Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 16

Abatlaň we ruhlandyryň

Abatlaň we ruhlandyryň

Eýýup 16:5

BELLIK: Diňleýjileriň ünsüni kynçylyklara däl-de, olaryň çözgüdine çekmeli we diňleýjileriň ynamyny artdyrmaly.

NÄDIP ETMELI?

  • Diňleýjilere dogry garaýyşda boluň. Imandaşlaryňyzyň Ýehowanyň göwnünden turmak isleýändigi hakda oýlanyň. Maslahat bereniňizde hem, ýerlikli bolsa, başda ýürekden öwgüli sözleri aýdyň.

  • Erbet maglumaty azrak ulanyň. Erbet maglumaty diňe gürrüň edýän temaňyzyň esasy maksadyny görkezmek üçin ulanyň. Çykyşyňyz abatlaýjy we ruhlandyryjy bolsun.

  • Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanyň. Diňleýjileriň ünsüni Ýehowanyň geçmişde eden, häzir edýän we gelejekde etjek işlerine çekiň. Olaryň umydyny berkidiň we abatlap, ruhlandyryň.