Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BÖLÜM

Peýdaly maslahatlar

Peýdaly maslahatlar

 AÝDALY, siziň ýaşaýan ýeriňize bir lukman göçüp gelýär. Ilki, siz onuň gowy lukmandygyna şübhelenýärsiňiz. Emma siziň käbir dostlaryňyz oňa ýüz tutýar we olaryň saglygy gowulaşýar. Şonda siz hem ondan kömek sorarsyňyz gerek?

 Mukaddes Ýazgylary hem şeýle lukmana meňzetse bolar. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylara ynanmaýardylar, ýöne ondaky maslahatlara eýerende, durmuşynyň gowulanandygyna göz ýetirdiler. Geliň, häzir käbir wakalara seredeliň.

Maşgaladaky kynçylyklary çözmäge kömek edýär

 Sumiatun atly bir aýal şeýle ýatlaýar: «Men Dumas bilen ýaňy durmuş guranymda, ol meni äsgermeýän ýaly bolup görünýärdi. Men gaharyma sögüp, oňa elime ilen zady zyňýardym, hatda ony urýardymam. Käte gahardan ýaňa özümden gidip, çaşýardym.

 Ýanýoldaşym bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanlarynda, men onuň üstünden gülerdim. Özüm bolsa, ogrynça olaryň gürrüňini diňlärdim. Bir güni men «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň... aýal hem ärini sylasyn» diýen sözleri eşitdim (Efesliler 5:22, 33). Bu sözler maňa güýçli täsir etdi. Ýanýoldaşyma sögendigime Hudaýdan ötünç sorap, gowy aýal bolmaga kömek eder ýaly doga etdim. Tizden men Dumas bilen bile Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym».

Dumas bilen Sumiatun

 Şeýle-de Injilde: «Ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir» diýilýär (Efesliler 5:28). Sumiatun gürrüňini dowam edýär: «Öwrenen zatlarymyz ikimize-de täsir etdi. Dumas işden gelende, men indi oňa çaý demläp berip, hoşamaý sözleri aýdýaryn. Dumasyň maňa bolan söýgüsi artdy we ol indi hojalyk işlerine kömekleşýär. Biz «biri-birimize mähriban, gamhor bolmagy... biri-birimizi bagyşlamagy» öwrenýäris (Efesliler 4:32). Biziň söýgimiz we birek-birege hormatymyz gün saýyn artýar. Biz kyrk ýyldan bäri bagtly maşgala bolup ýaşaýarys. Hudaýyň Sözüniň paýhasly maslahatlary biziň maşgalamyzy halas etdi».

Gahary saklamak

 Taýyb şeýle gürrüň berýär: «Men ganygyzma hem uruşbazdym. Adamlary gorkuzmak üçin ýarag ulanýardym. Aýalym Kustriýany bolsa hemişe urýardym. Köp adamlar menden gorkardy.

Kustriýa bilen Taýyb her agşam bile doga edýärler

 Bir gün men Isanyň: «Size bir täze tabşyryk berýärin: ...Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri biriňizi söýüň» diýen sözlerini okadym (Ýahýa 13:34). Şonda men başga adam bolmagy ýüregime düwdüm. Gaharym depäme uranda, Hudaýa doga edip, özüme erk etmek üçin kömek soraýardym. Bu maňa köşeşmäge ýardam edýärdi. Aýalym ikimiz Injildäki: «Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» diýen maslahata eýerip başladyk (Efesliler 4:26, 27). Biz her gün agşam Mukaddes Ýazgylary okaýarys we bile doga edýäris. Bu bize günüň dowamynda bolan dartgynlygy aýyrmaga we biri-birimize ýakynlaşmaga kömek edýär.

 Häzir men parahat adam hökmünde tanalýaryn. Meni aýalym hem çagalarym sylaýar; dostlarym hem köpeldi, Hudaý bilen gatnaşygym berkedi. Indi men, hakykatdan-da, bagtly adam».

