Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI BAP

«Olar... ylalaşman, çekeleşdiler»

«Olar... ylalaşman, çekeleşdiler»

Ýolbaşçylyk maslahaty sünnetlenmek meselesini çözýär

Resullar 15:1—12

1—3. a) I asyrda ýygnakda nähili mesele ýüze çykdy? b) Resullar kitabyndaky wakany näme üçin öwrenmeli?

 PAWLUS bilen Barnabas birinji wagyz syýahatyny tamamlap, Siriýanyň Antakyýa şäherine dolanyp geldi. Olar begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy, sebäbi Ýehowa «başga halklara-da iman etmäge» mümkinçilik berdi (Res. 14:26, 27). Olar Antakyýa şäheriniňem hemme ýerinde wagyz edilýändigini gördüler. Başga milletli adamlaryň köpüsi Isanyň şägirdi bolýardy (Res. 11:20—26).

2 Ýahudadaky mesihçiler köp adamlaryň Isanyň şägirdi bolandygyny eşitdiler. Ýöne şägirtleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabasyň şatlygyna goşulmady, sebäbi olaryň käbiri täze şägirtler sünnetlenmeli diýip pikir edýärdi. Ýehudylar başga milletli şägirtler bilen gatnaşsa bolýarmy? Başga milletli mesihçiler hem Musanyň kanunyna eýermelimi? Sünnetlenmek baradaky mesele şeýle bir ula ýazdy welin, doganlaryň arasynda agzalalyk döredi. Doganlar meseläni nädip çözer?

3 Şu wakadan köp zatlary öwrense bolýar. Biz ondan ýygnakda agzybirligi, parahatlygy bozjak mesele ýüze çykanda paýhasly hereket etmegi öwreneris.

«Sünnetlenmeseňiz» (Resullar 15:1)

4. Käbir ýehudylaryň nähili garaýşy bardy? Nähili sorag ýüze çykýar?

4 Luka şägirt şeýle ýazdy: «Ýahudadan Antakyýa gelen käbir şägirtler doganlara: „Musanyň tabşyryşy ýaly sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz“ diýip öwredip başladylar» (Res. 15:1). Belki-de, Ýahudadan gelen şägirtler öň fariseý bolandyr. Biz muny anyk bilmeýäris. Ýöne olar hem fariseýler ýaly, Musanyň kanunyndaky her bir tabşyryga eýermegi talap edýärdiler. Şeýle-de olar: «Biz Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň öwredýän zatlaryny aýdýarys» diýen bolmaly (Res. 15:23, 24). Hudaýyň Petrus resul arkaly başga milletli adamlary saýlap başlanyna takmynan 13 ýyl bolupdy. Ýöne ýehudylar näme üçin şonda-da başga milletli adamlar sünnetlenmeli diýip pikir edýärdiler? a (Res. 10:24—29, 44—48).

5, 6. a) Käbir ýehudylar näme üçin sünnetlenmegi wajyp hasaplaýardy? b) Sünnet ähti bilen Ybraýym bilen baglaşylan ähtiň nähili tapawudy bar? Düşündiriň (Çykgyda serediň).

5 Ýehudylaryň şeýle pikir etmeginiň birnäçe sebäbi bolup biler. Meselem, ysraýyl halkyna sünnetlenmegi Ýehowanyň özi tabşyrypdy. Ýehowa bilen dost bolmak isleýän adam sünnetlenmelidi. Ýehowa Ybraýym pygambere we tutuş hojalygyndakylara sünnetlenmegi tabşyrypdy. Soňra şol tabşyrygy bütin ysraýyl halkyna-da beripdi b (3 Mus. 12:2, 3). Musanyň kanunyna görä, gelmişekler ysraýyl halkynyň belleýän baýramçylyklaryna gatnaşjak bolsa ýa-da Pasha gurbanlygyndan iýjek bolsa, ilki sünnetlenmelidi (2 Mus. 12:43, 44, 48, 49). Şonuň üçin hem ýehudylar sünnetlenmedik adamy haram hasaplaýardylar, ony Hudaýa sežde etmäge mynasyp görmeýärdiler (Işa. 52:1).

