Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 2

Gepleşik dili

Gepleşik dili

2 Korinfliler 2:17

BELLIK: Adaty gepleşikdäki ýaly we ak ýürekden geplemeli. Gepleýşiňizden tema we diňleýjileriň ýagdaýyna düşünýändigiňiz görünmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Ünsli we doga edip taýýarlanyň. Diňleýjileriň ünsüni özüňize däl-de, aýdýan zatlaryňyza çekmek üçin doga ediň. Esasy pikirleri gaýtalaň. Berlen teksti ýöne bir okaman ýa-da sözme-söz aýtman, öz sözleriňiz bilen aýdyň.

  • Ýürekden gepläň. Aýtjak zatlaryňyzyň diňleýjilere näme üçin gerekdigi hakda oýlanyň. Olaryň her birine üns beriň. Şonda siziň hereketiňizden we ýüzüňizden ýürekden gepleýändigiňiz görner.

  • Diňleýjilere serediň. Eger ýerlikli bolsa, diňleýjilere seredip gepläň. Çykyş edeniňizde, olaryň hemmesine birbada däl-de, hersine aýratynlykda seretmäge çalşyň.