Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Çepde: Bir dogan Eýndhowende wagyz edip ýörkä, tussag edilýär (Niderland) 1945-nji ýyl. Sagda: Siziň ýurduňyzda wagyz etmäge kanun taýdan rugsat berilýärmi?

4-NJI BÖLÜM

Patyşalygyň ýeňişleri — Hoş habary kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanmak

Patyşalygyň ýeňişleri — Hoş habary kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanmak

SIZ öýden-öýe wagyz edip ýörkäňiz, bir maşyn gelip durýar-da, ondan polisiýa işgäri düşýär. Ol siziň ýanyňyza gelip: «Öýme-öý aýlanyp, wagyz edip ýören siziň ikiňiz dälmi? Siziň üstüňizden bize arz etdiler» diýýär. Şonda siz oňa hormat bilen jogap berip, özüňiziň Ýehowanyň Şaýatlarydygyňyzy aýdýarsyňyz. Soňra näme bolýar?

Bu, esasan, siziň ýurduňyzyň taryhyna bagly bolar. Geçen ýyllarda siziň ýurduňyzyň hökümeti Ýehowanyň Şaýatlaryna nähili garaýardy? Häzir siziň ýaşaýan ýeriňizde din azatlygy barmy? Eger bar bolsa, onda ençeme ýyllaryň dowamynda «hoş habary gorap, kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanmaga» jan eden imandaşlaryňyz öwgä mynasyp (Flp. 1:7). Siz nirede ýaşasaňyz-da, Ýehowanyň Şaýatlarynyň kanun taýdan gazanan üstünlikleri barada bilseňiz, imanyňyzy berkidersiňiz. Biz şu bölümde olaryň käbirine serederis. Gazanylan ýeňişler Patyşalygyň, hakykatdanam, höküm sürýändigini subut edýär, çünki biz öz güýjümiz bilen şeýle köp üstünliklere ýetip bilmezdik!

ŞU BÖLÜMDE:

13-NJI BAP

Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar

Şu günler ýokary kazyýetlerdäki käbir kazylar gadymy döwürde ýaşan Kanunyň mugallymy Gamaliýeliň garaýşyna eýerýär.

14-NJI BAP

Diňe Hudaýyň hökümetine wepaly bolýarys

Syýasy meselelerde bitaraplygyny saklaýandygy üçin, Ýehowanyň Şaýatlarynyň üstünden inen yzarlamalaryň «derýasyny» garaşylmadyk zat ýuwudýar.

15-NJI BAP

Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris

Hudaýyň halky kanuna, ýagny Hudaýyň Patyşalygynyň kanunyna görä ýaşamak hukugy ugrunda göreşýär.