6 Isanyň şägirdi bolan ýehudylara indi garaýşyny düzetmek üçin iman hem pesgöwünlik gerekdi. Hudaý Kanun ähtine derek täze äht baglaşypdy. Şol ähte görä, Hudaýyň halkyna goşulmak üçin ýehudy bolup dogulmak hökman däldi. Ýahudada önüp-ösen adamlaryň köpüsi Isanyň şägirdi bolupdy. Olara Isa iman edip, başga milletli sünnetlenmedik adamlar bilen Hudaýa sežde etmek üçin batyrgaýlyk gerekdi (Ýer. 31:31—33; Luka 22:20).

7. Ýahudadan gelen şägirtler nämä düşünmeýärdiler?

7 Bilşimiz ýaly, Hudaýyň kada-kanunlary hiç wagt üýtgemeýär. Musanyň kanunyndaky esasy prinsipler täze ähtde-de bardy (Mat. 22:36—40). Meselem, Pawlus resul sünnetlenmek barada şeýle sözleri ýazdy: «Ýüreginde ýehudy bolan hakyky ýehudydyr. Däp boýunça däl-de, mukaddes ruh bilen ýüregi sünnetlenen adam hakyky sünnetlidir» (Rim. 2:29; 5 Mus. 10:16). Ýahudadan gelen şägirtler muňa düşünmeýärdiler. Olar henizem Ýehowa halkyndan sünnetlenmegi talap edýändir öýdýärdiler. Olar garaýşyny üýtgederlermi?

«Ylalaşman, çekeleşdiler» (Resullar 15:2)

8. Antakyýadaky doganlar näme üçin Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahatyna ýüz tutdular?

8 Luka sözüni dowam edip şeýle diýýär: «Pawlus bilen Barnabas olar (Ýahudadan gelen doganlar) bilen ylalaşman, çekeleşdiler. Şonda doganlar Pawlus bilen Barnabasy, başga-da käbir doganlary sünnetlenmek meseläni çözmek üçin Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň ýanyna iberdiler» c (Res. 15:2). Antakyýadaky doganlaryň käbiri başga milletli adamlary sünnetlemeli diýse, käbiri hökman däl diýýärdi. Iki topar hem özüniňkini dogry hasaplap, ylalaşyp bilmeýärdi. Ahyry olar ýygnakda parahatlygyň, agzybirligiň bolmagy üçin «Iýerusalimdäki resullara we ýaşululara», ýagny Ýolbaşçylyk maslahatyna ýüz tutdular. Biz Antakyýadaky doganlardan näme öwrenip bileris?

Käbiri ýerinden turup: «Başga milletli doganlara... Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler

9, 10. Antakyýadaky şägirtler nähili görelde galdyrdy? Pawlus bilen Barnabas nähili görelde galdyrdy?

9 Şol wakadan Hudaýyň guramasyna ynanmalydygyny öwrenýäris. Oýlanyp görüň, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň asly ýehudydy, ýehudylaryň däp-dessurlary boýunça ulalypdy. Antakyýadaky doganlar hem muny bilýärdi. Ýöne şägirtler doganlaryň sünnetlenmek baradaky meseläni mukaddes kitaplaryň esasynda çözjekdigine ynanýardy. Antakyýadaky ýygnak meseläni Ýehowanyň mukaddes ruhy, ýygnagyň başy Isa Mesih arkaly çözjekdigini bilýärdi (Mat. 28:18, 20; Efes. 1:22, 23). Geliň, bizem kyn mesele ýüze çykanda Antakyýadaky şägirtleriň göreldesine eýereliň. Hudaýyň guramasyna, saýlanan doganlardan ybarat Ýolbaşçylyk maslahatyna ýürekden ynanalyň.

10 Biz Pawlus bilen Barnabasdan hem pesgöwünli we sabyrly bolmagy öwrenýäris. Olary başga milletlere wagyz etmek üçin Hudaýyň özi saýlapdy. Ýöne Pawlus bilen Barnabas sünnetlenmek baradaky meseläni biz çözmeli diýip pikir etmediler. Olar mukaddes ruhuň görkezmesi bilen Iýerusalime gitdiler (Res. 13:2, 3). Pawlus hatynda şu barada şeýle ýazýar: «Maňa ol ýere (Iýerusalime) gitmelidigim görnüş arkaly aýdylypdy» (Gal. 2:2). Şu günler hem ýygnakda agzalalyk döredip biljek meseleler ýüze çykanda ýaşulular pesgöwünli hem sabyrly bolmaly. Olar dawalaşmaýarlar ýa-da öz sözüni ýöretjek bolmaýarlar, gaýtam Ýehowanyň garaýşyny biljek bolýarlar. Munuň üçin Mukaddes Kitaby öwrenýärler. Şeýle-de wepaly hyzmatkäriň şol mesele barada näme diýýändigini bilmek üçin gözleg geçirýärler (Flp. 2:2, 3).

