14-NJI BAP
Diňe Hudaýyň hökümetine wepaly bolýarys
1, 2. a) Isanyň şägirtleri häzire çenli haýsy prinsipe eýerýär? b) Duşmanlar nädip bizden üstün çykmaga synanyşdylar we netijesi nähili boldy?
ISA MESIH ýehudylaryň iň güýçli kazysy Pilatusyň öňünde durýar. Şonda ol şägirtleriniň häzire çenli eýerýän bir wajyp prinsipini aýdýar. Isa: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl. Patyşalygym şu dünýäden bolan bolsady, onda şägirtlerim meni ýehudylaryň eline bermejek bolup göreşerdiler. Ýöne patyşalygym bu ýerden däl» diýdi (Ýahýa 18:36). Pilatus Isany jezalandyrdy, emma bu ýeňiş wagtlaýyndy. Sebäbi Isa direldi. Güýçli Rim imperiýasynyň imperatorlary Isanyň şägirtlerini ýok etmek üçin elinde baryny etseler-de, bu başa barmady. Mesihçiler şol döwürde Patyşalyk baradaky habary ýeriň ähli künjeginde wagyz etdiler (Kol. 1:23).
2 1914-nji ýylda Patyşalyk berkarar edilensoň, harby güýçleriň käbiri Hudaýyň halkyny bütinleý ýok etmek isledi. Emma olaryň hiç biri bizi ýeňip bilmedi. Hökümetleriň we syýasy guramalaryň köpüsi bizi öz dawalaryna goşmaga synanyşsa-da, biziň aramyzda bölünişik döredip bilmediler. Şu günler Patyşalygyň raýatlary her ýurtda diýen ýaly bar. Muňa garamazdan, biz bütindünýä doganlygymyz bilen agzybir ýaşap, dünýäniň syýasy meselelerinde doly bitaraplygymyzy saklaýarys. Biziň agzybirligimiz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini we Patyşa Isa Mesihiň öz raýatlaryna ýolbaşçylyk edip, olary arassalaýandygyny hem-de goraýandygyny subut edýär. Geliň, Isanyň muny nädip edýändigine we dünýäniň işlerine goşulmaýan şägirtlerine kanun taýdan beren ýeňişleriniň käbirine seredip, imanymyzy berkideliň (Ýahýa 17:14).
Wajyp mesele
3, 4. a) Patyşalyk berkarar edilende nähili wakalar boldy? b) Hudaýyň halky bitaraplygy saklamak meselesine hemişe doly düşünýärdimi? Düşündiriň.
3 Patyşalyk berkarar edilensoň, gökde uruş turdy we Şeýtan ýer ýüzüne zyňyldy (Ylham 12:7—10, 12-nji aýatlary okaň). Soňra ýer ýüzünde-de uruş turup, Hudaýyň halkynyň wepalylygy synaldy. Ýehowanyň gullukçylary Isanyň göreldesine eýerip, bu dünýäden bolmazlygy berk ýüregine düwüpdiler. Emma olar, ilkibada, syýasy meselelere näderejede goşulmaly däldigine doly düşünmeýärdiler.
4 Mysal üçin, 1904-nji ýylda çap edilen «Müňýyllygyň şapagy» atly kitabyň VI tomunda a mesihçiler urşa gatnaşmazlyga höweslendirildi. Şol kitapda aýdylmagyna görä, eger mesihçini harby gulluga çagyrýan bolsalar, ol söweşe gatnaşmaýan bölüme düşjek bolmalydy. Emma bu başa barmasa we dogany urşa iberseler, ol adam öldürmeli däldi. 1905-nji ýylda suwa çümdirilen, Beýik Britaniýada ýaşaýan Gerbert Sinor dogan şol kyn döwür barada şeýle belläp geçýär: «Harby gulluga gitmek we söweşe gatnaşmaýan bölümde gulluk etmek babatda anyk görkezme berilmändigi üçin, doganlar nähili hereket etjekdigini bilmeýärdiler».
5. 1915-nji ýylda düşünjämiz nädip aýdyňlaşyp başlady?
