Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

23-NJI BAP

Adamlar näme üçin keselleýär?

Adamlar näme üçin keselleýär?

1—8. a) Ysmaz adamy getirenlerinde, Isa nirededi? b) Ysmaz adamy Isanyň ýanyna getirmek näme üçin kyn boldy we ony öýe nädip saldylar? ç) Isa ysmaz adama näme etdi?

SEN kesellän adamy görüpmidiň? ~ Käwagt seniň özüň hem keselleýänsiň. Belki, seniň sowuklan ýa-da içiň agyran wagty bolandyr. Käbir adamlar agyr keselleýärler. Hatda olar kimdir biri kömek etmese, ýerindenem galyp bilmeýärler. Bu köplenç garry adamlarda bolýar.

2 Her bir adam wagtal-wagtal keselleýär. Sen adamlaryň näme üçin keselleýändigini, garraýandygyny we ölýändigini bilýärmiň? ~ Bir gezek Isanyň ýanyna ýöräp bilmeýän adamy getirýärler. Şonda Isa adamlaryň näme üçin keselleýändigini hem-de ölýändigini düşündirýär. Gel, men saňa bu barada gürrüň bereýin.

3 Isa Jelile deňziniň golaýynda ýerleşýän bir şähere barýar. Ony görmäge köp adamlar gelýär. Gelýänleriň yzy üzülmeýändigi üçin, öýüň içine adam sygmaýar. Käbir adamlar gapynyň ýanyna-da baryp bilmeýär. Şonda dört sany adam ýöräp bilmeýän bir ysmaz adamy düşekde getirýär.

4 Olaryň bu ysmaz adamy Isanyň ýanyna näme üçin getirendigini bilýärmiň? ~ Olar Isanyň kömek edip biljekdigine, ýagny ony keselinden sagaltjakdygyna ynanýardylar. Sen olaryň adamdan doly öýe ysmazy nädip salandygyny bilýärmiň? ~

5 Ine, suratda olaryň näme edýändigini görýänsiň. Ilki, olar ysmaz adamy üsti tekiz jaýyň ýokarsyna çykarýarlar. Soňra jaýyň üstüni açyp, düşekde ýatan ysmaz adamy aşak düşürýärler. Olaryň imany, gör, nähili güýçli!

6 Adamlar muny görüp, örän geň galýarlar. Göz öňüne getir, düşekde ýatan adam indi olaryň arasynda peýda bolýar! Ysmaz adamy getirendikleri üçin, Isanyň gahary gelýärmi? ~ Ýok! Gaýtam, Isa olaryň imanyny görüp begenýär. Ol ysmaz adama: «Seniň günäleriň ötüldi» diýýär.

Isa ysmaz adama näme diýdi?

7 Käbir adamlar Isanyň beýle diýmäge haky ýok diýip pikir edýärler. Olar Isanyň günäleri bagyşlap bilýändigine düşünmeýärler. Isa günäleri bagyşlap bilýändigini görkezmek üçin, ysmaz adama: «Tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýýär.

8 Isa bu sözleri aýdan badyna, ol adam sagalýar! Indi ol ysmaz däl we özbaşdak turup, ýöräp bilýär. Bu gudraty gören adamlar diýseň haýran galýarlar. Olar şeýle geň zady hiç haçan görmändi! Adamlar keselleri sagaldyp bilýän Beýik Mugallymy berendigi üçin Ýehowany şöhratlandyrýarlar (Markus 2:1—12).

Bu gudratdan nämäni bildik?

9—14. a) Isanyň ysmaz adamy gudrat arkaly sagaldyşyndan nämäni bildik? b) Adamlaryň ählisi nädip günäli boldy?

9 Bu gudratdan nämäni bildik? ~ Biz Isanyň günäleri bagyşlamaga we kesel adamlary sagaltmaga güýjüniň ýetýändigini bildik. Şeýle-de biz bu wakadan örän wajyp zady öwrendik: adamlar günäli bolandygy üçin keselleýär.

