9-njy sapak
Hudaýyň dostlary. Olar kim?
Isa Mesih — Hudaýyň Ogly we Onuň iň ýakyn, gadyrly dosty. Adam bolup ýer ýüzüne gelmezinden öň, Isa güýçli ruhy ýaradylyşdy [perişde] we gökde ýaşaýardy (Ýahýa 17:5). Soňra ol, adamlara Hudaý barada hakykaty öwretmek üçin ýer ýüzüne geldi (Ýahýa 18:37). Şeýle hem, gulak asýan adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin, Isa öz adam janyny berdi (Rimliler 6:23). Indi Isa — ýer ýüzüni Jennete öwürjek Hudaýyň Patyşalygynyň, ýagny göklerdäki hökümetiň Patyşasy (Ylham 19:16).
Perişdeler hem Hudaýyň dostlary. Perişdeler adam bolup ýerde ýaşamadylar. Olary Hudaý, ýeri ýaratmazyndan öň gökde ýaratdy (Eýýup 38:4—7). Millionlarça perişde bar (Daniýel 7:10). Hudaýyň göklerdäki şol dostlary, adamlaryň Ýehowa barada hakykaty bilmegini isleýärler (Ylham 14:6, 7).
Hudaýyň dostlary ýerde-de bar, Ol olary güwälerim diýip atlandyrýar. Sud bolanda, güwä ol-bu barada bilýän zatlaryny aýdýandyr. Ýehowanyň Güwäleri-de başgalara Ýehowa we Onuň niýetleri barada bilýän zatlaryny aýdýarlar (Işaýa 43:10). Perişdeler ýaly, Ýehowanyň Güwäleri saňa Ýehowa barada hakykaty bilmäge kömek etjek bolýarlar. Olar seniň hem Hudaýyň dosty bolmagyňy isleýärler.