Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 18

Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanyň

Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanyň

1 Korinfliler 9:19—23

BELLIK: Diňleýjileri oýlanmaga höweslendirmeli we olar täze bir zat öwrenendiklerini duýmaly.

NÄDIP ETMELI?

  • Diňleýjileriň näme bilýändigi hakda oýlanyň. Diňleýjileriň öňki bilýän zatlaryny ýöne bir gaýtalamagyň deregine, olara temadan täze bir zat öwrenmäge kömek ediň.

  • Gözleg geçiriň we oýlanyň. Eger mümkin bolsa, esasy pikirlere düşünmäge kömek etmek üçin känbir tanyş bolmadyk ýa-da ýaňy-ýakynda bolup geçen wakalary ulanyň. Çykyş edýän temaňyz bilen tapan maglumatyňyzyň nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň.

  • Peýdasyny görkeziň. Diňleýjilere Ýazgylardaky pikirleriň durmuşda nädip kömek edýändigini düşündiriň. Olara tanyş bolan belli bir ýagdaýlary, garaýyşlary we zatlary agzap geçiň.