10-njy sapak
Hakyky dini nädip tapmaly?
Hudaýyň dosty bolasyň gelýän bolsa, sen Hudaýyň makullaýan dinini saklamaly. Isa, «hakyky sežde edijiler» Hudaýa «hakykat» bilen baglylykda sežde ederler diýdi (Ýahýa 4:23, 24). Hudaýa sežde etmek üçin diňe bir dogry usul bar (Efesliler 4:4—6). Hakyky din ebedi ýaşaýşa eltýär, ýalan din bolsa ölüme eltýär (Matta 7:13, 14).
Sen hakyky dini, ony saklaýan adamlara syn etseň, anyklap bilersiň. Ýehowa — ýagşy Hudaý bolany sebäpli, Onuň hakyky sežde edijileri ýagşylyk edýän adamlar bolmaly. Gowy pyrtykal agajynyň miwesi — gowy pyrtykal bolşy ýaly, hakyky diniň miwesi hem — gowy adamlar (Matta 7:15—20).
Hudaýyň dostlary Mukaddes Ýazgylary çuňňur sylaýarlar. Olar, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdan gelendigini bilýärler. Olar, onda ýazylan zatlaryň öz durmuşyna ýolbaşçylyk etmegine, aladalaryny çözmäge we Hudaý barada bilim almaga kömek etmegine ýol berýärler (2 Timoteos 3:16, 17). Olar wagyz edýän zatlaryna görä bolmakda gaýrat edýärler.
Ýehowanyň dostlary biri-birine söýgi bildirýärler. Isa adamlara söýgüsini, Hudaý barada öwretmek we keselleri sagaltmak bilen bildirýärdi. Hakyky dini saklaýanlar hem başgalara söýgi bildirýärler. Isa ýaly, olar hem garyp adamlara ýa-da başga milletiň adamlaryna ulumsylyk bilen garamaýarlar. Isa, adamlar onuň şägirtlerini, olaryň biri-birine bildirýän söýgüsinden tanarlar diýdi (Hudaýyň dostlary Hudaýyň adyna — Ýehowa — hormat goýýarlar. Eger biri seniň adyňy tutup çagyrmakdan boýun gaçyrsa, ol seniň golaý dostuň bolup bilermi? Ýok! Eger biziň dostumyz bar bolsa, biz onuň adyny tutýarys we başgalara ol barada gowy zatlary aýdýarys. Şeýlelikde, Hudaýyň dosty bolasy gelýänler hem Hudaýyň adyny tutmaly we Ol barada başgalara-da aýtmaly. Ýehowa biziň şeýtmegimizi isleýär (Matta 6:9; Rimliler 10:13, 14).
Hudaýyň dostlary, Isa ýaly, adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärler. Hudaýyň Patyşalygy — bu, ýer ýüzüni Jennete öwürjek göklerdäki hökümet. Hudaýyň dostlary, Hudaýyň Patyşalygy baradaky bu şatlykly habary başgalar bilen paýlaşýarlar. (Matta 24:14).
Ýehowanyň Güwäleri — Hudaýyň dosty bolmakda dyrjaşýarlar. Olar Mukaddes Ýazgylara hormat goýýarlar we olaryň bir-birlerine söýgüsi bar. Şeýle hem olar Hudaýyň adyna hormat goýýarlar we ony ulanýarlar, we başgalara-da Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärler. Bu gün ýer ýüzünde hakyky dini Ýehowanyň Güwäleri saklaýar.