17-NJI SAPAK
Isa pygamber nähili adamdy?
Isa pygamberiň aýdan sözlerinden we eden işlerinden nähili adamdygyny bilip bolýar. Isany näçe gowy tanasak, Atasy Ýehowa bilen şonça-da dostlaşmak isläris. Isa pygamberiň nähili gowy häsiýetleri bardy? Biz ondan näme öwrenip bilýäris?
1. Isa nämede Ýehowa meňzeýär?
Isa milliardlarça ýyllap Atasynyň ýanynda ýaşap, ondan köp zatlary öwrendi. Isa Ýehowanyňky ýaly pikirlenýärdi, hatda duýgulary hem häsiýetleri Atasynyňka meňzeýärdi (Ýahýa 5:19-y oka). Şonuň üçin Isa: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9). Isany näçe gowy tanasak, Ýehowany şonça-da gowy tanarys. Meselem, Isa pygamber adamlaryň derdine düşünýärdi. Diýmek, Ýehowa-da seniň ýagdaýyňa düşünýär.
2. Isanyň Ýehowany söýýändigi nämeden görünýär?
Isa pygamber şeýle diýdi: «Dünýä Atamy söýýändigimi biler ýaly, Atamyň tabşyrygyny berjaý edýärin» (Ýahýa 14:31). Ol ýer ýüzünde ýaşanda her bir ýagdaýda, hatda kynçylyklarda-da Atasyna gulak asyp, jany-teni bilen söýdi. Şeýle-de Isa adamlara Atasy barada gürrüň bermegi, onuň bilen dostlaşmaga kömek etmegi gowy görýärdi (Ýahýa 14:23).
3. Isanyň adamlary söýýändigi nämeden görünýär?
Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň adamlary ýürekden söýendigi aýdylýar. Ol adamlara göwünlik berýärdi, janyny aýaman kömek edýärdi. Isa güýjüni görkezmek üçin däl-de, adamlara ýüregi awap, olary sagaldýardy (Markus 1:40—42). Ol mähirlidi, baý-garyp, aýal-erkek diýmän hemmeleri deň tutýardy. Isanyň hoş sözleri akýürekli adamlara göwünlik hem umyt berýärdi. Ol adamlary söýýändigi üçin şirin janyny hem gurban berdi. Isa tabşyryklaryna eýerýän adamlary hasam gowy görýärdi (Ýahýa 15:13, 14-nji aýatlary oka).
SÖHBETDEŞLIK
Isanyň häsiýetleri hakda köpräk bileliň. Isadan söýmegi we jomart bolmagy öwreneliň.
4. Isa Atasyny ýürekden söýýärdi
Biz Isa pygamberden Hudaýy söýmegi öwrenip bileris. Luka 6:12 we Ýahýa 15:10; 17:26-njy aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Isa ýaly Hudaýy nädip söýüp bileris?
5. Isa adamlara ýagşylyk edýärdi
Isa adamlara kömek etmek üçin hiç zadyny gaýgyrmaýardy. Ol ýadaw bolsa-da, adamlar üçin wagt tapýardy. Markus 6:30—44-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Isa adamlar üçin nämeler etdi? (31, 34, 41 we 42-nji aýatlara serediň).
-
Isanyň adamlara näme üçin kömek edesi geldi? (34-nji aýada serediň).
-
Isanyň häsiýetlerinden Ýehowa barada näme öwrenýärsiň?
-
Isa ýaly biz nädip adamlara kömek edip bileris?
6. Isa jomart adamdy
Isa pygamber baý bolmasa-da, jomartdy. Biz hem Isadan jomart bolmagy öwrenip bileris. Resullar 20:35-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Biz nädip bagtly bolup bileris?
WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
-
Baý bolmasak-da, nädip jomart bolup bileris?
Bilýäňizmi?
Mukaddes Kitap Ýehowa Hudaýa Isa pygamberiň ady bilen doga etmäge höweslendirýär (Ýahýa 16:23, 24-nji aýatlary okaň). Isanyň ady bilen doga etsek, eden ýagşylygyna minnetdar bolarys. Ol bizi Ýehowa bilen dostlaşdyrdy.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Adamlaryň çekýän kynçylygyny Hudaý görmeýär».
-
Isa Ýehowa meňzeýän bolsa, onda Hudaýyň adamlaryň kynçylygyna garaýşy barada näme bilýäris?
ESASY PIKIRLER
Isa pygamber Ýehowany we adamlary söýýär. Ol Atasyna meňzeýär. Isany näçe gowy tanasak, Ýehowany şonça-da gowy tanarys.
Gaýtalamak
-
Isa ýaly Ýehowany nädip söýüp bileris?
-
Isa ýaly adamlary nädip söýüp bileris?
-
Isanyň haýsy häsiýetini gowy gördüň?
KÖPRÄK BILIŇ
Isanyň nähili häsiýetleri bardy?
«Isanyň göreldesine eýermek üçin...» («Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş», sahypa 317)
Hudaý Isanyň ady bilen doga etmegimizi isleýär.
«Näme üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli?» («Garawul diňi» 1 fewral, 2008)
Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň daş keşbi barada aýdylýarmy?
Isa pygamber gelin-gyzlara nähili garaýardy?
«Hudaý aýallara hormat-sylag bildirýär» («Garawul diňi» 1 sentýabr, 2012)