biziň maşgalamyza degişlidigini hem-de ol ýerde mamamyň arkaýyn ekin ekmelidigini aýtdy. Beýleki maşgala bu çözgüde razy boldy, şeýlelik bilen, dawa çözüldi».

Günbatar Afrikada şeýle wakalar köp bolýar. Şol ýerde hem-de dünýäniň köp künjeginde millionlarça ynsanlar ölen adam o dünýä gidýär we ol ýerden diri adamlary synlap, olaryň durmuşyna täsir edýär diýip ynanýarlar. Hakykatdan-da, şeýlemikä? Ölen adamlar, hakykatdan-da, o dünýäde ýaşaýarlarmyka? Beýle däl bolsa, onda kim özüni ölüleriň ruhy hökmünde görkezýärkä? Bu soraglara dogry jogap tapmak örän wajyp, sebäbi gelejegimiz şoňa bagly.