5 1915-nji ýylda bu mesele babatda düşünjämiz aýdyňlaşyp başlady. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda «Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek» atly kitapda berlen maslahatlar babatda şeýle diýildi: «Eýsem, biz bu işlere goşulsak, dini ynançlarymyzdan ýüz öwürdigimiz bolmazmy?» Emma esgerleriň geýimini geýmekden we harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýandygy üçin, mesihçä ýarag çenäp gorkuzsalar näme? Bu babatda makalada şeýle diýildi: «Parahatlyk Şazadasyna wepaly bolup, onuň buýrugyna gulak asýandygymyz üçin ölenimiz gowumy ýa-da ýerdäki patyşalar üçin zähmet çekip, olary goldamak bilen, gökdäki Patyşamyzyň taglymatlaryna garşy çykyp, heläk bolanymyz gowy? Biz bularyň birinjisini, ýagny gökdäki Patyşamyza wepaly bolanymyz üçin ölmegi saýlaýarys». Makalada şeýle çürt-kesik sözler bolsa-da, onuň ahyrynda: «Biz bu ýoly saýlamaga hiç kimi mejbur etmeýäris. Biz ony diňe maslahat berýäris» diýildi.
6. Gerbert Sinor doganyň mysalyndan näme öwrenýäris?
6 Doganlaryň köpüsi bu görkezmä gowy düşünip, berk durdular. Ýokarda agzalan Gerbert Sinor dogan: «Meniň üçin oklary gämiden düşürmegem (söweşe gatnaşmaýan bölüm), olary tüpeňleriň içine salmagam (söweşe gatnaşýan bölüm) şol bir zatdy» diýýär (Luka 16:10). Harby gulluga gitmekden ýüz öwrendigi üçin, Sinor dogany türmä basýarlar. Onuň bilen başga-da 4 dogan dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyryp, Riçmond şäherindäki (Beýik Britaniýa) türmede oturan 16 adamyň sanawyna girýärdi. Olaryň arasynda başga dine uýýan adamlaram bardy. Olaryň ählisi berlen möhletiň bir bölegini şol türmede geçirýärler. Soňra bu tussaglary gizlinlikde Fransiýadaky söweşe iberýärler we ol ýerde atuw jezasyny berýärler. Olary atmak üçin hatara duruzsalar-da, öldürmeýärler we atuw jezasyna derek olaryň on ýyl türmede oturmalydygyny aýdýarlar.
7. II Jahan urşy başlamanka, Hudaýyň halky nämä düşünýärdi?
7 II Jahan urşy başlamanka, Ýehowanyň gullukçylary bitaraplygy saklamak meselesine we Isanyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidiklerine eýýäm doly düşünýärdiler (Mat. 26:51—53; Ýahýa 17:14—16; 1 Pet. 2:21). Mysal üçin, 1939-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda «Bitaraplyk» atly wajyp makala çap edildi. Onda: «Ýehowa bilen äht baglaşan halkyň häzir eýermeli prinsipi — bir-biri bilen söweşýän milletler babatda doly bitaraplygy saklamak» diýildi. Nýu-Ýorkyň Bruklin şäherindäki baş edaramyzda gulluk eden Saýmon Kreýker dogan şol makala babatda şeýle diýýär: «Men Hudaýyň halkynyň hatda uruş döwründe-de her bir adam bilen parahatlygy saklamalydygyna düşündim». Öz wagtynda berlen şol ruhy iýmit Hudaýyň halkyny görlüp-eşidilmedik synaglara öňünden taýýarlap, Patyşalyga wepaly galmaga kömek etdi.
Yzarlamalaryň «derýasy»
8, 9. Ýahýa resulyň pygamberligi nädip ýerine ýetdi?
8 Ýahýa resul Hudaýyň Patyşalygyny goldaýanlary ýok etmek üçin aždarha Şeýtan Iblisiň göçme manyda agzyndan derýa ýaly suw akdyrjakdygyny pygamberlik etdi. Bu 1914-nji ýylda Patyşalyk berkarar edilensoň bolmalydy b (Ylham 12:9, 15-nji aýatlary okaň). Ýahýanyň bu pygamberligi nädip ýerine ýetdi? 1920-nji ýyllarda Hudaýyň halky güýçli garşylyklara sezewar boldy. II Jahan urşy döwründe Demirgazyk Amerikada doganlaryň köpüsi Hudaýyň Patyşalygyna wepaly bolýandygy üçin türmä basyldy. Olaryň arasynda Kreýker doganam bardy. Şol döwürde dini ynançlary sebäpli urşa gitmändigi üçin ABŞ-nyň türmelerinde oturan tussaglaryň üçden iki böleginden gowragy Ýehowanyň Şaýatlarydy.
