5-nji sapak
Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar
Jennet, biziň şu wagtky ýaşaýan dünýämize meňzemez. Hudaý hiç haçan dünýä betbagtlykdan, gynançdan, agyrydan we horlukdan dolsun diýip islemeýärdi. Gelejekde Hudaý ýeri Jennete öwrer. Şol Jennet nähili bolar? Geliň, Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyny göreliň:
Gowy adamlar. Jennet Hudaýyň dostlarynyň öýi bolar. Olar biri-birine diňe ýagşylyk ederler. Olar Hudaýyň dogruçyl ýollary bilen baglylykda ýaşarlar (Süleýmanyň Tymsallary 2:21).
Iýmit bolçulygy. Jennetde açlyk bolmaz. Mukaddes Ýazgylar ýer ýüzünde iýmit «bol bolar» diýýär (Zebur 72:16).
Ajaýyp jaýlar we göwne ýaraýan iş. Ýer ýüzündäki Jennetde her maşgalanyň öz jaýy bolar. Her kim şatlyk getirýän iş bilen meşgullanar (Işaýa 65:21—23).
Bütin dünýäde parahatlyk. Adamlar indi söweşmezler we uruşlarda wepat bolmazlar. Hudaýyň Sözünde: «[Hudaý] uruşlary togtadýar [bes etdirer]» diýilýär (Gowy saglyk. Mukaddes Ýazgylar wada berýär: «[Jennetdäki] ýaşaýjylaryň biri hem „men kesel“ diýmez» (Işaýa 33:24, ST). Agsaklar, körler, kerler we lallar bolmaz (Işaýa 35:5, 6).
Agyry, gynanç we ölüm ýok bolar. Hudaýyň Sözünde aýdylýar: «Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4).
Zalym adamlar bolmaz. Ýehowa: «Erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular» diýip wada berýär (Süleýmanyň Tymsallary 2:22).
Adamlar bir-birlerini söýerler we sylarlar. Indi adalatsyzlyk, ezme, açgözlülik we ýigrenç bolmaz. Adamlarda agzybirlik bolar, olar Hudaýyň dogruçyl ýollary bilen sazlaşykda ýaşarlar (Işaýa 26:9).