11, 12. Biz näme üçin Ýehowa garaşmaly?

11 Käbir ýagdaýlarda Ýehowa meseläniň çözgüdini açýança garaşmaly bolýar. Meselem, başga milletli adamlary sünnetlemelimi ýa-da sünnetlemeli däldigi belli bolýança, köp wagt gerek boldy. Ýehowa ony ilkinji sapar başga milletli adam, ýagny Korneliý saýlananda däl-de, takmynan 13 ýyldan soň açdy. Ýehowa näme üçin sünnetlenmegiň hökman däldigini derrew aýtmady? Akýürekli ýehudylara Ýehowanyň garaýşyna düşünýänçä wagt gerek bolandyr. Sebäbi olar 1 900 ýyllap Ýehowanyň Ybraýym pygamber bilen baglaşan sünnet ähtine eýerip gelýärdiler. Täze görkezmäni kabul etmek olara aňsat bolmady (Ýah. 16:12).

12 Sabyrly hem mähirli Hudaýymyz Ýehowadan öwrenmek uly hormat! Ol bize garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Gökdäki Atamyz hemişe peýdaly zatlary öwredýär (Işa. 48:17, 18; 64:8). Guramada üýtgeşmeler bolanda ýa-da aýatlar başgaça düşündirilende nägile bolmaly däl ýa-da tekepbirlik edip öz pikirimizi öňe sürmeli däl (Nes. 7:8). Bizde-de şeýle garaýyş bar bolsa, Resullar 15-nji bapdaky wakany öwreneliň hem-de öwrenen zatlarymyza eýermek üçin Ýehowadan kömek soralyň d.

13. Biz nädip Ýehowa ýaly sabyrly bolup bileris?

13 Käte okuw geçýänlerimize nädogry garaýşyny düzetmek ýa-da käbir däp-dessurlara eýermegini goýmak kyn bolup biler. Şeýle ýagdaýda Ýehowa ýaly sabyrly bolmaly. Okuw geçýänler mukaddes ruhuň kömegi bilen garaýşyny üýtgedýänçä kömek etmeli (1 Kor. 3:6, 7). Şeýle-de biz olar üçin doga etmeli. Şonda Ýehowa Hudaý olara kömek etmegiň iň gowy usulyny tapyp berer (1 Ýah. 5:14).

Ruhlandyryjy wakalary «birin-birin gürrüň berdiler» (Resullar 15:3—5)

14, 15. a) Antakyýadaky şägirtler Pawlus bilen ýanyndaky doganlara nädip hormat goýdular? b) Pawlus bilen ýanyndaky doganlar şägirtleri nädip ruhlandyrdylar?

14 Luka sözüni şeýle dowam etdi: «Ýygnagyň agzalary olary ýarty ýola çenli ugradyp, yzlaryna dolandylar. Pawlus, Barnabas we beýleki doganlar bolsa Finikiýa bilen Samariýa baryp, başga milletli adamlaryň Hudaýa sežde edip başlandyklaryny birin-birin gürrüň berdiler. Doganlar muny eşidip, örän begendiler» (Res. 15:3). Ýygnagyň agzalarynyň doganlary ýarty ýola çenli ugratmagy söýgüsini, hormat goýýandygyny görkezýärdi. Olar doganlary goldap, Hudaýyň olara bereket bermegini isleýärdiler. Dogrudanam, Antakyýadaky şägirtler bize ajaýyp görelde galdyrdy. Siz hem dogan-uýalara, «esasan-da, Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän ýaşululara» hormat goýýarsyňyzmy? (1 Tim. 5:17).

