Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

BIRINJI BÖLÜM

«Ýiteni agtararyn»

«Ýiteni agtararyn»

Goýun aljyraňňy ýagdaýa düşüpdir. Ol öri meýdanynda otlap ýörkä, sürüden daşlaşýar. Indi oňa ne başga goýunlar görünýär, ne-de çopan. Garaňky aralaşyp gelýär. Ýyrtyjy haýwanlaryň gezip ýören jülgesi ýiten goýun üçin gaty howpludy. Birdenkä, goýun bir tanyş ses, ýagny çopanyň sesini eşidýär. Ol ylgap gelýär-de, goýny göterip, eline alýar, soňra donuna dolap, öýüne alyp gaýdýar.

ÝEHOWA ençeme gezek özüni çopana meňzedýär. Ol öz Sözünde bize: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin» diýýär (Ezekiýel 34:11, 12).

«Siz... örimiň goýunlarysyňyz»

Ýehowanyň goýunlary kim? Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, Ýehowany söýýän we oňa sežde edýän adamlar onuň goýunlary hasaplanýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Geliň, sežde edeliň, egileliň, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeliň. Çünki Ol biziň Hudaýymyz, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, elindäki goýunlardyrys» (Zebur 95:6, 7). Çopanyň yzyna eýerýän goýunlar ýaly, Ýehowa sežde edýän adamlar hem öz Çopanynyň yzyna eýermek isleýärler. Eýsem, olar hiç haçan ýalňyşmaýarmy? Ýok. Käte Hudaýyň gullukçylary «dargan goýunlara», «ýiten goýna» we «azaşan goýunlara» meňzedilýär (Ezekiýel 34:12; Matta 15:24; 1 Petrus 2:25). Olar sürüden daşlaşsalar-da, Ýehowa olardan ýüz öwürmeýär.

Sen henizem Ýehowany öz Çopanyň hasaplaýarmyň? Şu günler Ýehowa Çopandygyny nädip subut edýär? Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň:

Ol bizi ruhy taýdan iýmitlendirýär. Ýehowa şeýle diýýär: «Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn... ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar» (Ezekiýel 34:14). Ýehowa bizi elmydama wagtly-wagtynda kalbymyza rahatlyk berýän dürli-dürli ruhy iýmit bilen iýmitlendirýär. Sen bir makala, nutuk ýa-da wideorolik arkaly dogaňa jogap alandygyňy ýadyňa salyp bilermiň? Eýsem, bu Ýehowanyň sen hakda alada edýändigini görkezmeýärmi?

Ol bizi goraýar we goldaýar. Ýehowa: «Ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyraryn» diýip wada berýär (Ezekiýel 34:16). Ýehowa ejizlän we aladalardan ýaňa halys bolan gullukçylaryny berkidýär. Olar käte imandaşlarynyň salan ýarasy sebäpli ejir çekseler-de, Ýehowa şeýle goýunlaryny sagaltmak üçin olaryň ýarasyny daňýar. Hawa, ol daşlaşan we erbet duýgular bilen göreşýän goýunlaryny yzlaryna dolanmaga çagyrýar.

Ol jogapkärçilik duýýar. Ýehowa: «Men goýunlarymy... ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin... Ýiteni agtararyn» diýýär (Ezekiýel 34:12, 16). Ýehowa ýiten goýnunyň yzyna dolanjakdygyna ynanýar. Ol onuň ýitendigini bilýär we ony gözleýär, tapanda bolsa begenýär (Matta 18:12—14). Galyberse-de, ol hakyky gullukçylaryna: «Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz» diýýär (Ezekiýel 34:31). Sen hem şol goýunlaryň biridigiňi unutma.

Ýehowa ýiten goýnunyň yzyna dolanjakdygyna ynanýar. Ol ýiten goýnuny tapanda begenýär

«Bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!»

Näme üçin Ýehowa seni agtaryp, yzyňa dolanmaga çagyrýarka? Sebäbi ol seniň bagtly bolmagyňy isleýär. Ol goýunlaryna «bereket ýagyşlaryny» berjekdigini wada edýär (Ezekiýel 34:26). Bu boş wada däldir. Sen munuň ýerine ýetýändigini eýýäm görensiň.

Ýehowa hakda bilim alyp başlan döwrüňi ýadyňa sal. Sen ilkibaşda ýer ýüzünde ajaýyp Jennetiň boljakdygyny we ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny bileniňde, bu saňa nähili täsir edipdi? Dogan-uýalar bilen bile kongreslerde bolup, ruhlanandygyň ýadyňdamy? Kimdir birine hoş habary wagyz edeniňde, onuň ýürekden gyzyklanandygyny görüp, juda begenendigiňi we özüňi bagtly duýandygyňy ýadyňa salyp bilermiň?

Sen şol bagtly bolan döwrüňi yzyna gaýtaryp bilersiň. Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan bir gullukçysy şeýle doga edipdi: «Bizi Özüňe öwür, ýa Reb... bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!» (Ýermeýanyň agysy 5:21). Ýehowa onuň dogasyny eşitdi we halkyna ýene-de Özüne şatlyk bilen sežde eden döwrüni gaýtaryp berdi (Nehemýa 8:17). Ýehowa seniň üçin hem şeýle eder.

Emma «Ýehowa dolanmaly» diýmek, diliňde aňsatdyr. Gel, yzyňa dolanmaga päsgel berýän käbir zatlara we olary nädip ýeňip biljekdigiňe seredeli.