SAPAK 14
Esasy pikirleri nygtaň
Ýewreýler 8:1
BELLIK: Diňleýjilere esasy pikirleri yzarlamaga we olaryň her biriniň tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünmäge kömek etmeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Maksadyňyzy unutmaň. Ilki bilen, nutugyňyzyň maksadyny anyklaň we şoňa görä taýýarlanyň. Onda ýöne bir maglumat berilýärmi? Ol bir zada ynandyrmak ýa-da höweslendirmek üçin niýetlenenmi? Esasy pikirleriň goýan maksadyňyza ýetmäge kömek etjekdigine göz ýetiriň.
-
Temanyň esasy pikirini belläp geçiň. Nutugyňyzyň dowamynda temany nygtaýan esasy sözi ýa-da şol sözüň sinonimlerini gaýtalaň.
-
Esasy pikirleri ýönekeý hem aýdyň düşündiriň. Berlen wagtyň çäginden çykman, ökdelik bilen öwreder ýaly, çykyş edýän temaňyza degişli diňe esasy pikirlere üns beriň. Esasy pikirler köp bolmasyn. Olaryň her birini aýdyň düşündiriň, arasynda säginiň we bir pikirden indiki pikire böküp geçmäň.