3-NJI BÖLÜM
Patyşalygyň düzgünleri — Hudaýyň dogrulygyny agtarmak
SOŇKY wagtlarda goňşyňyzyň sizi we maşgalaňyzy synlaýandygyny aňýarsyňyz. Ine, bir gün siz goňşyňyzyň öýüniň ýanyndan geçip barýarkaňyz, salamlaşmak üçin oňa eliňizi galdyrýarsyňyz. Ol hem size elini galdyrýar-da, ýanyna çagyrýar. Soňra ol: «Men sizden bir zat sorasam bolýarmy? Siz näme üçin başga adamlar ýaly däl?» diýýär. Siz ondan: «Siz nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?» diýip soraýarsyňyz. Şonda ol: «Siz Ýehowanyň Şaýatlary, şeýle gerek? Siz başgalar ýaly däl, beýleki dindäki adamlardan tapawutlanýarsyňyz, baýramçylyk bellemeýärsiňiz, syýasata we uruşlara goşulmaýarsyňyz. Hiç biriňiz çilim çekmeýärsiňiz. Siziň maşgalaňyz ahlak taýdan arassa ýaşaýan bolmaly. Siz näme üçin başgalardan beýle tapawutlanýarsyňyz?» diýýär.
Siz bu soragyň ýönekeýje jogabynyň bardygyna, ýagny Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolup ýaşaýandygymyz üçin başgalardan tapawutlanýandygymyza düşünýärsiňiz. Dogrudan-da, Patyşa Isa Mesih bizi hemişe arassalaýar. Ol bize öz yzyna eýermäge we zalym dünýäden tapawutlanmaga kömek edýär. Biz şu bölümde Ýehowanyň şöhraty üçin Mesihi Patyşalygyň Hudaýyň halkyny nädip ruhy we ahlak taýdan arassalandygyna hem-de has guramaçylykly bolmaga kömek edendigine serederis.
ŞU BÖLÜMDE:
11-NJI BAP
Ahlak taýdan arassalanmak — Hudaýyň mukaddesligini görkezýäris
1914-nji ýyldan bäri Hudaýyň halky Ezekiýel pygamberiň görnüşindäki ybadathananyň girelgesiniň we garawullaryň otagynyň manysyna has gowy düşünýär.
12-NJI BAP
«Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris
Mukaddes Ýazgylarda tertipsizlik sözüniň gapma-garşysyna tertip däl-de, parahatlyk sözi ulanylýar. Näme üçin? Munuň jogabynyň mesihçiler bilen nähili baglanyşygy bar?