Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-nji sapak

Hudaýyň ömürbaky dosty bol!

Hudaýyň ömürbaky dosty bol!

Dost gazanmak üçin tagallalar gerek; ýöne dostlugy saklamak üçin hem tagallalar gerekdir. Hudaý bilen dost bolmakda we dostlugy saklamakda tagallalaryň örän bereketlener. Isa, Oňa ynanýanlara: «Hakykat sizi azat eder» diýdi» (Ýahýa 8:32). Bu nämäni aňladýar?

Sen azatlyga eýýäm şu wagt şatlanyp bilersiň. Sen, Şeýtanyň ýaýradýan ýalan öwretmelerinden we aldawyndan boşap bilersiň. Sen, millionlarça Ýehowany tanamaýan adamlaryň durmuşyny doldurýan tamasyzlykdan boşap bilersiň (Rimliler 8:22). Hudaýyň dostlary hatda «ölüm gorkusyndan» hem azatdyr (Ýewreýler 2:14, 15).

Sen azatlyga Hudaýyň täze dünýäsinde-de şatlanyp bilersiň. Gelejekde seniň alyp biljek azatlygyň gör nähili ajaýyp! Ýer ýüzündäki Jennetde uruşlardan, kesellerden we jenaýatçylykdan azatlyk bolar. Garyplykdan we açlykdan azatlyk. Garramaklykdan we ölümden azatlyk. Gorkudan, ezmeklikden we adalatsyzlykdan azatlyk. Mukaddes Ýazgylar Hudaý barada: «Eliňi açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýarsyň» diýýär (Zebur 145:16).

Hudaýyň dostlary ebedi ýaşarlar. Ebedi ýaşaýyş — bu, Hudaýyň, Onuň bilen dostlugy agtarýanlaryň hemmesine berjek gymmatly sowgadydyr (Rimliler 6:23). Soňsuz ýaşaýşyň seniň üçin nämedigi barada bir göz öňüňe alyp gör!

Seniň köp zatlar etmek üçin wagtyň bolar. Mümkin, sen saz guralynda çalmany öwrenesiň gelýändir. Ýa-da sen surat çekmäni, ýa agaç ussaçylyk hünärini öwrenmäge isleýärsiň. Mümkin, seniň haýwanlar ýa-da ösümlikler barada köpräk bilesiň gelýändir. Belki, seni syýahat etmäge çekýändir we sen her dürli ýurtlary hem halklary göresiň gelýändir. Ebedi ýaşaýyş bu zatlaryň hemmesi bolar ýaly eder!

Seniň, köp dost gazanar ýaly wagtyň bolar. Ebedi ýaşaýyş, Hudaýyň dosty bolanlaryň köpüsini tanamak üçin mümkinçilik berer. Sen olaryň zehini we aýratynlyklary barada bilersiň, we olar hem seniň dostlaryň bolar. Sen olary söýersiň, olar hem seni söýerler (1 Korintoslylar 13:8). Tükeniksiz ýaşaýyş saňa, ýer ýüzündäki hemme adamlaryň dosty bolmaga mümkinçilik berer! Emma has-da gowusy, asyrlar dowamynda seniň Ýehowa bilen dostlugyň gitdigiçe güýçlener. Indi, Hudaýyň ömürbaky dosty bol!