9 Iblis we onuň ýaranlary Hudaýyň Patyşalygynyň bütin dünýädäki raýatlaryny aýypsyz galdyrmajak bolup elinde baryny etdiler. Doganlarymyz Afrikanyň, Ýewropanyň we ABŞ-nyň kazyýetleriniň öňünde durmaly boldular. Bitaraplygyny saklandygy üçin, olary tussag etdiler, ýençdiler we maýyp etdiler. Germaniýadaky dogan-uýalar «Haýl Gitler!» diýmekden boýun gaçyrýandygy we urşa gitmeýändigi üçin, zalym garşylyklara duçar boldular. Nasizm döwründe takmynan 6 müň sany Şaýady konslagerlere iberdiler we Germaniýadaky hem-de başga ýurtlardaky dogan-uýalaryň 1 600-den gowragy duşmanlarynyň elinden öldüler. Emma Şeýtan Hudaýyň halkyna düzedip bolmajak zeper ýetirip bilmedi (Mar. 8:34, 35).
«Ýer» «derýany» ýuwudýar
10. «Ýer» nämäni aňladýar we ol nädip Hudaýyň halkynyň tarapyny tutdy?
10 Ýahýa resulyň pygamberliginde «ýeriň», ýagny Şeýtanyň dünýäsindäki käbir paýhasly hökümdarlaryň yzarlamalaryň «derýasyny» ýuwdup, Hudaýyň halkyna kömek etjekdigi barada aýdylýar. Bu pygamberlik nädip ýerine ýetýär? II Jahan urşundan soňky ýyllarda «ýer» köplenç Mesihi Patyşalygy goldaýanlaryň tarapyny tutýardy (Ylham 12:16-ny okaň). Mysal üçin, köp kazyýetler Ýehowanyň Şaýatlarynyň harby gulluga gitmekden boýun gaçyrmak we watanperwerlik dabaralaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmek hukugyny gorady. Geliň, ilki, Ýehowanyň öz halkyna harby gulluga gitmek meselesi babatda beren ýeňişleriniň käbirine seredeliň (Zeb. 68:20).
11, 12. Sikurella bilen Flimmenos dogan nähili kynçylyga duş geldi we netijesi nähili boldy?
11 ABŞ. Entoni Sikurella 6 çagaly Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp-ösdi. Ol 15 ýaşynda suwa çümdürilýär we 21 ýaşyndaka dindar adam hökmünde harby hasabata durýar. Şondan iki ýyl geçensoň, 1950-nji ýylda ol hukuk ýagdaýynyň üýtgedilmegini hem-de ony dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýanlaryň sanawyna goşmaklaryny haýyş edýär. Federal derňew býurosynyň hasabatynda muňa hiç hili garşylyk bildirilmese-de, Adalat ministrligi onuň haýyşyny kabul etmeýär. Sikurella doganyň işine birnäçe kazyýetde seredilensoň, ABŞ-nyň Ýokary kazyýetine geçirilýär. Ýokary kazyýet Sikurella doganyň bähbidine karar çykaryp, aşaky kazyýetiň kararyny ýatyrýar. Bu karar dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýan ABŞ-nyň beýleki raýatlaryna-da kömek etdi.
12 Gresiýa. 1983-nji ýylda Iakowos Flimmenos esgerleriň geýimini geýmekden boýun gaçyrandygy üçin, ýokary häkimiýetlere tabyn bolmazlykda aýyplanyp, türmä basylýar. Ol boşadylansoň, hasapçylyk käri boýunça işe girjek bolýar, emma öň kazyýete çekilendigi üçin, onuň arzasyny yzyna gaýtarýarlar. Ol bu babatda kazyýete arz edýär we Gresiýanyň döwlet kazyýetleriniň hiç biri gowy netije bermänsoň, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine (ÝEAHBK) ýüz tutýar. 2000-nji ýylda şol kazyýetiň Uly palatasynda 17 kazydan ybarat topar doganyň bähbidine karar kabul edýär. Bu karar hukuklary kemsidilýän başga adamlara-da kömek etdi. Şol wakadan öň Gresiýada 3 500-den gowrak doganyň bitaraplygyny saklandygy üçin türmede oturandygy barada kazyýete çekilenlik aýby bardy. Kazyýetiň biziň bähbidimize kabul eden kararyndan soň, Gresiýada şol doganlary jenaýatçylyk aýyplamalaryndan aklamak üçin kanun çykaryldy. Şeýle-de Gresiýanyň Konstitusiýasyna täzeden seredilende, birnäçe ýyl öň çykarylan kanun tassyklanyp, ýurduň raýatlaryna graždan gullugyny saýlamaga-da hukuk berildi.