Erbet endiklerden üstün çykmak

Goin

 Goin şeýle gürrüň berýär: «Men erbet oglanlar bilen tirkeşerdim, köp çilim çekerdim, gijelerine bolsa serhoş halda köçede ýatyp galardym. Men neşäni çekerdimem, satardymam, ony ok geçmeýän gursakçamda gizlärdim. Men özümi dogumly alyp barsam-da, elmydama gorkuda ýaşaýardym.

 Bir gezek maňa Mukaddes Ýazgylardan şeýle sözleri okap berdiler: «Oglum, öwredenlerimi unutma... Çünki olar saňa uzak ömür berip, ýaşaýyş ýyllaryny, parahatlygy artdyrar» (Süleýmanyň tymsallary 3:1, 2). Men uzak hem parahat ýaşamagy arzuw edýärdim! Şeýle-de men Mukaddes Ýazgylardan: «Bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň» diýen sözleri okadym (2 Korintoslylar 7:1). Şeýlelikde, men neşe çekmegimi goýup, erbet oglanlar bilen aramy kesdim we Hudaýa gulluk edip başladym.

 Meniň neşe çekmänime on ýedi ýyl boldy. Şol sebäpli saglyk ýagdaýym gowulaşdy. Men bagtly maşgalama, gowy dostlaryma we päk ynsabyma guwanýaryn. Indi men serhoş halda köçede ýatman, öýde rahatlykda ýatýaryn».

Milletparazlygy ýeňmek

 Bambang şeýle ýatlaýar: «Men ýaşlygymdan bäri jenaýat iş ederdim we käbir tire-taýpalary ýigrenerdim. Şol sebäpli olara azar bererdim.

 Emma wagtyň geçmegi bilen, men Hudaýy agtaryp başladym. Şeýdip, men Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara duşdum. Meniň ýigrenýän adamlarym, meni mähirli garşyladylar! Olaryň arasyndaky dürli taýpa we millete degişli adamlar özüni şadyýan hem arkaýyn alyp barýardylar. Men muňa aňk-taňk boldum! Şonda men Hudaýyň ýüz görmeýändigine düşündim, sebäbi Injilde: «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändir» diýilýär (Resullaryň işleri 10:34, 35).

 Indi menem adamlary ala tutmaýaryn. Öňki ýigrenýän taýpalarymdan men gowy dostlar edindim. Hudaý maňa Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen adamlary söýmegi öwretdi».

Bambang dürli milletli adamlar bilen dostlaşyp, şatlyk tapýar

Zorlugy goýmak

 Garoga şeýle gürrüň berýär: «Men ýetginjek ýyllarym üç sapar türmede oturdym. Iki gezek ogrulyk üçin, bir gezek adamy rehimsiz pyçaklanym üçin. Soňra men jenaýatçylar toparyna goşulyp, köp adamlary öldürdim. Biraz wagtdan men ol toparyň ýolbaşçysy boldum. Biz adamlary gorkuzyp, olaryň pulyny alardyk we özümize gerekli maglumatlary bilerdik. Meniň janpenalarym hemişe ýanymda bolardy. Men zalym hem howply adamdym.

Garoga indi zalym adam däl; ol Hudaýyň Sözüniň mugallymy hökmünde tanalýar

 Bir gün men Injilden şeýle sözleri okadym: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir» (1 Korintoslylar 13:4, 5). Bu sözler maňa güýçli täsir etdi. Soňra men başga ýere göçdüm we Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ondaky maslahatlary durmuşymda ulanyp başladym.

 Indi men mylakatly adam. Men Hudaýyň Sözüniň mugallymy hökmünde tanalýaryn. Men bagtly we durmuşymdan razy».

Hudaýyň Sözi täsirli

 Şu we başga-da ençeme wakalar «Hudaýyň sözüniň diri hem täsirlidigini» subut edýär (Ýewreýler 4:12). Onda sada, peýdaly we ruhlandyryjy maslahatlar berilýär.

 Mukaddes Ýazgylar size-de kömek edip bilermi? Hawa, onuň kömegi arkaly siz dürli kynçylyklara döz gelip bilersiňiz. «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16, 17).

 Häzir bolsa, geliň, Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlarynyň käbirine seredeliň.