Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 7

Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň

Dogry we ynandyryjy maglumaty getiriň

Luka 1:3

BELLIK: Diňleýjilere dogry netijä gelmäge kömek etmek üçin ygtybarly hem dogry maglumat getirmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Ygtybarly çeşmelere salgylanyň. Munuň üçin öwredeniňizde, Hudaýyň Sözüne salgylanyň we mümkin boldugyndan Ýazgylaryň göni özünden okaň. Eger siz ylmy barlaglardan, täzeliklerden bir maglumaty, durmuşda bolan bir wakany ýa-da başga subutnamalary getirjek bolsaňyz, olaryň dogrudygyna we könelmändigine göz ýetiriň.

  • Maglumaty ýoýmaň. Aýatlara berýän düşündirişiňiz onuň kontekstine, Mukaddes Ýazgylaryň beýleki aýatlaryna ýa-da «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan edebiýatlaryna garşy gelmeli däl (Mat. 24:45). Eger siz başga ýerden, meselem, täzeliklerden bir maglumaty ýa-da biriniň aýdan sözlerini ulansaňyz, ony ýoýmaň.

  • Diňleýjileri oýlanmaga höweslendiriň. Bir aýady okanyňyzdan ýa-da başga ýerden alnan sözleri we jümleleri getireniňizden soň, açyk düşündirip, diňleýjilere ýerlikli soraglary beriň we olara dogry netijä gelmäge kömek ediň.