Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI SAPAK

Hudaýyň guramasy näme üçin gerek?

Hudaýyň guramasy näme üçin gerek?

1. Hudaý näme üçin gadymy ysraýyl halkyny saýlady?

Allatagala Ybraýym pygamberiň neslinden bir halk döretdi we olara kada-kanunlaryny berdi. Ol bu halka «Ysraýyl» diýip at berdi we olara hakyky seždäni hem-de Öz Sözüni goramagy tabşyrdy (Zebur 147:19, 20). Şol sebäpli ähli milletler ysraýyl halkynyň üsti bilen köp bereketleriň eýesi bolup bilýärdiler. Gelip çykyş 22:18-i okaň.

Hudaý ysraýyl halkyny Özi hakda şaýatlyk etmek üçin saýlady. Gadymy Ysraýylyň taryhyndan görnüşi ýaly, Hudaýyň kanunlaryna tabyn bolýan adam ençeme bereketler alýardy (Kanun taglymaty 4:6). Bu halkyň ýaşaýşyna syn edýän başga halklar hak Hudaýy tanap bilýärdiler. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz“... Reb diýýär: „Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym“» (Işaýa 43:10, 12).

2. Hudaý näme üçin mesihçiler ýygnagyny döretdi?

Wagtyň geçmegi bilen, ysraýyl halky Hudaýyň merhemetinden mahrum boldy. Ýehowa bu halkdan ýüz öwrüp, mesihçiler ýygnagyny döretdi (Matta 21:43; 23:37, 38). Häzir Ýehowa hakda ysraýyllylar däl-de, mesihçiler güwälik edýärler. Resullaryň işleri 15:14, 17-nji aýatlary okaň.

Isa şägirtlerine ähli milletlere wagyz edip, şägirt taýýarlamagy tabşyrdy (Matta 10:7, 11; 24:14; 28:19, 20). Häzirki zalym dünýäniň soňky günlerinde bu iş uly möçberde alnyp barylýar. Adamzat taryhynda Ýehowa ilkinji gezek ähli milletden bolan millionlarça adamlary Özüne sežde etmek üçin ýygnaýar (Ylham 7:9, 10). Mesihçiler birek-biregi ruhlandyrmak we goldamak üçin guramaçylykly hereket edýärler. Dünýäniň ähli künjegindäki ýygnaklarda mesihçilere Mukaddes Ýazgylara esaslanan birmeňzeş görkezme berilýär. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň.

3. Ýehowanyň Şaýatlarynyň häzirki taryhy haçan başlandy?

1870-nji ýyllarda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçi topary Hudaýyň Sözüni ünsli öwrenip başladylar. Olar Isanyň mesihçiler ýygnagyny döredendigine we ol arkaly wagyz işini ýola goýandygyna düşündiler. Şondan soň Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýyň Patyşalygy barada bütin dünýäde wagyz edip başladylar. 1931-nji ýylda olar Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, özlerine «Ýehowanyň Şaýatlary» diýen ady aldylar. Resullaryň işleri 1:8; 2:1, 4; 5:42-i okaň.

4. Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy nädip hereket edýär?

I asyrda Isa ähli ýygnaklara ýolbaşçylyk maslahaty arkaly gözegçilik edýärdi. Bu ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary tejribeli ýaşululardan ybaratdy (Resullaryň işleri 16:4, 5). Şu günlerem bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlaryna tejribeli ýaşululardan ybarat bolan Ýolbaşçylyk maslahaty gözegçilik edýär. Olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň filiallarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýärler. Bu filiallarda Hudaýyň Sözüne esaslanan edebiýatlar 600-den gowrak dillere terjime edilýär, çap edilýär we olary adamlara paýlamagyň aladasy edilýär. Şeýdip, Ýolbaşçylyk maslahaty 100 müňden gowrak mesihçiler ýygnagynyň aladasyny edýär we olara Mukaddes Ýazgylara esaslanan görkezmeleri berýär. Bu ýygnaklaryň her birinde tejribeli adamlar ýaşulular, ýagny gözegçiler bolup gulluk edýärler. Olar Hudaýyň sürüsiniň söýgi bilen aladasyny edýärler. 1 Petrus 5:2, 3-nji aýatlary okaň.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işini alyp barýar. Olar Isa pygamberiň resullarynyň göreldesine eýerip, öýden-öýe wagyz edýärler (Resullaryň işleri 20:20). Şeýle-de olar hakykaty bilmek isleýän adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlary diňe bir gurama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, agzybir maşgala bolup ýaşaýarlar. Olaryň gökde söýgüden doly Atasy bar. Olar dogan-uýalar hökmünde, biri-biriniň aladasyny edýärler (2 Selanikliler 1:3). Ýehowanyň gullukçylary Onuň islegini ýerine ýetirmek we başga adamlara kömek etmek üçin guramaçylykly hereket edýärler. Şeýlelikde, olar ýer ýüzünde iň bagtly maşgala bolup ýaşaýarlar. Zebur 33:12; Resullaryň işleri 20:35-i okaň.