13, 14. Biz Iwaýlo we Waan dogan bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?
13 Bolgariýa. 1994-nji ýylda 19 ýaşly Iwaýlo Stefanow dogan harby gulluga çagyrylýar. Ol harby gullukdan we harby gullukçylaryň gözegçiligi astynda söweşe gatnaşmaýan bölüme gitmekden boýun gaçyrýar. Şonda ony bir ýarym ýyl möhlet bilen türmä basýarlar. Emma ol bu karar babatda kazyýete arz edip, dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrmaga hukugynyň bardygyny aýdýar. Ahyry, onuň işi Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine geçirilýär. 2001-nji ýylda şol kazyýetde işe seredilmezinden öň, Iwaýlo dogan bilen ylalaşyk baglaşylýar. Bolgariýanyň hökümeti diňe bir Iwaýlo dogany türmeden boşatman, eýsem, ýurduň ähli raýatlaryna graždan gullugyny saýlamaga mümkinçilik berýär c.
14 Ermenistan. 2001-nji ýylda Waan Baýatýan dogan harby gulluk ýaşyna ýetýär d. Ol dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýar, emma döwlet kazyýetleriniň hiç biri onuň tarapyny tutmaýar. 2002-nji ýylyň sentýabr aýynda ony türmä basýarlar. Waan dogana iki ýarym ýyl berilse-de, ol 10 ýarym aýdan boşadylýar. Ol türmede oturan wagty Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetine arz edýär we kazyýet bu işe seretmäge razylaşýar. Emma 2009-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda şol kazyýet hem onuň garşysyna höküm çykarýar. Bu karar Ermenistanda şeýle kynçylyga duş gelýän doganlaryň bar umydyny puja çykaran ýaly görünýärdi. Muňa garamazdan, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetiniň Uly palatasy şol karara täzeden seredýär. 2011-nji ýylyň 7-nji iýulynda Waan doganyň bähbidine karar çykarylýar. Şonda ÝEAHBK adamyň dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrmagynyň pikir, wyždan we din azatlyk hukugy esasynda goralmalydygyny ilkinji gezek mälim etdi. Bu karar diňe bir Ýehowanyň Şaýatlarynyň däl, eýsem, Ýewropa geňeşliginiň agzasy bolan millionlarça adamlaryň hem hukugyny gorady e.
Watanperwerlik dabaralaryna gatnaşmak meselesi
15. Ýehowanyň gullukçylary watanperwerlik dabaralaryna gatnaşmakdan näme üçin boýun gaçyrýarlar?
15 Ýehowanyň gullukçylary Mesihi Patyşalyga wepalydygyny diňe bir harby gulluga gitmekden boýun gaçyrmak bilen däl, eýsem, watanperwerlik dabaralaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmek bilen hem görkezýärler. II Jahan urşy başlansoň, bütin ýer ýüzünde watansöýüjilik duýgusy has-da güýjedi. Köp ýurtlarda raýatlardan öz watanyna bolan wepadarlygyny subut etmek üçin, kasam we gimn aýtmagy hem-de baýdaga tagzym etmegi talap edip başladylar. Emma biz diňe Ýehowa wepaly bolýarys (Müs. çyk. 20:4, 5). Şol sebäpli biz güýçli garşylyklara duçar bolduk. Emma Ýehowa ýene-de «ýeri» ulanyp, yzarlamalaryň «derýasynyň» bu bölegini-de ýuwutdyrdy. Geliň, Ýehowanyň Isa Mesih arkaly bize beren ajaýyp ýeňişleriniň käbirine seredeliň (Zeb. 3:8).
