Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BAP

Ähli zady kim ýaratdy?

Ähli janly zady kim ýaratdy?

Ähli zady kim ýaratdy?

1—10. a) Ýaradylan zatlar sizi haýran galdyrýarmy? Näme üçin? b) Hudaý ilki bilen kimi ýaratdy we biz muny nireden bilýäris? ç) Hudaý ähli janly zatlary näme üçin ýaratdy? d) Hudaý söýgüsini nädip bildirýär?

MEN bir üýtgeşik zady bilýärin. Gürrüň bereýinmi? ~ Eliňe seret. Hany, barmaklaryňy gymyldat. Indi bolsa, eliňe nämedir bir zady al. Sen eliň bilen köp zat edip bilýärsiň. Olar saňa gowy kömek edýär. Eliňi kimiň ýaradandygyny bilýärmiň?~

2 Hawa, ony Beýik Mugallymyň Atasy Hudaý ýaratdy. Şeýle-de ol biziň agzymyzy, burnumyzy we gözümizi ýaratdy. Hudaýyň bize göz berendigine begenýärmiň? ~ Biz daş-töweregimizdäki gülleri, al-ýaşyl öwüsýän otlary, gök asmany we başga-da köp zatlary görýäris. Biz şu suratdaky ýaly ajygan guşjagazlary hem görýäris. Biziň şunça zatlary görüp bilýändigimiz gowy dälmi näme?! ~

3 Bulary kim ýaratdy? Belki, bir adam ýaradandyr. Ýok. Adam jaý gurup bilse-de, hakyky otlary, guşuň çagasyny, gülleri ýa-da başga janly zatlary ýaradyp bilmeýär. Sen muny bilýärmidiň? ~

4 Ähli zady Hudaý ýaratdy. Ol gögi we ýeri ýaratdy. Şeýle-de ol adamlara ýaşaýyş berdi. Ilkinji erkegi we aýaly hem Hudaý ýaratdy. Bu barada Beýik Mugallym Isa-da aýdypdy (Matta 19:4—6).

5 Ýöne Hudaýyň ilkinji erkek adam bilen aýaly ýaradandygyny Isa nireden bilýärdi? Ol Hudaýyň eden işlerini gördümi? ~ Elbetde, sebäbi Isa şol wagt Hudaýyň ýanyndady. Hudaý, ilki, Isany ýaratdy. Isa perişdedi we Atasy bilen gökde ýaşaýardy.

6 Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Hudaý: «Ynsany ýaradalyň» diýýär (Gelip çykyş 1:26). Alla bu sözleri kime aýdýar? ~ Elbetde, öz Ogluna. Soňra Ogly ýer ýüzünde dogulýar we oňa Isa diýip at dakylýar.

7 Biz Isany diňlesek, Hudaýyň ýanynda ýaşan adamy diňleýäris! Sebäbi Hudaý ýeri we daş-töwerekdäki ähli zady ýaradanda, Isa onuň ýanyndady. Ol gökde Atasy bilen zähmet çekip, köp zatlary öwrenýär. Şol sebäpli Isanyň Beýik Mugallym bolandygy geň galdyrmaýar!

8 Seniň pikiriňçe, Hudaý Ogluny ýaratmazyndan öň özüni ýeke duýup, bagtsyz boldumy? ~ Ýok. Eger Hudaý özüni ýeke duýmadyk bolsa, onda näme üçin ähli janly zady ýaratdyka? ~ Sebäbi ol söýgüden doly Hudaý. Ol başgalaryň hem ýaşamagyny we ýaşaýyşdan lezzet almagyny isleýär. Şonuň üçin biz Hudaýa minnetdar bolmaly.

9 Ähli ýaradylan zatdan Hudaýyň söýgüsini görse bolýar. Alla Güni ýaratdy. Gün bolsa, bize ýagtylyk we ýylylyk berýär. Eger Gün bolmadyk bolsa, onda ähli zat doňup galardy we ýer ýüzünde ýaşaýyş bolmazdy. Hudaýyň Güni ýaradandygyna begenýärmiň? ~

10 Şeýle-de Hudaý ýer ýüzüne ýagyş ýagar ýaly etdi. Käwagt sen ýagşyň ýagýandygyna begenýän dälsiň, sebäbi sen şonda daşarda oýnap bilmeýärsiň. Emma ýagşyň ýagmagy bilen güller ösýär. Sen owadan gülleri göreniňde, kime minnetdar bolýarsyň? ~ Hudaýa. Biz tagamly ir-iýmişleri we gök-önümleri iýenimizde kime sagbolsun aýdarys? ~ Elbetde, Hudaýa. Sebäbi olar Hudaýyň Gün şöhlesini berýändigi we ýagyş ýagdyrýandygy üçin ösüp ýetişýärler.

