Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 1

Täsirli giriş sözler

Täsirli giriş sözler

Resullaryň işleri 17:22

BELLIK: Giriş sözleriňiz diňleýjilerde gyzyklanma döretmeli, temanyň esasy pikirini nygtamaly we gürrüň edilýän temanyň ähmiýetini görkezmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Gyzyklanma dörediň. Munuň üçin oýlandyryjy sorag beriň, meşhur adamyň sözlerini getiriň, durmuşda ýa-da täzeliklerde bolan wakany gysgaça gürrüň beriň.

  • Esasy pikiri nygtaň. Giriş sözleriňiziň tema bilen baglanyşyklydygyna we diňleýjilere düşnükli boljakdygyna göz ýetiriň.

  • Temanyň ähmiýetini görkeziň. Diňleýjiler temanyň wajypdygyna we özlerine nädip kömek etjekdigine aýdyň düşünmeli.