16, 17. Lillian bilen Uilýam nähili kynçylyga duş geldi we olar bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
16 ABŞ. 1940-njy ýylda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde seredilen «Maýnerswill mekdep okrugy Gobaýtise garşy» diýen işde 9 kazynyň 8 sanysy Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy karar çykarýar. 12 ýaşly Lillian Gobaýtas f bilen onuň 10 ýaşly oglan jigisi Uilýam Ýehowa wepaly galmak isläp, baýdaga tagzym etmekden we kasam aýtmakdan boýun gaçyrýarlar. Şol sebäpli olary mekdepden çykarýarlar. Olaryň işine Ýokary kazyýetde seredilýär we kazyýet mekdebiň «milli agzybirligi» saklamak babatda eden hereketi Konstitusiýa laýyk gelýär diýip karar çykarýar. Bu karar gazaply hüjümleriň bolmagyna getirdi. Şaýatlaryň çagalarynyň köpüsi mekdepden çykaryldy, uly adamlar işini ýitirdi we dogan-uýalaryň birnäçesi köpçülikleýin topulmalardan ejir çekdi. ABŞ-nyň dini azatlyk baradaky kitabynda aýdylmagyna görä, «XX asyryň 1941—1943-nji ýyllarynda Amerikadaky Ýehowanyň Şaýatlary din sebäpli iň elhenç yzarlamalara duş geldiler» («The Lustre of Our Country»).
17 Emma Hudaýyň duşmanlarynyň ýeňşi uzaga çekmedi. 1943-nji ýylda Ýokary kazyýet Gobaýtasyň maşgalasynyň işine meňzeş başga bir işe seretdi. Bu iş «Günbatar Wirginiýa ştatynyň halk magaryfy Barnette garşy» diýip atlandyryldy. Şonda Ýokary kazyýet Ýehowanyň Şaýatlarynyň bähbidine karar çykardy. ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti hiç haçan öz çykaran kararyny şeýle gysga wagtyň içinde üýtgetmändi. Şondan soň ABŞ-da Ýehowanyň halkyna garşy edilýän aç-açan hüjümler dessine azaldy. Netijede, ABŞ-nyň ähli raýatlarynyň hukuklaryna has hormat goýlup başlandy.
18, 19. Pablonyň aýtmagyna görä, synagda berk durmaga oňa näme kömek etdi we Ýehowanyň gullukçylary onuň göreldesine nädip eýerip biler?
18 Argentina. 1976-njy ýylda baýdak galdyryş dabarasyna gatnaşmandygy üçin, 8 ýaşly Pablo bilen 7 ýaşly Ugo Barros hem mekdepden çykarylýar. Bir gezek mekdebiň direktory Pablony siltäp, kellesine urýar. Direktor oglanlaryň ikisinem sapakdan soň bir sagat alyp galyp, olary watanperwerlik dabaralaryna mejburlyk bilen gatnaşdyrjak bolýar. Pablo şol agyr synagy ýatlap: «Ýehowa maňa kömek etmedik bolsa, bu synaga döz gelip, aýypsyzlygymy saklap bilmezdim» diýýär.
19 Olaryň işine sereden kazy Pablo bilen Ugony kowmak babatda mekdebiň gelen kararyny makullaýar. Emma bu babatda Argentinanyň Ýokary kazyýetine arz edilýär. 1979-njy ýylda şol kazyýet: «Berlen temmi (mekdepden çykarmak) Konstitusiýadaky adamyň bilim almak hukugyna (14-nji madda) we hökümetiň öz raýatlaryny başlangyç bilim bilen üpjün etmek borjuna (5-nji madda) garşy gelýär» diýip, aşaky kazyýetiň kararyny ýatyrýar. Bu ýeňiş Şaýatlaryň 1 000-e golaý çagalaryna peýda berip, olaryň käbiriniň mekdepden çykarylmagynyň öňüni aldy. Pablo bilen Ugo ýaly çagalar bolsa, ýene-de öz mekdebine alyndy.
20, 21. Roel we Emili bilen bolan waka siziň imanyňyzy nädip berkidýär?