15 Pawlus bilen ýanyndakylar Iýerusalime barýarka, Finikiýadaky we Samariýadaky doganlary ruhlandyrdylar. Olara başga milletli adamlaryň Isanyň şägirdi bolandygyny «birin-birin gürrüň berdiler». Pawlusy diňläp duran ýehudylaryň käbiri Stefanus öldürilenden soň şol şäherden gaçyp gaýdan doganlar bolmaly. Şu günler biz hem köp ýerlerde, esasan-da, güýçli yzarlamalaryň bolýan ýerinde Hudaýyň kömegi bilen ençeme adamlaryň hakykata gelýändiklerini eşidip begenýäris. Şeýle wakalary ýygnak duşuşyklarynda, kongreslerde eşidip bilýäris, saýtymyzdan ýa-da edebiýatlarymyzdan terjimehallary okap bilýäris. Siz hem ýygnak duşuşyklaryna, kongreslere gatnaşyp, edebiýatlary wagtly-wagtynda okamaga jan edýärsiňizmi?

16. Sünnetlenmek meselesi näme üçin ýöne-möne mesele däldi?

16 Doganlar günorta tarap takmynan 550 kilometr ýol geçensoň, Iýerusalime gelýärler. Luka şeýle ýazýar: «Iýerusalime gelenlerinde, ýygnakdakylar, resullar we ýaşulular olary mähirli garşy aldylar. Pawlus bilen Barnabas Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini gürrüň berdiler» (Res. 15:4). Ýöne «öň fariseýleriň dini toparynyň agzasy bolanlaryň käbiri ýerinden turup: „Başga milletli doganlary sünnetlemeli, olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly“ diýdiler» (Res. 15:5). Dogrudanam, sünnetlenmek meselesi ýöne-möne mesele däldi. Ony hökman çözmelidi.

«Resullar we ýaşulular... ýygnanyşdylar» (Resullar 15:6—12)

17. Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahaty kimlerden ybaratdy? Olaryň arasynda näme üçin «ýaşulular» hem bardy?

17 Nakyllar 13:10-da: «Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar» diýilýär. Şol prinsipe görä, «resullar we ýaşulular sünnetlenmek babatda maslahat etmek üçin ýygnanyşdylar» (Res. 15:6). Edil häzirki Ýolbaşçylyk maslahaty ýaly, şol döwür hem «resullar we ýaşulular» tutuş ýygnaklar üçin karara gelýärdi. Näme üçin şol döwür resullaryň arasynda «ýaşulular» hem bardy? Ýadyňyzda bolsa, Ýakuby öldüripdiler. Köp wagt geçip-geçmänkä, Petrusy türmä basypdylar. Erte-birigün beýleki resullara-da näme boljagy belli däldi. Şonuň üçin wagyz işine gözegçilik eder ýaly, resullaryň arasynda başga-da saýlanan doganlar bolsa gowy bolardy.

18, 19. Petrus näme diýdi? Doganlar nämä düşünmelidi?

18 Luka şeýle ýazdy: «Gyzgalaňly çekişmeden soň, Petrus ýerinden turup: „Doganlar, siz başga milletli adamlaryň hoş habary eşidip, iman etmekleri üçin Hudaýyň ilki meni saýlandygyny bilýänsiňiz. Ýürekleri bilýän Hudaý olara mukaddes ruhuny berip, olardan razydygyny görkezipdi. Iman edendikleri üçin, Hudaý olaryň ýüregini arassalap, biziň bilen deň tutdy“ diýdi» (Res. 15:7—9). Bir sözlüge görä, ýedinji aýatdaky «gyzgalaňly çekişme» diýip terjime edilen grek jümlesi «sorap idemegi, anygyna ýetmegi» aňladýar. Doganlaryň sünnetlenmek barada garaýyşlary tapawutlansa-da, olar pikirini aýtmaga çekinmändir we biri-birini ünsli diňläpdir.

19 Petrus söze başlanda doganlaryň b. e. 36-njy ýylynda Korneliýiň we öý-içerisiniň saýlanandygy ýadyna düşendir. Şonda Petrus ilkinji sapar başga milletli adamlaryň mukaddes ruh arkaly saýlanandygyna şaýat bolupdy. Eger ýehudylar bilen başga milletli adamlary Ýehowa deň tutýan bolsa, adamlaryň olary ala tutmaga haky barmy? Petrusyň aýdyşy ýaly, Ýehowa Musanyň kanunyna gulak asýan adamyň däl-de, Isa Mesihe iman edýän adamyň seždesini kabul edýär (Gal. 2:16).

