Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI BAP

Biz näme üçin ýalan sözlemeli däl?

Biz näme üçin ýalan sözlemeli däl?

1—6. a) Matta 5:37-däki Isanyň aýdan sözleri nämäni aňladýar? b) Isanyň ölüminden biraz wagt geçenden soň nämeler boldy?

AÝDALY, bir gyz ejesine mekdepden soň derrew öýe geljekdigini aýdýar. Emma ol mekdepden soň, joralary bilen oýnap eglenýär. Soňra ejesine: «Mugallymym meni sapakdan soň alyp galdy» diýýär. Şeýle diýmek dogry bolardymy? ~

Bu oglan nähili erbet iş etdi?

2 Ýa-da bir oglan kakasyna: «Men öýüň içinde top oýnamadym» diýýär. Aslynda, ol oýnan bolsa näme? Onuň top oýnamadym diýmegi dogry bolarmy?~

3 Beýik Mugallym şeýle ýagdaýda näme diýenimizde dogry boljakdygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Siziň „Hawa“ diýen sözüňiz „Hawa“, „Ýok“ diýeniňiz „Ýok“ bolsun. Mundan artygy Iblisdendir» (Matta 5:37). Isa şeýle diýmek bilen nämäni düşündirjek bolýar? ~ Ol biziň aýdýan zadymyz bilen edýän işimiziň deň gelmelidigini aýdýar.

4 Mukaddes Ýazgylarda hakykaty aýtmagyň wajypdygyny görkezýän bir waka gürrüň berilýär. Bu Isanyň iki şägirdi bilen bolan waka. Gel, bu barada bileli.

5 Isa ölenden soňra iki aý geçip-geçmänkä, Iýerusalimde bir wajyp baýramçylyk bellenilýär. Oňa uzak ýerlerden köp adamlar gelýär. Ýehudylar bu baýramçylyga Pentikost güni diýýärdiler. Şonda Petrus resul adamlara Isa we Ýehowanyň ony nädip direldendigi barada gürrüň berýär. Iýerusalime gelen adamlaryň köpüsi Isa barada birinji gezek eşidipdiler. Indi olaryň Isa barada köpräk bilesi gelýärdi. Şol sebäpli olar näme etdilerkä?

6 Iýerusalime gelen adamlar ol ýerde köpräk galmaly bolýarlar. Şol sebäpli olara iýmit satyn almak üçin pul gerek bolýar. Isanyň Iýerusalimdäki şägirtleri hem myhmanlara kömek etjek bolýarlar. Olaryň köpüsi emlägini satyp, pullaryny Isanyň resullaryna berýärler. Resullar hem pullary mätäç adamlara paýlaýarlar.

7—13. a) Hananýa bilen Safira nähili erbet iş etdi we olara näme boldy? b) Hananýa bilen Safiranyň mysalyndan biz nähili sapak edinýäris?

7 Iýerusalimdäki ýygnagyň agzasy Hananýa we onuň aýaly Safira öz mülküni satýarlar. Mülk ýerini satmaga olary hiç kim mejbur etmeýär. Olaryň özleri şeýle karara gelýär. Emma Hananýa bilen Safira muny Isanyň täze şägirtlerini söýýändikleri üçin däl-de, adamlara gowy görünjek bolup edýärler. Şol sebäpli olar kömek etmek üçin pulumyzyň ählisini berýäris diýmegi ýüregine düwýärler. Aslynda, olar puluň hemmesini däl-de, diňe bir bölegini bermekçi bolýarlar. Sen muňa nähili garaýarsyň? ~

8 Hananýa resullaryň ýanyna gelip, olara puluny berýär. Elbetde, Alla Hananýanyň ähli puluny bermeýändigini bilýär. Şol sebäpli Hudaý onuň ýalan sözleýändigini Petrus resula aýan edýär.

Hananýa Petrusa näme diýip ýalan sözledi?

9 Şonda Petrus oňa şeýle diýýär: «Hananýa, sen näme üçin Şeýtanyň diýenini etdiň? Ýer seniňki dälmidi? Ony satmaga seni hiç kim mejbur etmedi. Ýeri satanyňdan soň hem, puly näme etmelidigini özüň çözüp bilýärdiň. Emma näme üçin sen onuň bir bölegini berip, hemmesini berdim diýip, gowy görünjek bolduň? Sen adamlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».