20 Filippin. 1990-njy ýylda 9 ýaşly Roel Embralinag g bilen onuň 10 ýaşly dogany Emili we beýleki Şaýatlaryň 65-den gowrak çagalary baýdaga tagzym etmändigi üçin mekdepden çykarylýar. Roel bilen Emiliniň kakasy Leonardo mekdep ýolbaşçylary bilen düşünişjek bolýar, emma hiç hili netije bermeýär. Ýagdaýlar gitdigiçe erbetleşensoň, Leonardo Ýokary kazyýete arz edýär. Emma Leonardonyň ne puly, ne-de kazyýetde onuň tarapyny tutjak aklawçysy bardy. Şol sebäpli ol maşgalasy bilen Ýehowadan görkezme sorap, gyzgyn doga edýär. Onuň çagalaryny bolsa kemsidip, üstünden gülýärdiler. Leonardonyň kanun taýdan bilimi bolmansoň, ol bu kazyýet işinde ýeňiş gazanmaga hiç hili umyt ýok diýip pikir edýärdi.
21 Emma indi ýagdaý üýtgeýär. Öň ýurduň abraýly kärhanalarynyň birinde aklawçy bolup işlän Felino Ganal dogan bu maşgalanyň tarapyny tutup, kazyýetde çykyş edýär. Ol şol işinden çykyp, Ýehowanyň Şaýady bolupdy. Ýokary kazyýetde Leonardonyň maşgalasynyň işine seredilende, kazyýet biragyzdan Şaýatlaryň bähbidine karar çykaryp, çagalary mekdepden kowmak baradaky buýruklary ýatyrýar. Şeýlelikde, Hudaýyň gullukçylaryny aýypsyz galdyrmajak bolýanlaryň niýeti ýene-de başa barmaýar.
Bitaraplygy saklamak agzybir bolmaga ýardam edýär
22, 23. a) Biz kanun taýdan şeýle köp ýeňişleri nädip gazandyk? b) Parahatlyk höküm sürýän bütindünýä doganlygymyz nämäni subut edýär?
22 Ýehowanyň halky kanun taýdan şeýle köp ýeňişleri nädip gazandy? Biz syýasatçylara täsir etmeýäris. Muňa garamazdan, ençeme ýurtlarda hem-de kazyýetlerde adalatly kazylar bizi duşmanlarymyzyň gazaply hüjümlerinden goraýarlar we Konstitusiýadaky hukuklaryň goralmagyna mümkinçilik döredýärler. Elbetde, bu ýeňişleri gazanmaga bize Isa Mesih kömek edýär (Ylham 6:2-ni okaň). Biz näme üçin kanun taýdan şeýle söweşleri alyp barýarys? Biziň maksadymyz döwlet kanunlaryny üýtgetmek däl-de, Patyşamyz Isa Mesihe hiç hili päsgelçiliksiz gulluk etmegi gazanmakdyr (Res. iş. 4:29).
23 Patyşa Isa Mesih syýasy dawalardan we ýigrençden doly dünýäniň işlerine goşulman, bitaraplygyny saklamaga jan edýän şägirtlerini patalaýar. Şeýtanyň biziň aramyzda bölünişik döretmek we üstümizden ýeňiş gazanmak üçin eden tagallalary puja çykdy. Hudaýyň Patyşalygy «söweşmegi öwrenmek» islemeýän millionlarça adamlary ýygnady. Parahatlyk höküm sürýän bütindünýä doganlygymyzyň özi hem hakyky gudrat bolup, Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändiginiň aýdyň subutnamasydyr! (Iş. 2:4).
a Bu toma «Täze ýaradylyş» hem diýilýär. Soňra «Müňýyllygyň şapagy» diýen köp tomly kitap «Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek» diýip atlandyryldy.
b Bu pygamberlik barada jikme-jik bilmek üçin, «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» diýen kitabyň (rus.) 27-nji babynyň 184—186-njy sahypalaryna serediň.
c Bu ylalaşyga görä, Bolgariýanyň hökümeti dini ynançlary sebäpli harby gulluga gitmekden boýun gaçyrýan raýatlaryna harby gullukçylaryň gözegçiligi astynda bolmadyk graždan gullugyna gitmäge mümkinçilik bermelidi.
d Waan doganyň işi barada köpräk bilmek üçin, «Garawul diňi» žurnalynyň (rus.) 2012-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan sanynyň 29—31-nji sahypalaryna serediň.
e 20 ýylyň içinde Ermenistanda 450-den gowrak ýaş doganlar türmä basyldy. 2013-nji ýylyň noýabrynda olaryň iň soňkusy boşadyldy.
f Kazyýet işinde familiýasy ýalňyş ýazylypdyr.
g Kazyýet işinde familiýasy «Ebralinag» diýip ýalňyş ýazylypdyr.