20. Sünnetlenmegiň tarapyny tutýanlar Hudaýy nädip synadylar?

20 Petrus Hudaýyň Sözüne salgylanyp we mukaddes ruhuň eden işlerini göz öňünde tutup sözüniň ahyrynda şeýle diýdi: «Siz näme üçin ata-babalarymyzyň we biziň göterip bilmedik ýükümizi olaryň egnine atyp, Hudaýy synaýarsyňyz? Biz hem olar ýaly Halypamyz Isanyň eden ýagşylygy arkaly halas boljakdygymyza iman edýäris» (Res. 15:10, 11). Petrus sünnetlenmek meselesinde dawa edýän adamlaryň aslynda, «Hudaýy synaýandygyny» ýa-da «Hudaýyň sabryny synaýandygyny» aýtdy. Olar Hudaýyň sabryny nädip synadylar? Ýehudylar başga milletli adamlardan Musanyň kanunyna eýermegi talap edýärdiler. Aslynda, olaryň özleri Kanuna doly eýerip bilmändigi üçin ölüme mynasypdylar (Gal. 3:10). Olar başga milletli adamlardan Musanyň kanuny boýunça ýaşamagy talap etmän, gaýtam Hudaýyň Isa Mesih arkaly eden ýagşylygyna minnetdar bolmalydylar.

21. Doganlar dogry karara geler ýaly Pawlus bilen Barnabas näme diýdi?

21 Petrusyň sözleri diňleýjileri oýa batyrdy, olaryň «bary dymdy». Soňra Pawlus bilen Barnabas «Hudaýyň kömegi bilen başga milletlere görkezen alamatlary we gudratlary hakda gürrüň berdiler» (Res. 15:12). Ahyry resullar bilen ýaşulular Hudaýyň sünnetlenmek baradaky garaýşyny göz öňünde tutup, dogry karara geldiler.

22—24. a) Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky Ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine nädip eýerýär? b) Ýaşulular belli bir meseläni Ýehowanyň isleýşi ýaly çözmek üçin näme edip biler?

22 Şu günler hem Ýolbaşçylyk maslahaty belli bir meselä seredende, Hudaýdan mukaddes ruhuny soraýar we Mukaddes Kitapdaky prinsipleri göz öňünde tutýar (Zeb. 119:105; Mat. 7:7—11). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalaryna serediljek meseleler öňünden berilýär. Şeýlelikde, olar maslahata çenli şol mesele barada oýlanyp, doga edip bilýär (Nak. 15:28). Olar ýygnanyşanlarynda pikirini açyk aýdyp, biri-birini ünsli diňleýärler we hemişe Mukaddes Kitaba salgylanýarlar.

23 Ýygnak ýaşululary hem olaryň göreldesine eýermeli. Eger ýaşulular maslahaty belli bir meseläni çözüp bilmese, onda öz filialyndan ýa-da filialyň bellän wekilinden, ýagny etrap gözegçisinden kömek sorap biler. Eger filialdaky doganlar hem çözüp bilmese, Ýolbaşçylyk maslahatyna hat ýazyp biler.

24 Eger guramanyň görkezmelerine gulak assak, pesgöwünli, wepaly hem sabyrly bolsak, Ýehowa begenýär. Şonda Hudaý ýygnagyň ruhy taýdan berkemegine, agzybir hem parahat bolmagyna kömek edýär. Indiki bapda şu barada hasam giňişleýin gürrüň ederis.

a « Ýalan doganlaryň öwredýän zatlary» diýen çarçuwa serediň.

b Sünnet ähti Hudaýyň Ybraýym pygamber bilen baglaşan ähtine degişli däldi. Ybraýym bilen baglaşylan äht häzire çenli güýjüni ýitirmeýär. Ybraýym bilen baglaşylan äht b. e. öň 1943-nji ýylda Ybraýym pygamber (Ybram) Ýewfrat derýasyndan geçip, Kengana ýola düşende güýje giripdi. Şol wagt Ybraýym pygamber 75 ýaşyndady. Sünnet ähti bolsa b. e. öň 1919-njy ýylda Ybraýym pygamber 99 ýaşyndaka güýje giripdi (1 Mus. 12:1—8; 17:1, 9—14; Gal. 3:17).

c Iýerusalime gaýdan doganlaryň arasynda Titus hem bardy. Onuň asly grekdi. Soň ol Pawlus bilen ýakyndan işleşdi (Gal. 2:1; Tit. 1:4). Titus akýürekli dogandy. Ol sünnetlenmedik bolsa-da, mukaddes ruh tarapyndan saýlanandy (Gal. 2:3).