Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň

Bu edebiýat köpçüligiň öňünde ökdelik bilen okamak, gürlemek we öwretmek ukyplaryňy ösdürmek üçin niýetlenen.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Biz adamzat taryhynda iň wajyp habary wagyz edýäris.

SAPAK 1

Täsirli giriş sözler

Täsirli giriş sözleriň, esasan, üç maksady bar.

SAPAK 2

Gepleşik dili

Gepleşik dili diýlende, düşnükli we diňleýjilere aýdylýan zatlara düşünmäge kömek etmek göz öňünde tutulýar.

SAPAK 3

Sorag beriň

Diňleýjileri gyzyklandyrmak we esasy pikirleri nygtamak üçin ýerlikli soraglary bermeli.

SAPAK 4

Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýdyň

Aýady okamazdan öň, diňleýjileriň ünsüni çekmeli.

SAPAK 5

Gowy okamagy öwreniň

Ýehowa hakdaky dogry bilimi adamlara ýetirmek üçin gowy okamagy öwrenmek örän wajyp.

SAPAK 6

Aýatlary dogry ulanyň

Diňleýjilere aýat bilen aýdýan zatlaryňyzyň arasyndaky baglanyşygy görmäge kömek ediň.

SAPAK 7

Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň

Diňleýjilere dogry netijä gelmäge kömek etmek üçin ygtybarly hem dogry maglumat getirmeli.

SAPAK 8

Aýdyň mysallar arkaly öwrediň

Diňleýjilerde gyzyklanma döretmek we wajyp pikirleri nygtamak üçin ýönekeý mysallary ökdelik bilen ulanmaly.

SAPAK 9

Görkezme esbaplaryny ökdelik bilen ulanyň

Öwrenýän zady adamyň aňynda berk ornaşar ýaly, görkezme esbaplaryny ökdelik bilen ulanyň.

SAPAK 10

Sesiňi üýtgetmek

Diňleýjileriň duýgularyna täsir etmek we olary hereket etmäge höweslendirmek üçin sesiň batlylygyny, tizligini we äheňini üýtgedip durmaly.

SAPAK 11

Joşgunly gepläň

Joşgunly geplemek duýgulary beýan etmäge we diňleýjilerde gyzyklanma döretmäge kömek edýär.

SAPAK 12

Mähir we duýgy bilen gepläň

Eger duýgularyňyz aýdýan sözleriňizden görünse, siz diňleýjileriň aladasyny edýändigiňizi görkezersiňiz.

SAPAK 13

Peýdasyny düşündiriň

Aýdýan zatlaryňyzyň diňleýjileriň durmuşyna nähili täsir edýändigine düşünmäge kömek etmeli we öwrenen zatlaryna nädip eýerip biljekdiklerini görkezmeli.

SAPAK 14

Esasy pikirleri nygtaň

Diňleýjilere esasy pikirleri yzarlamaga we olaryň her biriniň tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny düşünmäge kömek etmeli.

SAPAK 15

Ynamly gepläň

Ynamly gepläň. Aýdýan sözleriňiziň hakykatdygyna we wajypdygyna doly ynanýandygyňyzy görkezip geplemeli.

SAPAK 16

Abatlaň we ruhlandyryň

Tankytlaýjy däl-de, abatlaýjy äheňde gepläň. Diňleýjileriň ünsüni Hudaýyň Sözündäki ruhlandyryjy hakykatlara çekiň.

SAPAK 17

Düşnükli gepläň

Diňleýjilere aýdýan sözleriňiziň manysyna düşünmäge kömek ediň. Esasy pikirleri gysga hem ýönekeý sözler bilen aýdyň.

SAPAK 18

Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanyň

Diňleýjileri oýlanmaga höweslendiriň we olara täze bir zat öwrenendiklerini duýmaga kömek ediň.

SAPAK 19

Adamlaryň ýüregine täsir ediň

Diňleýjileriň Hudaýa we onuň Sözüne bolan söýgüsini artdyrmaga kömek ediň.

SAPAK 20

Täsirli jemleýji sözler

Jemleýji sözler diňleýjileri eşiden zatlaryny kabul edip, şoňa görä hereket etmäge höweslendirmeli.

Işlän sapaklaryňyzy belläň

Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreneniňizde, işlän sapaklaryňyzy belläň.

You May Also Like

FILMLER

Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň. Wideolar

Köpçüligiň öňünde okamak üçin ukybyňyzy ösdüriň we mugallym bolmagy öwreniň.