48-NJI BAP
Sen Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşap bilersiň
1—4. a) «Täze gökler» we «täze ýer» näme aňladýar? b) Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşaýşyň nähili boljakdygyny aýatlar we suratlar arkaly düşündir ( 251—254-nji sahypalardaky çarçuwalara serediň).
HUDAÝ Adam ata bilen How enäni ýaradyp, olary Erem bagynda ýerleşdirdi. Olar Ýehowa gulak asmandygy üçin ölse-de, Hudaý olaryň çagalaryna, şol sanda bize hem Jennetde ebedi ýaşaýşy wada berýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýilýär (Zebur 37:29).
2 Mukaddes Ýazgylarda «täze gökler» we «täze ýer» barada aýdylýar (Işaýa 65:17; 2 Petrus 3:13). Häzirki «gökler» adamlaryň hökümetlerini aňladýar. Emma Isa Mesihe we onuň bilen gökde höküm sürjeklere «täze gökler» diýilýär. Bütin ýeriň üstünden bu täze gökler, ýagny Hudaýyň adalatly hökümeti höküm sürende nähili ajaýyp bolar!
3 Onda «täze ýer» nämäni aňladýar? ~ Täze ýer Ýehowany söýýän gowy adamlary aňladýar. Bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylarda «ýer» diýlende, käwagt ýer ýüzi däl-de, onda ýaşaýan adamlar göz öňünde tutulýar (Gelip çykyş 11:1; Zebur 66:4; 96:1). Şol sebäpli täze ýeri aňladýan gowy adamlar ýer ýüzünde ýaşar.
4 Häzirki zalym adamlardan doly dünýä ýok ediler. Ýadyňa düşýän bolsa, Nuh pygamberiň günlerinde erbet adamlar Tupanda ýok edildi. Armageddon urşunda hem bu erbet dünýäniň ýok ediljekdigini bilýäris. Gel, Armageddondan soň Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşaýşyň nähili boljakdygyny bileli.
5—11. a) Ebedi ýaşamak üçin Mukaddes Ýazgylardan bilim almak näme üçin wajyp? b) Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamak üçin, bilim almakdan başga ýene-de näme etmeli? ç) Şu kitaby okasak, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga nädip kömek eder?
5 Sen Hudaýyň täze dünýäsindäki Jennetde baky ýaşasyň gelýärmi? ~ Hiç bir lukman bizi ebedi ýaşadyp bilmeýär. Bizi ölümden halas edýän hiç hili derman hem ýok. Biz diňe Hudaý bilen dostlaşyp baky ýaşap bileris. Beýik Mugallym bize nädip Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygyny öwredýär.
6 Gel, Ýahýa kitabynyň 17-nji babynyň 3-nji aýadyny açaly. Biz ondan Beýik Mugallymyň sözlerini okaýarys. Ol: «Ebedi ýaşaýyş seni, ýalňyz hak Hudaýy we seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» diýýär.
7 Isa biziň ebedi ýaşamagymyz üçin näme etmelidigimizi aýdýar? ~ Biz, ilki bilen, gökdäki Atamyz Ýehowa we onuň Ogly barada bilim almaly. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmeli. Bu babatda bize «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly şu kitap kömek edýär.
8 Ýehowa barada alýan bilimimiz ebedi ýaşamaga nädip kömek edip biler? ~ Biz her gün çörek iýşimiz ýaly, her gün Ýehowa barada-da bilim almaly. Injilde: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýilýär (Matta 4:4).
9 Şeýle-de biz Isa barada bilim almaly. Sebäbi Hudaý Ogluny biziň günälerimiz üçin berdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Başga hiç kimde gutulyş ýokdur» diýilýär. Şeýle-de onda: «Ogla iman eden ebedi ýaşar» diýilýär (Resullaryň işleri 4:12; Ýahýa 3:36). Sen indi Isa iman etmeseň, ebedi ýaşap bilmejekdigiňe düşünýärmiň? ~ Sen Beýik Mugallyma iman edýän bolsaň, her gün Isadan öwrenmeli we bilen zatlaryňy ýerine ýetirmeli.
10 Şu kitaby gaýta-gaýta okap, suratlaryň ählisine seredip, oýlanmak Beýik Mugallymdan öwrenmegiň bir
usulydyr. Sen suratlaryň soraglaryna jogap berip bilersiň. Şeýle-de kitaby ene-ataň bilen öwrenip bilersiň. Eger ene-ataň bolmasa, ululardan biri ýa-da başga çagalar bilen okap bilersiň. Sen adamlara Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşamak üçin, Beýik Mugallymdan öwrenmäge kömek etseň gowy bolmazmy?~11 Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýilýär. Şeýle-de onda biziň Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamagymyz üçin näme etmelidigimiz aýdylýar. Onda: «Kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» diýilýär (1 Ýahýa 2:17). Biz Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamak üçin näme etmeli? ~ Hawa, Ýehowa we onuň Ogly Isa barada bilim almaly. Şeýle-de biz bilen zatlarymyzy ýerine ýetirmeli. Bu babatda saňa şu kitap kömek eder.