9-NJY BÖLÜM
Ýehowa maşgala bolup gulluk ediň
«Gögi we ýeri Ýaradana sežde ediň!» (Ylham 14:7).
Siz şu broşýurada özüňize we maşgalaňyza kömek edýän Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň bardygyna üns berensiňiz. Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär. Siz Hudaýa gulluk etmegi durmuşda birinji orunda goýsaňyz, ol size ähli gerekli zatlary berer (Matta 6:33). Hudaý siziň bilen dostlaşmak isleýär. Onuň bilen dostlugyňyzy berkitmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň. Hudaýyň dosty bolmak örän uly hormat! (Matta 22:37, 38).
1 ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Her zady başarýan Reb: „Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz“ diýýär» (2 Korintoslylar 6:18). Hudaý siziň özüniň iň ýakyn dosty bolmagyňyzy isleýär. Şol sebäpli oňa ýakynlaşmak üçin doga ediň. Ýehowa siziň «dyngysyz doga» etmegiňizi isleýär (1 Selanikliler 5:17). Ol siziň içki duýgularyňyzy we gaýgy-aladalaryňyzy ünsli diňleýär (Filipililer 4:6). Eger siz maşgala agzalaryňyz bilen bile doga etseňiz, olar siziň Hudaý bilen dostlugyňyzyň berkdigine göz ýetirerler.
Şeýle-de Hudaý bilen gürleşeniňizde, onuň aýdýanlaryny hem diňlemeli. Munuň üçin siz Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okap bilersiňiz (Zebur 1:1, 2). Okan zatlaryňyz barada oýlanyň (Zebur 77:11, 12). Hudaýyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin mesihçiler ýygnagyna yzygider barmaly (Zebur 122:1—4).
Şeýle-de Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek üçin adamlara ol barada gürrüň bermek hem wajyp. Siz Hudaý barada adamlara näçe köp gürrüň berseňiz, oňa has-da ýakynlaşarsyňyz (Matta 28:19, 20).
MASLAHAT
-
Her gün Mukaddes Ýazgylary okamaga we doga etmäge wagt tapyň
-
Maşgalaňyzda göwün açmak ýa dynç almak däl-de, ruhy zatlar birinji orunda bolsun
2 MAŞGALA OKUWYNY GEÇIRIŇ a
MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» (Ýakup 4:8). Siz maşgala okuwyny yzygider geçirip biler ýaly gowy gün tertibini düzmeli (Gelip çykyş 18:19). Emma diňe maşgala okuwy ýeterlik däl. Hudaýy durmuşyňyzda birinji orunda goýuň. Hudaý barada «öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-turanyňyzda» gürrüň edip, maşgalaňyzyň Hudaý bilen dostlugyny berkidiň (Kanun taglymaty 6:6, 7). Siz hem «hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin» diýen Ýeşuwadan görelde alyň (Ýeşuwa 24:15).
MASLAHAT
-
Maşgala agzalaryňyzyň her biriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, maşgala okuwyny yzygider geçiriň
a Ýehowanyň Şaýatlary her hepde maşgala agzalary bilen bile Mukaddes Ýazgylary öwrenýärler