10 Hananýanyň eden işi agyr günädi. Sebäbi ol etmedik zadyny etdim diýip ýalan sözleýär. Aslynda bolsa, ol hakykaty gizleýär. Mukaddes Ýazgylarda soňra näme bolandygy barada gürrüň berilýär. Onda şeýle diýilýär: «Hananýa Petrusyň sözlerini eşidip, ýykyldy we öldi». Hudaý Hananýa ýalan sözländigi üçin ölüm jezasyny berýär! Şondan soň onuň jesedini äkidip jaýlaýarlar.

Hananýa ýalan sözläni üçin oňa näme boldy?

11 Takmynan üç sagatdan soň, Safira gelýär. Ol ärine näme bolandygyny bilmeýär. Şol sebäpli Petrus resul ondan: «Mülk ýeriňizi satyp, bize puluňyzyň hemmesini berdiňizmi?» diýip soraýar.

12 Safira: «Hawa, mülk ýerimizi näçä satan bolsak, hemmesini berdik» diýip jogap berýär. Emma ol ýalan sözleýär! Olar mülküni satyp, pulunyň bir bölegini özlerine alyp galýarlar. Şol sebäpli Hudaý Safira hem ölüm jezasyny berýär (Resullaryň işleri 5:1—11).

13 Hananýa bilen Safiranyň mysalyndan nähili sapak edinýäris? ~ Biz Hudaýyň ýalan sözlemegi ýigrenýändigini bilýäris. Ol biziň hemişe hakykaty aýtmagymyzy isleýär. Emma köp adamlar käwagt ýalan sözleseň bolýar diýýärler. Sen şol adamlaryň aýdýanlary bilen ylalaşýarmyň? ~ Sen ähli horlugyň, keseliň we ölümiň ýer ýüzüne ýalançylyk sebäpli girendigini bilýärmiň? ~

Isanyň aýtmagyna görä, kim ilkinji gezek ýalan sözledi we netijesi näme boldy?

14—18. a) Näme üçin ýalan sözlemeli däl? b) Seniň haçan ýalan sözlemegiň mümkin? ç) Mukaddes Ýazgylarda hiç haçan ýalan sözlemeli däldigi barada nähili duýduryş berilýär?

14 Ýadyňa düşýän bolsa, Iblis ilkinji aýaly, ýagny How enäni aldaýar. Ol gadagan edilen miweden iýip, Hudaýa gulak asmasa-da, onuň ölmejekdigini aýdýar. How ene Iblise ynanyp, miweden iýýär. How ene miweden Adam ata hem berýär. Şeýdip, olar günäli bolýar we ähli çagalary hem günäli dogulýar. Şol sebäpli Adam atanyň ähli nesli horluk çekýär we ölýär. Diýmek, ähli horluklar nädip başlapdyr? ~ Ýalançylyk sebäpli.

15 Isanyň Şeýtana «ýalançy, ýalanyň atasy» diýendigine geň galmaýarys. Iblis ilkinji bolup ýalan sözläpdi. Şol sebäpli ýalan sözleýän adam Şeýtana meňzeýär. Biz ýalan sözlemekçi bolanymyzda, bu barada oýlanmaly (Ýahýa 8:44).

16 Seniň haçan ýalan sözlemegiň mümkin? ~ Sen haýsydyr bir erbet iş edeniňde, ýalan sözlärsiňmi? ~ Aýdaly, sen tötänlikde bir zady döwýärsiň. Eger bu barada senden sorasalar, ony doganym ýa-da jigim döwdi diýersiňmi? Ýa-da sen onuň nädip döwlendigini asla bilmediksirän bolarsyňmy? ~

Seniň haçan ýalan sözlemegiň mümkin?

17 Aýdaly, senden öý işiňi etdiňmi diýip soraýarlar. Emma sen onuň hemmesini etmedik bolsaň näme diýersiň? ~ Şonda Hananýa bilen Safiranyň mysalyny ýadymyza salmaly. Olar doly hakykaty aýtmadylar. Alla hem olara ölüm jezasyny bermek bilen, ýalan sözlemegiň nähili erbetdigini görkezdi.

18 Biz nähili ýagdaýa düşsek-de, ýalan sözlesek, ýagdaýymyzy has-da kynlaşdyrarys. Biz hatda ýarym ýalan sözlemeli hem däl. Injilde: «Hakykaty aýdyň» we «biri-biriňize ýalan söz aýtmaň» diýilýär. Ýehowa hemişe hakykaty aýdýar we ol biziňem şeýle etmegimizi isleýär (Efesliler 4:25; Koloseliler 3:10).

Biz hemişe-de hakykaty aýtmaly. Bu barada şu aýatlarda aýdylýar: Müsürden çykyş 20:16; Süleýmanyň tymsallary 6:16—19; 12:19; 14:5; 16:6 we Ýewreýler 4:13.