11—21. a) Hudaýyň bardygyny haýsy mysallar arkaly subut edip bolýar? b) Näme üçin Allanyň suratyny çekmeli däl? ç) Hudaýa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

11 Aýdaly, senden: «Adamlary we haýwanlary Hudaý ýaratdymy?» diýip soraýarlar. Sen şonda näme jogap berersiň? ~ «Hawa, olary Hudaý ýaratdy» diýseň dogry bolar. Emma kimdir biri Hudaýyň adamlary ýaradandygyna ynanmaýan bolsa näme? Ýa-da adamlar haýwandan döredi diýse näme? Ýöne Mukaddes Ýazgylarda ähli janly zady Hudaý ýaratdy diýilýär (Gelip çykyş 1:26—31).

Jaý öz-özünden gurulmaýan bolsa, onda gülleri, baglary we haýwanlary kim ýaratdy?

12 Emma kimdir biri: «Allatagala ynanmaýaryn» diýse, sen oňa näme jogap berersiň? ~ Oňa bir jaýy görkezip: «Bu jaýy kim gurdy?» diýip sora. Islendik adam jaýy kimdir biriniň gurandygyny bilýär. Sebäbi jaý öz-özünden gurulmaýar (Ýewreýler 3:4).

13 Soňra oňa bagy we gülleri görkezip, şeýle sorag ber: «Bu güli kim ýaratdy?» Elbetde, ony adam ýaratmady. Edil jaýyň öz-özünden gurulmaýşy ýaly, gül hem öz-özünden döremedi. Ony kimdir biri ýaratmalydy. Hawa, güli Hudaý ýaratdy.

14 Indi bolsa, ol adamdan bir salym guşlaryň saýraýşyny diňlemegi haýyş et. Soňra ondan: «Guşlary kim ýaratdy we olara saýramagy kim öwretdi?» diýip sora. Elbetde, muny Hudaý etdi. Hawa, Allatagala asmany, ýeri we ähli janly zady ýaratdy! Hudaý ähli zada ýaşaýyş berdi.

15 Belki-de, kimdir biri diňe görýän zatlaryna ynanýandyr. Ol: «Gözüm bilen görmesem, ynanmaryn» diýmegi mümkin. Hawa, käbir adamlar Hudaýy görmeýändigi üçin oňa ynanmaýarlar.

16 Hawa, biz Allatagalany görüp bilmeýäris. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýy hiç kimiň görüp bilmejekdigi aýdylýar. Hudaýy erkek adamlaram, aýallaram, çagalaram görüp bilmeýär. Şol sebäpli hiç kim Allanyň suratyny çekjek ýa-da heýkelini ýasajak bolmaly däl. Muny Hudaýyň hut özi tabşyrdy. Eger-de biziň öýümizde şeýle zatlar bar bolsa, Hudaý muny halamaz (Müsürden çykyş 20:4, 5; 33:20; Ýahýa 1:18).

17 Hudaýy görüp bolmaýan bolsa, onda biz onuň bardygyny nädip bilýäris? Gel, bu barada oýlanyp göreli. Şemaly görüp bolýarmy? ~ Elbetde, ýok. Hiç bir adam ony görüp bilmeýär. Ýöne biz şemalyň täsirini, meselem, agajyň şahalarynyň we ýapraklarynyň gymyldaýşyny görýäris. Şol sebäpli şemalyň bardygyna ynanýarys.

Şemalyň bardygyny nämeden bilýärsiň?

18 Şonuň ýaly Hudaýyň eden işlerini hem görüp bolýar. Meselem, hakyky gül ýa-da diri guş Allatagalanyň eliniň işidir. Şol sebäpli biz Hudaýyň bardygyna doly ynanyp bileris.

19 Kimdir biri: «Güni hem-de Ýeri kim ýaratdy?» diýip soramagy mümkin. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär (Gelip çykyş 1:1). Hawa, bu ajaýyp zatlaryň ählisini Allatagala ýaratdy! Bu saňa nähili täsir edýär? ~

20 Ýaşaýyş, gör, nähili ajaýyp! Biz guşlaryň ýakymly saýraýşyny eşidýäris. Hudaýyň ýaradan güllerini we başga zatlaryny görüp bilýäris. Şeýle-de biz Hudaýyň beren näzi-nygmatlaryndan lezzet alýarys.

21 Bu zatlaryň ählisi üçin biz Hudaýa sagbolsun aýtmaly. Esasan-da, Hudaýyň bize ýaşaýyş berendigine minnetdar bolmaly. Eger-de biz minnetdar bolsak, onda muny iş ýüzünde görkezmeli. Nädip? ~ Biz Hudaýa gulak asmaly we onuň Mukaddes Ýazgylarda aýdýan zatlaryny berjaý etmeli. Şeýdip, biz ähli zady ýaradan Hudaýy söýýändigimizi görkezeris.

Hudaýyň biziň üçin eden ähli zadyna nädip minnetdar bolmaly? Gel, bu barada okaly: Zebur 139:14; Ýahýa 4:23, 24; 1 Ýahýa 5:21 we Ylham 4:11.