Olaryň imanyndan görelde alyň

Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýa wepaly gulluk eden erkekdir aýallaryň imanyndan näme öwrenip bileris?

Wagt çyzgysy

Wagt çyzgysy hem karta Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň ýaşan ýerini we ýylyny bilmäge kömek edýär.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Ýolbaşçylyk maslahaty hemmelere kitaby şahsy ýa-da maşgala okuwynda geçmegi maslahat berýär

Giriş

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa wepaly gulluk eden köp erkekdir aýallar barada gürrüň berilýär. Biz olaryň mysallaryndan näme öwrenip bileris?

HABYL

«Ol ölenem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär»

Mukaddes Ýazgylarda Habyl barada az aýdylsa-da, biz onuň özi we imany barada näme bilýäris?

NUH

«Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»

Nuh pygamber we onuň aýaly çagalaryny terbiýelände nähili kynçylyklara duş geldi? Olar gämi ýasap, nädip imanyny görkezdi?

YBRAM

«Iman edýänleriň barynyň atasy»

Ybram pygamber imanyny nädip görkezdi? Biz onuň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

RUT

«Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»

Rut öz dogduk mekanyny we dogan-garyndaşlaryny näme üçin höwes bilen goýup gaýtdy? Ýehowa ony haýsy häsiýetleri üçin gymmat saýýardy?

RUT

«Päk aýal»

Bowazyň Rut bilen durmuş gurmagy näme üçin wajypdy? Biz Rut bilen Nagomydan maşgala babatda näme öwrenip bileris?

HANNA

Ol Hudaýa doga edip, ýüregini dökdi

Hannanyň Ýehowa bolan imany oňa çykgynsyz ýagdaýlarda hem döz gelmäge kömek etdi.

ŞAMUWEL

Ol Ýehowanyň huzurynda ösüp ulaldy

Şamuweliň çagalygy näme üçin üýtgeşikdi? Çadyrda imanyny berkitmäge oňa näme kömek etdi?

ŞAMUWEL

Ol lapykeçlige döz geldi

Ählimiziň imanymyz synalyp lapykeçlige we kynçylyga duş gelýäris. Biz Şamuwel pygamberiň çydamlylygyndan näme öwrenip bileris?

ABYGAÝYL

Ol paýhasly hereket etdi

Biz Abygaýylyň mysalyndan maşgaladaky kynçylyklary çözmegi nädip öwrenip bileris?

YLÝAS

Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy

Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna ynanmaýan adamlara duşanymyzda Ylýasdan nädip görelde alyp bileris?

YLÝAS

Ol oýa bolup garaşdy

Ylýas pygamber Ýehowanyň beren wadasyna garaşyp, nädip doga etdi?

YLÝAS

Hudaý oňa teselli berdi

Ylýas pygamber näme üçin ruhdan düşüp, ölümini diledi?

ÝUNUS

Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi

Ýunus pygamber Ýehowanyň beren ýumşundan näme üçin gorkdy? Onuň mysaly bize Ýehowanyň sabyrlygynyň we rehimdarlygynyň gadyryny bilmegi öwredýär.

ÝUNUS

Ol rehimdar bolmagy öwrendi

Ýunus bilen bolan waka özümizi barlamaga nädip kömek eder?

ESTER

Ol Hudaýyň halkyny halas etdi

Ester ýaly janaýamazak söýgiňi görkezmek üçin, iman etmeli we mert bolmaly.

ESTER

Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

Ester nädip janaýamazlyk bilen Ýehowanyň tarapyny tutdy we halkyny halas etdi?

MERÝEM

«Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»

Merýemiň Jebraýyl perişdä beren jogaby onuň imany barada nämäni aýan edýär? Ol ýene-de nähili gymmatly häsiýetleri görkezdi?

MERÝEM

Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»

Merýemiň Beýtullahamda başyndan geçirenleri Ýehowanyň wadalaryna imanyny berkitdi.

ÝUSUP

Ol göreldeli maşgalabaşydy

Ýusup maşgalasyny nädip gorady? Ol Merýem bilen Isany näme üçin Müsüre alyp gitdi?

MARTA

«Men... ynanýaryn»

Marta hasrat çekýän döwründe-de berk imanyny nädip görkezdi?

PETRUS

Ol gorkusy we şübhesi bilen göreşdi

Şübhe adamy heläkçilige eltip bilýär. Emma Petrus Isanyň yzyna eýerip, gorkusyny we şübhesini ýeňip bildi.

PETRUS

Ol synaglarda wepaly galdy

Petrusyň imany we wepalylygy düzedişi kabul etmäge nädip kömek etdi?

PETRUS

Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi

Isa Petrusy bagyşlamak babatda näme öwretdi? Isa Petrusy bagyşlandygyny nädip subut etdi?

Jemleýji sözler

Sen nädip imanyňy berkidip, umydyň hakda hemişe oýlanyp bilersiň?

You May Also Like

WIDEOLAR

Olaryň imanyndan görelde alyň. Wideolar

Şu wideolar ýygyndysyndan Mukaddes Kitapda agzalýan Hudaýa wepaly erkekdir-aýallar barada biliň.