10 Adamlaryň wagtal-wagtal kesellemegi olaryň ählisiniň günälidigini aňladýarmy? ~ Hawa, Mukaddes Ýazgylarda biziň ählimiziň günäli bolup dogulýandygymyz aýdylýar. Sen günäli bolup dogulmagyň nämedigine düşünýärsiňmi? ~ Bu biziň bikämil bolup dogulýandygymyzy aňladýar. Biz käwagt islemeýän erbet işlerimizi hem edýäris. Sen biziň ählimiziň nädip günäli bolandygymyzy bilýärmiň? ~

11 Biz Adam atanyň Hudaýa gulak asmandygy üçin günäli dogulýarys. Ol Hudaýyň kanunyny bozup, günäli boldy. Şol sebäpli Adam atadan biziň ählimize günä geçdi. Ondan bize nädip günä geçendigini bilýärmiň? Gel, men saňa muny düşündireýin.

Biz nädip günäli bolduk?

12 Belki, sen buhanka çöregiň bişirilişini görensiň. Eger çörek bişirilýän gap ýemşik bolsa, onda çörek nähili bolar? ~ Suratdan görşümiz ýaly, şol gapda bişirilen çörekleriň hemmesi ýemşik bolmazmy?~

13 Adam atany şol gaba, bizi bolsa çörege meňzetse bolar. Adam ata Hudaýyň kanunyny bozup, bikämil boldy. Ol ýemşik gap ýaly zaýalandy. Şol sebäpli onuň çagalary nähili bolup doglar? ~ Elbetde, bikämil bolup doglar.

14 Çagalaryň köpüsi maýyp, meselem, elsiz ýa-da aýaksyz bolup dogulmaýar. Emma olar bikämil bolany üçin, wagtyň geçmegi bilen keselleýär we ölýär.

15—18. a) Käbir adamlar näme üçin beýlekilere garanyňda köp keselleýär? b) Günälerimiz nädip aýrylar we şonda saglygymyz nähili bolar?

15 Elbetde, käbir adamlar başga adamlara garanyňda köp keselleýär. Näme üçin? Olaryň beýleki adamlardan has günäli bolup dogulýandygy üçinmi? ~ Ýok, adamlaryň hemmesi deň derejede günäli we bikämil bolup dogulýar. Her bir adam iru-giç keselleýär. Hatda Hudaýa gulak asmaga jan edýän we hiç hili ýamanlyk etmeýän adamlaram keselleýär.

Günälerimiz aýrylanda saglygymyz nähili bolar?

16 Onda näme üçin käbir adamlar başga adamlara garanyňda köp keselleýär? ~ Munuň birnäçe sebäbi bar. Belki, olar gowy iýmitlenýän däldir ýa-da nädogry iýmitlenýändir. Ýa-da olar süýji zatlary köp iýýändir. Mümkin, olar giç ýatyp, gowy ukusyny alýan däldir. Ýa-da olar howa sowuk bolanda, ýyly geýinýän däldir. Käbir adamlaryň bolsa, saglygy gowşak bolýar. Şol sebäpli olar özleri barada alada etseler-de, kesele garşy göreşip bilmeýärler.

17 Biziň kesellemejek wagtymyz bolarmy? Haçanam bolsa günä bizden aýrylarmy? ~ Isanyň ysmaz adama näme edendigi ýadyňa düşýärmi? ~ Isa onuň günälerini bagyşlap, keselinden sagaltdy. Şeýle etmek bilen, Isa dogrulyk etmäge jan edýän adamlaryň ählisi üçin näme etjekdigini görkezdi.

18 Eger biz günä etmek islemeýändigimizi görkezsek we erbetligi ýigrensek, Isa bizi sagaldar. Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa gelejekde biziň bikämilligimizi aýrar. Elbetde, günä bizden derrew aýrylmaz. Ol wagtyň geçmegi bilen aýrylar. Günälerimiz doly aýrylanda, hiç haçan kesellemeris. Biziň ählimiziň kämil saglygymyz bolar. Şonda biz, gör, nähili şatlanarys!

Günäniň ähli adamlara täsir edendigi barada köpräk oýlanmak üçin şu aýatlary okaly: Eýýup 14:4; Zebur 51:5; Rimliler 3:23; 5:12 we 6:23.