SAPAK 20
Täsirli jemleýji sözler
Wagyz kitaby 12:13, 14
BELLIK: Jemleýji sözler diňleýjileri eşiden zatlaryny kabul edip, şoňa görä hereket etmäge höweslendirmeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Jemleýji sözleri nutugyň temasy bilen baglanyşdyryň. Temanyň esasy pikirlerini öz sözleriňiz bilen gysgaça gaýtalaň.
-
Diňleýjileri höweslendiriň. Diňleýjilere näme etmelidigini we muny etmegiň paýhaslydygyny görkeziň. Ynam bilen gepläň.
-
Jemleýji sözleriňiz ýönekeý we gysga bolsun. Jemleýji sözleri aýdanyňyzda, täze pikirleri goşmaň. Diňleýjileri hereket etmäge höweslendirmek üçin birki söz aýtsaňyz hem ýeterlik bolar.