Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-nji sapak

Hudaýyň dostlary ýamanlyk etmekden gaçýarlar

Hudaýyň dostlary ýamanlyk etmekden gaçýarlar

Şeýtan adamlary ýamanlyk etmäge höweslendirýär. Kim Hudaýyň dosty bolasy gelýän bolsa, Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny ýigrenmelidir (Zebur 97:10). Hudaýyň dostlary şu zatlary etmekden gaça durýar, meselem:

Jyns ahlaksyzlyga degişli günäler. «Zyna etme» (Çykyş 20:14). Şeýle hem, nikalaşmakdan öň jyns gatnaşygyna girmek nädogrudyr (1 Korintoslylar 6:18).

Arakkeşlik. «Hudaýyň Patyşalygyny... arakkeşler... miras almaz» (1 Korintoslylar 6:10).

Öldürmeklik, abort [çaga aýyrtmaklyk]. «Öldürme» (Çykyş 20:13).

Ogrulyk. «Ogurlama» (Çykyş 20:15).

Ýalan söz. Ýehowa «ýalançy dili» ýigrenýär (Süleýmanyň Tymsallary 6:17).

Zorluk we gany gyzmaklyk. «[Ýehowa] erbet adamy, zorlugy söýýäni ýigrenýändir» (Zebur 11:5). «Ten işleri [şol sanda]... gahar, jenjel» (Galatýalylar 5:19, 20).

Humarly oýunlar. «Ýöne men size... biri... açgöz... bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy... ýazýaryn» (1 Korintoslylar 5:11).

Jyns taýdan ýa-da milleti sebäpli ýigrenmeklik. «Duşmanlaryňyzy [goýman] söýüň... sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» (Matta 5:43, 44).

Hudaýyň bize aýdýan zatlary biziň öz bähbidimiz üçin gereklidir. Erbet işlerden her gezek gaçmak aňsat däldir. Ýehowanyň we Onuň Güwäleriniň kömegi bilen sen, Hudaýy gynandyrýan işlerden gaça durup bilersiň. (Işaýa 48:17; Filipililer 4:13; Ýewreýler 10:24, 25).