Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

28-NJI BÖLÜM

Web-saýtymyzdan nämeleri tapsa bolýar?

Web-saýtymyzdan nämeleri tapsa bolýar?

Fransiýa

Polşa

Russiýa

Isa Mesih şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» (Matta 5:16). Şu günler häzirki zaman tehnologiýasy, şol sanda Internet arkaly hakykat yşygy nur saçýar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň jw.org web-saýtynda olaryň dini ynançlary we edýän işleri barada maglumatlar berilýär. Siz ondan ýene-de nämeleri tapyp bilersiňiz?

Adamlary gyzyklandyrýan soraglaryň jogabyny tapyp bolýar. Siz köp adamlary biynjalyk edýän wajyp soraglaryň jogabyny tapyp bilersiňiz. Meselem, «Horluklar gutararmyka?» we «Aradan çykan adamlar direlermi?» atly kitapçalar web-saýtymyzda 600-den gowrak dilde bar. Şeýle-de siz 130-dan gowrak dillerde çap edilen «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesini», Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge kömek edýän edebiýatlary, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyny, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň täze çykan sanlaryny tapyp bilersiňiz. Bu edebiýatlaryň köpüsini web-saýtymyzdan okap ýa-da diňläp bolýar; olary MP3, PDF we EPUB görnüşinde ýükläp alyp bilersiňiz. Siz gyzyklanýan adamlar üçin olaryň ene dilinde çykan sanyndan birnäçe sahypasyny çap edip hem bilersiňiz. Şeýle-de bu web-saýtda lallaryň dilinde çykan ençeme edebiýatlaryň wideo ýazgylary bar. Siz boş wagtyňyz Mukaddes Ýazgylaryň çeper okalyşyny we ýakymly sazlary diňlemek üçin hem-de Mukaddes Ýazgylaryň esasynda taýýarlanan sahnalary görmek üçin, olary ýazga geçirip bilersiňiz.

Ýehowanyň Şaýatlary barada dogry maglumatlary tapyp bolýar. Web-saýtymyzda bütin dünýä boýunça ýerine ýetirýän işlerimiz, kazyýet bilen baglanyşykly meselelerimiz we betbagtçylyga uçranlara kömek edişimiz barada täzelikler hem-de wideofilmler ýerleşdirilýär. Şeýle-de ýakynda boljak kongresler barada we filiallar bilen nädip habarlaşyp bolýandygy hakynda maglumatlary tapyp bilersiňiz.

Biziň web-saýtymyz hakykat yşygyny dünýäniň ähli künjegine ýetirmäge ýardam berýär. Antarktika ýaly uzak ýerlerde ýaşaýan adamlar hem ondan peýdalanyp bilýärler. Biz bütin ýer ýüzünde «Rebbiň sözüniň... çaltlyk bilen ýaýramagy» we Hudaýyň şöhratlanmagy üçin doga edýäris (2 Selanikliler 3:1).

  • Web-saýtymyz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmäge nädip kömek edýär?

  • Sizi jw.org web-saýtymyzdaky haýsy maglumat gyzyklandyrýar?