Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 10

Sesiňi üýtgetmek

Sesiňi üýtgetmek

Süleýmanyň tymsallary 8:4, 7

BELLIK: Pikiri aýdyňlaşdyrmak we duýgulary bermek üçin, sesiň batlylygyny, tizligini we äheňini üýtgedip geplemeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Sesiňiziň batlylygyny üýtgediň. Esasy pikiri nygtamak we diňleýjileri höweslendirmek üçin sesiňiziň batlylygyny üýtgedip duruň. Mukaddes Ýazgylardaky höküm çykarylyp aýdylan sözleri okanyňyzda hem şeýdiň. Diňleýjileri aýdyljak zada garaşmaga höweslendirer ýaly ýa-da gorkyny hem gaýgy-aladaly äheňi berer ýaly biraz ýuwaşrak gepläň.

  • Sesiňiziň äheňini üýtgediň. Eger siziň diliňizde ýerlikli bolsa, şatlykly duýgulary, bir zadyň görnüşini ýa-da uzak aralygy suratlandyrmak üçin sesiňiziň äheňini batlandyryň. Gynanjy ýa-da gaýgy-hasraty beýan edeniňizde bolsa, sesiňiziň äheňi ýumşak bolsun.

  • Sesiňiziň tizligini üýtgediň. Şatlykly duýgyny beýan edeniňizde, sesiňiziň tizligini biraz artdyryň. Wajyp pikirleri aýdanyňyzda bolsa, haýalrak gepläň.